MAKALA

Gadymy ýadygärlikleriň ýaňy

Ýaňy-ýakynda «Ylym» neşirýaty tarapyndan Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň bölüm müdiri, taryh ylymlarynyň kandidaty Allaguly Berdiýewiň «Günorta Türkmenistanyň XVI—XVIII asyrlardaky maddy medeniýeti» atly kitaby neşir edildi. Tanymal arheolog A.Berdiýewiň uzak ýyllaryň dowamynda alyp baran ylmy barlaglarynyň netijelerine bagyşlanan täze kitap ýurdumyzyň günorta sebitlerinde ýerleşýän XVI— XVIII asyrlar bilen senelenýän gadymy ýadygärlikleriň ylmy taýdan öwrenilişi, şol ýadygärlikleriň binagärlik aýratynlyklary, senetçiligi, maddy medeniýeti barada ylmy maglumatlara baýlygy bilen tapawutlanýar. Bulardan başga-da, täze kitapda gadymy ýadygärlikleriň taryhy hem-de dürli ýyllarda şol ýerlerde alnyp barlan ylmy barlaglar netijesinde ýüze çykarylan dürli gymmatlyklara degişli fotosuratlara uly orun berilýär. Munuň özi Watanymyzyň taryhy bilen gyzyklanýan okyjylaryň asyrlaryň ýaňyny özüne siňdiren gadymy ýadygärliklere bolan söýgüsini, geçmiş-taryhymyza bolan buýsanjyny goşalandyrar.

 

«Edebiýat we sungat» gazeti.

  • 19
  • 14.09.2020