MAKALA

Hoşallyk maslahaty geçirildi

Şu gün Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň harby bölüminde hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň ýurdumyzyň mukaddes çäkleriniň goragynda öz gulluk borçlaryny abraý bilen ýerine ýetirip ýören serhetçiler bilen duşuşmagyna bagyşlanyp hoşallyk maslahaty geçirildi. Maslahatda serhetçiler bilen bir hatarda, hormatly Belent Serkerdebaşymyz bilen didarlaşmak bagty miýesser eden harby gullukçylar hem çykyş etdiler. Olar öz çykyşlarynda Berkarar döwletimizň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän harby özgertmeleriň netijesinde ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalanyp, harby gullukçylaryň we olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş hem-de gulluk şertleriniň barha gowulanýandygyny belläp geçdiler.

Şeýle-de olar çykyşlarynyň dowamynda hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň şu gün özleri bilen duşuşmagynyň durmuşlarynda ýatdan çykmajak waka bolandygyny buýsanç bilen aýtdylar. Duşuşyk pursatynda hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň serhetçileriň gulluklary, özleri üçin döredilen şertler, gulluga gelip, öwrenýän hünärleri, esgerleriň naharlary, boş wagtlaryny geçirişleri bilen gyzyklanandygyny, şonuň ýaly-da sporty hemişelik hemra edinmegi sargyt edendigini harby gullukçylar çykyşlarynda buýsanç bilen bellediler.

Çykyş eden harby gullukçylar maslahatyň barşynda serhetçiler barada edýän şeýle bimöçber aladalary üçin hormatly Belent Serkerdebaşymyza çäksiz sagbolsun aýtdylar. Şeýle-de Gahryman Prezidentimiziň watançylyk sargytlaryna eýerip, mähriban halkymyza, eziz Watanymyza ak ýürekden gulluk etjekdiklerini ynandyrdylar.

Maslahata gatnaşanlar özleri barada taýsyz aladalary edýän hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, belent başynyň aman bolmagyny, mähriban halkymyzyň bagtyýar durmuşy, berkarar ýurdumyzyň abadançylygy ugrunda alyp barýan ynsanperwer işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

 

«Serhet abat — Döwlet abat».

  • 36
  • 14.09.2020