MAKALA

Aýa gitjek «Toyota»-nyň ady belli boldy

Ýaponiýanyň Kosmos Barlaglary Agentligi hem-de «Toyota» kompaniýasy tarapyndan Aýyň ýüzünde sürülmegi üçin işlenip taýýarlanan ulagyň ady belli boldy. «SpaceCom» saýtynyň habaryna görä, 2029-njy ýylda taýýar ediljek iki orunlyk ulaga «Lunar Cruiser» diýlip at goýuldy. Bu täsin ulag Ýeriň hemrasynyň ýüzünde ylmy barlaglar geçirmek üçin işlenip taýýarlanýar. Ulagyň uzynlygy 6 metre, ini 5,2 metre we beýikligi 3,8 metre barabar bolar. Ulagyň içiniň göwrümi 13 kub metr bolar. Astronomlar ulagyň içinde hiç hili kislorod ballonyny we kosmonawt eşigini ulanmazdan ýaşap bilerler.

 

«Zaman Türkmenistan.com.tm».

  • 24
  • 11.09.2020