MAKALA

«Begenjimiziň, buýsanjymyzyň we alkyşlarymyzyň çägi ýok»

2020-nji ýylyň 13-nji sentýabry. Bu gün Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň durmuşynda ýene bir ýatdan çykmajak taryhy wakalaryň biri.

Ýagny bu gün hormatly Belent Serkerdebaşymyz Watanymyzyň dost-doganlyk serhediniň goragynda gulluk alyp barýan serhetçiler bilen duşuşdy, olaryň gulluk, ýaşaýyş şertleri, öňde goýan maksatlary bilen gyzyklandy. Bu pursat hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň serhetçiler we olaryň maşgala agzalary hakyndaky aladany özüniň hemişe üns merkezinde saklaýandygynyň ýene bir ýola aýdyň dabaralanmasy boldy. Biz hem Watanymyzyň araçäginiň goragynda jogapkärli gullugy ýerine ýetirýän döwürleri hormatly Belent Serkerdebaşymyz bilen didarlaşyp, gürrüňdeş bolmak bagty miýesser eden harby gullukçylarymyzyň ýürek buýsançlaryny size ýetirmegi makul bildik:

— Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän harby özgertmeleriň netijesinde ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýady döwrebaplaşyp, harby gullukçylaryň we olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş hem-de gulluk şertleri barha gowulanýar.

Hormatly Belent Serkerdebaşymyz mähriban halkymyzyň bagtyýar ýaşaýşyny üpjün etmek bilen bir hatarda, harby gullukçylar hakyndaky aladalary hem birjikde üns merkezinden düşürmeýär. Özüniň gymmatly wagtyny sarp edip, Watanymyzyň goragynda durýan esgerler, ýagny biziň bilen duşuşýar. Gulluk, ýaşaýyş şertlerimiz, maşgala durmuşymyz, öňde goýan maksatlarymyz bilen gyzyklanýar. Bize mähriban halkymyza, mukaddes Watanymyza mynasyp nesiller bolup ýetişmegimiz barada gyzyldan gymmatly watançylyk sargytlaryny berýär.

Ine, şu gün hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň biziň bilen duşuşmagy, harby gulluk, maşgala durmuşymyz, geljekki öňde goýan maksatlarymyz dogrusynda söhbetdeş bolmagy durmuşymyzda taryhy waka boldy we ruhumyzy has-da belende göterdi. Şeýle-de bu ajaýyp pursatlar her birimiz üçin hormatly Belent Serkerdebaşymyza, mukaddes Watanymyza, mähriban halkymyza has-da belent ruhda ak ýürekden gulluk etmäge çagyryşyň dabaralanmasyna öwrüldi. Munuň üçin biziň begenjimiz, buýsanjymyz we hormatly Belent Serkerdebaşymyza alkyşlarymyz çäksizdir.

Serhetçiler barada edýän şeýle bimöçber aladalary üçin hormatly Belent Serkerdebaşymyza çäksiz sagbolsunlarymyzy aýdýarys.

Biz geljekde hem hormatly Prezidentimiziň golaýda halkymyza sowgat beren «Türkmeniň döwletliklik ýörelgesi» atly ajaýyp eserindäki watançylyk sargytlaryny ýörelge edinip hem-de Gahryman Arkadagymyzyň şahsy göreldesine eýerip, hemişe kalbymyzy, elimizi we ýüregimizi arassa tutup, hormatly Belent Serkerdebaşymyza, mähriban halkymyza, eziz Watanymyza ak ýürekden wepaly bolup gulluk ederis.

Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun, mähriban halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň, Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň abadançylygynyň bähbitlerine gönükdirilen beýik işleri mundan-da beýläk rowaçlyklara beslensin!

 

Maýor Akmyradow Agamyrat, kapitan Söýünow Babamyrat,

esger Haýydow Daýanç, esger Ýegenbaýew Muhammetnur.

  • 43
  • 14.09.2020