MAKALA

Ronaldonyň 100-nji we 101-nji gollary

Düýnki oýnalan UEFA Milletler Ligasynyň duşuşyklarynda Portugaliýanyň ýygyndysy myhmançylykda Şwesiýany 2-0 hasabynda ýeňdi. Kubogyň häzirki eýesine ýeňiş getiren gollaryň ikisini hem toparyň super ýyldyzy Kristiano Ronaldo derwezä girizdi. Ol 45+1-nji hem-de 72-nji minutlarda tapawutlandy. Bu Ronaldonyň milli ýygyndynyň köýnekçesi bilen 100-nji hem-de 101-nji gollary boldy. Şunlukda, ol milli ýygyndyda 100 gol geçiren ilkinji ýewropaly futbolçy bolup, tutuş dünýäde-de eýranly Ali Daeiden soň, 2-nji futbolçy hökmünde taryha girdi. Ol 101 goly 165 oýunda geçirdi. Ronaldo ýene-de milli ýygyndyda 11 oýun, Ýewropada bolsa, 19 oýun oýnasa, Dünýäde iň köp milli ýygyndyda çykyş eden futbolçy bolar.

  • 32
  • 09.09.2020