MAKALA

Ylham dünýäsine seýran

Watan hakynda

Açyk penjiräňden nur ýagyp dursa,

Ýagşy niýet, ýagşy kesbe uýarlar.

Depäňde lowurdap, Gün çogup dursa,

Ine, Watan diýip, şuňa diýerler.

 

Şahandaz jahyllar, owadan gyzlar,

Özlerini guş dek erkin duýarlar.

Bir perdeden gopsa çalynýan sazlar,

Ine, Watan diýip, şuňa diýerler.

 

Bir adamyň başy çala syzlasa,

Goňşy-golam dogany dek söýerler.

Gül göwünler bir ýaýlada ýazlasa,

Ine, Watan diýip, şuňa diýerler.

 

Uly derýalaryň batly akymy

Bize tabyn, nirä sapsak guýarlar.

Birleşdi ynsanyň güýji, akyly,

Ine, Watan diýip, şuňa diýerler.

 

Bir göreniň ýene göresi gelse,

Ýerden, gökden saňa ganat ýaýarlar.

Ata — ogul, ene — gyzdan hoş bolsa,

Ine, Watan diýip, şuňa diýerler.

 

Heniz Gün düşmedik garlar ereýär,

Dostlara dogan dek hormat goýarlar.

Dünýä bize ynam bilen garaýar,

Ine, Watan diýip, şuňa diýerler.

 

Ýör, köňlüm

Ýör, köňlüm, gideli dogduk Diýara,

Çarwaly, çomurly iller çagyrýar.

Gökde bulut oýnap, ýagmyr ýaganda,

Böreňläp kükreýän siller çagyrýar.

 

Teşnelikden gatap ýatan takyrlar,

Alyslarda salgym atan takyrlar,

Boz jereni tebsireden takyrlar,

Gök çemenlik, atyz-çiller çagyrýar.

 

Salgyma at saldy ata-babalar,

Suwsuzlykdan göçdi küren obalar,

Siňdi çölüstana gamly namalar,

Şol ahwala şaýat ýyllar çagyrýar.

 

Gaýrasy Garagum, ilersi Küren,

Bu gadymy toprak kän zady gören,

Teşnelik öpüşdi akar suw bilen,

Bedewe bat beren ýollar çagyrýar.

Toýlar tutdum bagşy-ozanym bilen,

Barlygymy bilýän ozalym bilen,

Barýan ýüregim hem gazalym bilen,

Bossany ýelpeýän ýeller çagyrýar.

 

Garagum

Diýýän sözlerime gulak goý, gardaş,

Suw meniň ganymdyr, topragym — tenim.

Garagumuň reňkine çalymdaş,

Meniň Güne ýanan goňras bedenim.

 

Ýedi gat toprakdan nem syzyp ýatan,

Sazagyň köküdir meniň damarym.

Seň gara synaňa gül ýazyp ýatan,

Bol suwly derýamdyr altyn kemerim.

 

Çopan ody ýaly közürgär durar,

Maňa peşgeş beren gara gözleriň.

Hernä meňzesem-de, seniň howaň dek,

Guraksy bolmasyn diýýän sözlerim.

 

Tebigatyň ýaly gyňyr häsiýeti,

Bilmedim, neneňsi rowa görüpsiň?!

Sen näme berseň-de, beren zadyňy

Ene süýdi bilen garyp beripsiň.

 

Ýylgaý Durdyýew,

Türkmenistanyň halk ýazyjysy.

  • 27
  • 11.09.2020