MAKALA

«Ýol hereketniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk wagyz edildi

Golaýda Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň harby bölüminde guralan çäre «Ýol hereketniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» biraýlygyna bagyşlanyp geçirilýän çäreleriň nobatdakysy boldy. Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň ýerli wekilleri, şonuň ýaly-da Watan goragçylary, harby bölümiň sürüjileri wagyz-nesihat häsiýetli çäräniň myhmanlary boldular. Turuwbaşdan işjeň häsiýete eýe bolan çärede, esasan, Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň ýerli wekilleriniň täsirli çykyşlaryna giň orun berildi. Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň ýerli wekilleri çykyş edip, hormatly Prezidentimiziň degişli kararyna laýyklykda, her ýylyň 1—30-y sentýabry aralygynda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk çäräniň yglan edilmegi, onuň ähmiýeti barada durup geçdiler. Şeýle-de çykyşlarda milli Liderimiziň halkymyzyň sagdyn durmuşyny üpjün etmek ugrunda durmuşa geçirýän bimöçber işleri, ýol hereketiniň düzgünlerini berjaý etmegiň derwaýyslygy, herekete gatnaşýan pyýadalaryň-da, sürüjileriň-de öz orunlarynda ýerine ýetirmeli borçlarynyň möhümligi hakda birin-birin nygtalyp geçildi. Bular bilen bir hatarda, biraýlyk bilen baglanyşykly görkezilen wideo ýazgylar edilen çykyşlaryň, gürrüňleriň ähmiýetini has-da ýokarlandyrdy.

Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde halkymyzyň, şol sanda harby gullukçylaryň sagdyn durmuşyny gorap saklamaga gönükdirilen şular ýaly çäreleri geçirmäge mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Belent Serkerdebaşymyza çäksiz alkyşlaryny aýtdylar.

 

Batyr Möwlamow.

  • 31
  • 11.09.2020