MAKALA

Soltan Sanjaryň aramgähi

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen, halkymyzyň asyrlaryň, müňýyllyklaryň dowamynda umumadamzat medeniýetine deňsiz-taýsyz goşant bolan maddy hem-de maddy däl medeni miraslarymyzy öwrenmek, dünýä ýaýmak we olary ÝUNESKO-nyň Umumadamzat maddy we maddy däl medeni miraslarynyň sanawyna girizmek babatda uly işler alnyp barylýar. Şeýle ajaýyp miraslaryň biri hem Gadymy Merw döwlet taryhy-medeni goraghanasynyň gadymy binagärlik toplumyna degişli bolan Soltan Sanjaryň aramgähidir.

Türkmenistanyň çäginde halkymyzyň şöhratly taryhynyň sahypalaryny özünde jemleýän taryhy-medeni ýadygärlikleriň iki müňe golaýy ýerleşýär. Hormatly Prezidentimiz: «Dünýäniň gadymy medeni merkezleriniň biri hasaplanylýan türkmen Diýary medeni-taryhy ýadygärliklere baý ýurtdur» diýip belleýär.

Türkmenistan döwlet Garaşsyzlygyny gazananyndan soň, güneşli Diýarymyzda taryhy-medeni ýadygärlikleri goramak, sungatyň binagärlik, heýkeltaraşlyk, suratkeşlik, amaly-haşam, mozaika, agajy we daşy oýup nagyşlamak ýaly dürli ugurlarynyň ösmegi üçin giň mümkinçilikler döredildi. Şunuň bilen birlikde, geçmişiň gymmatly mirasy bolan taryhy ýadygärliklerimizi rejelemek, dikeltmek işi giň gerim aldy. Soňky ýyllarda dünýäde deňi-taýy bolmadyk taryhy-medeni ýadygärliklerimizi gorap saklamak, öwrenmek we abatlamak boýunça köpugurly işler alnyp barylýar. Nusaý, Köneürgenç, Gadymy Merw, Kerki, Köne Sarahs, Gadymy Dehistan, Abiwerd, Gökdepe galasy ýaly ýadygärliklerimize döwlet taryhy-medeni goraghanalary diýen dereje berildi. Şolardan Gadymy Merw, Nusaý, Köneürgenç ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi.

Seljuklar döwründe Eýran, Yrak, Kiçi Aziýa, Horasan, Horezmiň şäherleri we jahandöwletiň beýleki welaýatlary çalt ösüpdir. Diňe bir häzirki Türkmenistanyň çäklerinde Merw, Sarahs, Abiwerd, Nusaý, Ahur, Kufen, Şähryslam, Amul, Ürgenç, Zamahşir, Diýarbekir ýaly şäherler bolupdyr we gülläp ösüpdir. Merw şäheri öz ösüşiniň iň ýokary derejesine Seljuklar zamanynda, aýratyn-da, ony Seljuklar jahandöwletiniň paýtagtyna öwren Soltan Sanjaryň döwründe on ikinji asyryň birinji ýarymynda ýetipdir. Merw şäheri Seljuklaryň döwlet tugunyň ilkinji galdyrylan ýeri hem-de olaryň ilkinji paýtagty bolandygy üçin, seljuk soltanlary ony hiç wagt ünsden düşürmändirler. Onuň tutýan meýdany şäher etekleri bilen birlikde alty müň gektara ýetipdir. Şäherlerde monumental ymaratlar, metjitleriň, medreseleriň, aramgähleriň (mawzoleýleriň), köşkleriň, kerwensaraýlaryň gurluşyklary alnyp barlypdyr. Hünärmentçilik bölekleri (kwartallary) ösüpdir. Küýzegärçilik, ýonaçylyk, zergärçilik, dokmaçylyk, metal önümçiligi döredilipdir.

XI — XII asyrlarda gurluşyk ep-esli ösüşe eýe bolupdyr. Esasy binalar we ymaratyň içine düşemek üçin bişen kerpiç giňden ulanylyp başlanypdyr. Olary birleşdiriji bolup kül bilen hek garyndyly palçyk ulanylypdyr. Şeýle garyndyly palçyk desgalar ýerasty suwlara çydamly bolar ýaly, esasan, ymaratlaryň binýady tutulanda ulanylypdyr. Ymaratyň ýokarky böleklerinde ýerli çäge we gips garylan palçyk ulanylypdyr.

Seljuklar zamanynda jaýlar ýörite poluň aşagynda gurlan desga ulgamy boýunça howur bilen ýyladylypdyr. Jaýlaryň daşynda gurlan ojakda ot ýakylyp, onuň howry jaýyň polunyň aşagynda bişen kerpiçden gurlan desga, dört burçunda diwaryň içinde biri-birine birikdirilen palçykdan ýasalyp bişirilen turbalar arkaly tüsse jaýyň daşyna çykarylypdyr. Şeýle usulda bir däl-de, birnäçe jaýy öz içine alýan ulgamy arheologlar gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde ýüze çykardylar.

Ymaratçylykda nagyş sungaty uly orun eýeläpdir. Jaý gurluşyklaryň bezeglerine salynýan ýazgylarda, öz wagtynda ajaýyp ymaratlary gurduran we nagyşlary amala aşyran adamlaryň, ymaratçylaryň atlary hem ýazylypdyr. Şol zamanlarda jaýlaryň abadanlaşdyrylyşy häzir hem adamlary haýran galdyrýar. Poluň ýüzüne her dürli şekillerde bişen kerpiç düşelipdir. Diwarlaryň ýüzi dürli reňkli ýazgylar hem-de gazma nagyşlar bilen bezelipdir.

Seljuklar zamanynda düýpli ymaratçylyk nusgalary işlenip düzülipdir, olar edebiýatda seljuk ymaratçylygy diýen at alyp, ymaratçylyk mekdebini häsýetlendiripdir. Şeýle mekdepleri gutaran ymaratçylar howalanyp oturan agras göwrümli desgalary gurupdyrlar. Soltan Sanjaryň meşhur aramgähi şeýle desgadyr. Ol Merwiň edil merkezine golaý ýerde gurlupdyr we ýazuw çeşmeleriniň habar bermegine görä, juma metjidiniň golaýynda ýerleşdirilipdir. Desganyň esasy durky şeýle bir özüne kybapdaş, diňe golaý ýanyna baranyňdan soň, onuň gabarasynyň äpetdigini duýup galýarsyň. Orta asyr taryhçylarynyň ýazmagyna görä, onuň gök gümmezi bir günlük kerwen ýoldan görner eken. Daşyndaky aýlaw binaly (arkaly) galereýalarda öz suwagynyň ýüzüne çekilen gazmalar, içki bezegde bolsa yhlas bilen çekilen ýazgylar nagyş we ösümlik äheňleri bilen aýrylmaz utgaşdyrylypdyr.

Soltan Sanjaryň aramgähiniň haçan salnandygy barada alymlaryň arasynda henize çenli kesgitli pikir ýok. Käbirleri aramgäh heniz Soltan Sanjar dirikä salnypdyr diýseler, başga birleri Soltan Sanjar ýogalanda başga bir ýerde jaýlanyp, soňra bu aramgäh gurlup, şonda jaýlanypdyr diýýärler. Taryhçy Rewendiniň getirýän delillerine görä, 1157-nji ýylda Soltan Sanjar aradan çykandan soň: «Ony Merwde bina edilen aramgähinde jaýlapdyrlar». Taryhçy Ibn al-Asyryň (XII asyr) berýän maglumatlaryna görä, Soltan Sanjar heniz özi dirikä aramgäh bina edilip, «Dar al-ahyra (o dünýädäki jaýy) diýlip atlandyrylan gümmez görnüşli binada jaýlanypdyr. Taryhçy Ýakut hem Soltan Sanjaryň gümmezi mawy gümmezli bir günlük ýoldan (30 kilometr) görünýän uly aramgähde ýerleşýär, onuň gözenekli penjiresi juma metjidi tarapynda ýerleşýär diýip tassyklaýar. Ýakutdan öň gelip ýeten maglumatlara görä, bu binany Soltan Sanjar ýogalandan soň, onuň köşgündäkileriň biriniň gurdurandygyny we Gurhan okaýan hem-de ol ýeri gorap saklaýan adamyň peýdasyna wakf edip goýandygyny habar berýärler. Taryhçy Bondarynyň pikirine görä, Soltan Sanjar heniz dirikä öz aşnasy Ihtiýaraddin Jöwher at-Täje ýüzüne soňra hormat bilen ýatlama hatyny ýazar ýaly uly daşy (plitasy) bolan gubur ýerleşýän belent gümmez gurmagy buýrupdyr.

Ýöne ymaratçy alym G.A.Pugaçenkowa bu aramgäh XII asyryň 40-njy ýyllarynda bina edilipdir diýip belleýär. Ol Balh oguzlary 1153-nji ýylda Merwe gelenlerinde bu aramgähiň bardygy barada maglumatlaryň bolandygyny tekrarlaýar. Şeýlelikde, alymyň pikirine görä, Soltan Sanjaryň aramgähi 1140 — 1150-nji ýyllarda bina edilip, Soltan Sanjaryň gubury aramgähde ýerleşdirilipdir.

Ibn al-Asyryň ýazmagyna görä, 1220-nji ýylda Soltan Sanjaryň aramgähine uly zeper ýetirilipdir. Şeýle-de Atamälik Juweýniniň aýtmagyna görä, Çingiz hanyň ogly Tuli han aramgähi doly ýumurmak maksady bilen, ýörite daş zyňyjy gural (katapult) bilen bir müň gezek daş zyňdyrypdyr, ýöne oňa diňe ikinji gümmezi hem-de galereýany ýykmak başardypdyr.

Aramgähde mermerden edilen guburüsti daş 1911-nji ýylda şol döwrüň öňdebaryjy adamlary tarapyndan goýlupdyr. Guburüsti daşdaky ýazgyny kagyz ýüzünde Babajan işan ýazypdyr. Ony Annagylyç ahun mermer daşyna geçirdipdir. 1928-nji ýylda A. Semýonow «Po Zakaspiskim razwalinam» diýen kitapçasynda aramgähdäki mazaryň üstündäki arap dilinde ýazylan ýazgyny okap: «Şu ýerde ahlak, ruhy taýdan iň ýokary adam hasaplanýan, Seljuk türkmenleriniň neslinden bolan Soltan Sanjar diýlip atlandyrylýan adamyň jesedi aram tapdy. ...Ol öz döwründe alymlaryň we şahyrlaryň hossary bolupdyr» diýip belleýär.

Orta asyr taryhçysy Reşideddiniň berýän maglumatlaryna görä, bu aramgäh «Dünýäde iň uly gurlan ymarat» diýlip häsiýetlendirilipdir. Beýleki bir alym Isfizary bolsa bu ýadygärlik barada: «Bu ymarat şeýle bir berk, ony hiç bir zat zaýalap bilmez» diýip belläpdir...

 

(Dowamy bar).

 

Akmuhammet Annaýew,

Baýramaly etrap bilim bölüminiň baş hünärmeni.

  • 23
  • 11.09.2020