MAKALA

Titan DS 4x4 kysymly bronetransporter

TITAN DS BAE-de ýerleşýän «Inkas Vehicles LLC» kompaniýasy tarapyndan işlenip düzülen tigirli sowutly ulaglaryň «Titan» maşgalasynyň soňky neslidir. Bu ulag 2019-njy ýylyň fewral aýynda Abu-Dabide geçirilen IDEX halkara goranyş sergisinde görkezildi. Täze awtoulag has gysga şassi we ýeňil agramly «Titan-D»-niň kämilleşdirilen görnüşidir.

«Titan DS»-de ulagy maglumat bilen üpjün etmek üçin, oňa ok geçirmeýän metaldan 360° töweregi görmek mümkinçilikli penjireleri bolan başnýa oturdylandyr. Başnýa 7.62 mm kalibrli ýa-da 12,7 mm kalibrli pulemýot bilen ýaraglanan. Şeýle hem ulag kiçi we orta kalibrli ýaraglary hem-de 40 mm granatomýoty özüne birikdirýän uzakdan dolandyrylýan söweş stansiýasy bilen enjamlaşdyrylandyr.

«Inkas Titan-DS»-iň ýerleşişi ýönekeý: hereketlendiriji öňünde, ekipažyň kabinasy ortada, desant bölümi bolsa yzda. Ulag 12 harby gullukçyny gatnatmaga ukyply.

«Titan-DS» «Dodge Ram F5500 Tradesman®» şassisine esaslanyp, oňa 6,7 litrlik «Cummins® I-6» turbo dizel hereketlendirijisi, 6 tizlikli AISIN® awtomatiki geçiriji korobka birikdirilen. Awtoulagyň iň ýokary tizligi sagatda 110 km.

  • 34
  • 09.09.2020