MAKALA

Sanly tehnologiýalaryň oňyn täsiri

Umumydünýä sanlylaşdyrmak ýörelgesi bilen aýakdaş bolmagy maksat edinýän Türkmenistan soňky ýyllarda ykdysadyýetini we durmuş ulgamyny sanlylaşdyrmak babatda meýilnamalaýyn düýpli işleri alyp barýar. Sanly ulgama üstünlikli geçmek üçin, ýurtda ygtybarly hukuk we maddy-enjamlaýyn binýat, zerur düzümler we şertler döredildi. 2020-nji ýylda döwletiň we jemgyýetiň ähli ulgamlaryny sanlylaşdyrmak hem-de umumy sanly gurşawy döretmek boýunça işler has-da çaltlandyryldy.

Döwlet Baştutanymyzyň «Türkmenistanda elektron resminamalar dolanyşygy ulgamyny we internet web-saýtlary döretmek we işe girizmek hakynda» gol çeken Kararyna laýyklykda, ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimliklerine, guramaçylyk-hukuk görnüşine garamazdan, edaralara, kärhanalara we guramalara hem-de telekeçilik işi bilen meşgullanýan ýuridik şahslara, hususy telekeçilere elektron resminama dolanyşygy ulgamyny, web-saýtlary bellenen tertipde döretmek, şeýle hem olaryň 2021-nji ýylyň ýanwar aýyna çenli herekete girizilmegini we yzygiderli döwrebaplaşdyrylyp durulmagyny üpjün etmek tabşyryldy.

Pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň önümçilik işini awtomatlaşdyrmak, hasaba almak we hasaby ýöretmek boýunça ýerine ýetirilýän işleri ýeňilleşdirmek, şeýle hem raýatlar üçin amatlyklary döretmek we elektron hyzmatlar ulgamyny kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň e.gov.tm bir bitewi döwlet saýty döredildi. 2020-nji ýylyň fewral aýynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabatda we welaýatlarda IT-merkezlerini döretmek üçin ABŞ-nyň 10 million dollary möçberindäki serişdäniň bölünip berilýändigini yglan etdi.

Şeýle giň gerimli sanly ulgama geçmek boýunça amala aşyrylýan çäreler milletiň täze paýhasly, hemmetaraplaýyn ösen, häzirki zamanyň ýokary tehnologiýalaryny işjeň özleşdirmäge ukyply nesilleriň kemala getirilmegini talap edýär. Sanly eýýamyň ýaşlary diňe bir dünýäniň ösen tehnologiýalaryny içgin öwrenmek we özleşdirmek bilen çäklenmän, eýsem IT-hünärmenleriniň hem-de maksatnama üpjünçiligini işläp taýýarlaýjylaryň milli mekdebiniň döredilmeginiň we döwletiň ähli ulgamlarynyň täzeçil işlemeginiň hereketlendiriji güýji bolup hyzmat etmelidir.

«Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny» ýerine ýetirmegiň çäklerinde birnäçe möhüm işler amala aşyryldy. Ýurduň ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň bilim portallaryny döretmek, sanly bilimiň esasyny düzjek elektron bilim gorlaryny (okuw-usuly toplumlar, elektron sözlükler, kitaplar we gollanmalar) taýýarlamak, ähli mekdeplerde sanly ulgam boýunça täze okuwlary guramak, sanly serişdeleri giňden peýdalanyp, okuwyň mazmunyny we okatmak usulyýetini baýlaşdyrmak, bilimiň hiliniň dünýä derejesine laýyk bolmagyny gazanmak üçin netijeli işler geçirilýär. Mälim bolşy ýaly, Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezi döredildi. Bu işlere öz goşandyny goşmak maksady bilen, Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň işgärleri hem mekdep mugallymlaryna elektron sapaklary taýýarlamagyň usulyýeti boýunça ýardam berýärler, teleköprüleri gurap, uzak aralykdan okuwlary geçirýärler.

Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, öňdebaryjy tehnologiýalary ulanmak arkaly orta we ýokary bilim ulgamynda uzak aralykdan okatmagy guramak boýunça işlere aýratyn üns berilýär. Döwrebap sanly tehnologiýalar bilen üpjün edilen bilim edaralarynda uzak aralykdan okatmak işleri ýola goýulýar. Şeýle hem ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda zähmet çekýän işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak üçin uzak aralykdan hünär bilimini bermek usullaryndan peýdalanylýar. Daşary ýurtlaryň orta hünär biliminiň binýadynda ýokary hünär bilimini, ikinji ýokary hünär bilimini, saglyk ýagdaýy sebäpli mümkinçilikleri çäkli raýatlara bilim bermek, akademiki alyş-çalyş maksatnamalary boýunça öňdebaryjy tehnologiýalary ulanmak arkaly uzak aralykdan bilim maksatnamalaryny amala aşyrmak tejribesi öwrenilýär. Ýurdumyzda toplanan milli we dünýäniň öňdebaryjy tejribelerine esaslanyp, mekdebe çenli ýaşly çagalary mekdebe taýýarlamak boýunça ene-atalar üçin uzak aralykdan okuw-gollanma kömegini bermek we mümkinçilikleri çäkli raýatlar üçin uzak aralykdan bilimi ýola goýmak boýunça teklipler öňe sürülýär. Milli hemra aragatnaşyk ulgamynyň doly güýjünde işlemegi şeýle tehnologiýalary geljekde has-da işjeň peýdalanmaga, şol sanda wideokonferensiýalary ýa-da teleköprüleri geçirmäge uly mümkinçilikler döredýär.

Wagty, maliýe we maddy gorlary tygşytlaýan sanly tehnologiýalar diňe bir ýurtda geçirilýän bilim özgertmeleriniň çaltlandyrylmagyna däl-de, eýsem bu ulgamdaky halkara hyzmatdaşlygynyň netijeliligine-de oňyn täsir edýär. Mysal üçin, Italiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň italýan keramikasynyň taryhy barada wideoaragatnaşyk görnüşinde guran prezentasiýasyna paýtagtymyzda ýerleşýän dört ýokary okuw mekdebiniň, ýagny Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň we Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyplary şol bir wagtda gatnaşdylar.

Sanly tehnologiýalar türkmen ýaşlaryna halkara guramalaryň ýolbaşçylary, dünýäniň meşhur şahsyýetleri bilen duşuşmaga we peýdaly maglumatlary öwrenmäge mümkinçilikleri berýär. «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» şygary bilen Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) Baş sekretary Tomas Gremingeriň gatnaşmagynda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde onlaýn görnüşinde ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen okuw sapagy guramaçylykly we täsirli boldy.

Mahlasy, häzirki zaman sanly tehnologiýalar biziň ýurdumyza dünýäniň ykdysady, ylmy-tehniki, bilim giňişligine işjeň goşulyşmaga, iki we köptaraplaýyn halkara hyzmatdaşlygy öňe ilerletmäge uly mümkinçilikleri açýar.

 

Ogulgözel Rejepowa,

Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň esasy ylmy işgäri,

filosofiýa ylymlarynyň doktory.

«Mugallymlar gazeti».

  • 32
  • 11.09.2020