MAKALA

Soltan Sanjaryň aramgähi

...Soltan Sanjaryň aramgähi Orta asyr Gündogarynyň iň beýik ýadygärlikleriniň biridir. Merkezi Aziýada görnükli syýasy işgär we harby serkerde, Seljuklar döwletiniň iň soňky beýik soltany bolan Soltan Sanjaryň aramgähi barada sungatöwreniji, ymaratçy alym G.A.Pugaçenkowa: «Eger bütin Merw yz galdyrman ýiten hem bolsa, onuň öňki şöhratyny şöhlelendirýän maglumatlar, şäheriň ýadygärlikleriniň harabaçylygy-da galman, diňe şu aramgäh galan ýagdaýynda hem ol atlandyrylan şäheriň ägirtligini duýmaga öz-özünden mümkinçilik dörederdi» diýip belleýär.

Soltan Sanjaryň aramgähi XIX asyryň ahyrlarynda öwrenilip başlanypdyr. Ol ilkinji gezek 1894-nji ýylda peterburgly gündogarşynas W.A.Žukowski tarapyndan jikme-jik öwrenilipdir hem-de «Gadymy Merwiň harabaçylygy» diýen at bilen kitap ýazypdyr. Sowet döwründe köp sanly barlagçylar: B.N.Zasipkin, A.M.Baçinski, W.I.Pilýawskiý, G.A.Pugaçenkowa, A.M.Prybitkow, A.A.Asanow, M.S.Bulatow, A.Z.Zaýnutdinow dagy Soltan Sanjaryň aramgähini öwrenmek bilen meşgullanypdyr. Olaryň işlerinde aramgähiň ýazgysy, ýadygärligiň ýumrulan ýerleriniň seljermesi, onuň ilkibaşdaky asyl nusgasy hakynda çaklamalar we başga-da gymmatly maglumatlar getirilipdir. Şunlukda, dürli bilermenler aramgähiň ilkibaşdaky asyl nusgasy hakynda dürli pikirleri öňe sürüpdirler. Bu geçirilen barlag işleri örän gymmatly maglumatlar bolup durýar hem-de ýadygärligiň bina edilmeginiň taryhyny we häzirki wagta çenli saklanyp galmagyny köp babatda aýyl-saýyl edýär.

Aramgähiň gurluşyny öwrenmek maksady bilen gazuw-agtaryş işleri geçirilipdir. 1953-nji ýylda ymaratçy alym G.A.Pugaçenkowa aramgähiň binýadyny öwrenmek maksady bilen, onuň günorta diwarynyň iç tarapynda barlag şurfuny (çukuryny) gazypdyr. Bu geçirilen barlagyň netijesinde, aramgähiň binýadynyň XII asyr Merwiň ýeriniň derejesinden 4 metrden-de gowrak aşakdan tutulyp, esasy meýilnamadan 1,1 metr içe tarap çekilendigini çaklamaga mümkinçilik berýär. Gazylan gatlagyň arheologik stratiwgafiýasy VIII asyrdan — XII asyra çenli toplanan medeni gatlagyň galyndylaryny takyklapdyr. Gurluşykçylar ymaratyň berk bolmagy üçin köp tagalla edipdirler. Binýat üçin gazylan çukur birnäçe wagtlap suwdan doldurylyp goýlupdyr. Soňra ol guradylypdyr. Bu çukuryň düýbüne kerpiç we küýze bölekleri düşelipdir. Ymaratçylyk gurluşygynda şeýle usul orta asyrlarda giň ýaýrapdyr.

Bina inedördül bolup, onuň taraplary içinden 17x17 inedördül metre, daşynda bolsa 27x27 inedördül metre, diwaryň galyňlygy gümmeziň başlanýan ýerine çenli 5 metre deňdir. Gümmeziň başlanýan ýerinde-de diwar 1,5 metre getirilipdir. Aramgähiň beýikligi onuň içki düşeginden birinji gümmezine çenli 35 metr, ikinji gümmezi bilen 38 metr, binýady bilen bilelikde 42 metre barabardyr. Bu aramgäh dört sany aýlaw binaly (arkaly) sekiniň hasabyna diwaryň galyňlygyna tarap giňeldilen ýalňyz inedördül otagdan durýar. Aramgähiň üsti arkaly paruslar ulgamynda uly gümmez bilen örtülipdir. Aramgähi ilki şol paruslar bilen sekiz burça, soňra on alty burça bölüp, gümmeziň daýanç aýlawyny döredipdirler.

Gurluşyk serişdesi hökmünde üç görnüşli bişen kerpiç ulanylypdyr. Binýadynda we sokulynda galereýanyň başlanýan ýerine çenli taraplary 28-29 santimetr, galyňlygy 5,5-6-6,5 santimetr bolan inedördül bişen kerpiç ulanylypdyr. Galereýalar we gümmeziň hemme aşaky bölegi taraplary üçin 24-25 santimetr, galyňlygy 5 santimetr bolan inedördül bişen kerpiç ulanylypdyr. Gümmeziň aşak etegindäki aýlaw binalarda (arkalarda) 38x25x5 inedördül santimetr bolan gönüburçly bişen kerpiç ulanylypdyr. Taýýarlanan kerpiçleriň düzüminde samanyň bardygy anyklanypdyr. Özi hem ölçegi uly kerpije goşulan saman ölçegi kiçi kerpijiňkiden has köp bolupdyr. Şeýle ýagdaýda taýýarlanan kerpiç bişirilende, onuň düzümindäki saman ýanyp, kerpijiň içinde boşluk döredipdir. Munuň özi öz gezeginde birnäçe wezipäni ýerine ýetiripdir. Ol, birinjiden, maýyşgaklyga durnukly bolup, her hili sarsgynlyga çydapdyr. Ikinjiden, ol fizikanyň kanuny esasynda, termostat hökmünde, aramgähiň içindäki howanyň ýagdaýyny bir ýagdaýda saklapdyr. Üçünjiden, ol ussa üçin ýeňil bolupdyr. Gurluşykda esasy taslanan düzgün esasynda aramgähiň dürli ýerlerinde dürli palçyk ulanylypdyr. Aramgähiň binýadynda we sokulynda suwa çydamly hekli külli (kyrowyýe) palçyk ulanylypdyr. Diwarlarda we aýlaw binalarda (arkalarda) gipsli ýerli çägeli (köp goşulan çägeli ganç) palçyk ulanylypdyr. Şeýle-de paruslaryň aşagyna ýumşaklyk üçin türkmen arçasyndan kesilip taýýarlanan agaçlar hem ulanylypdyr.

Taryhçy Ýakudyň maglumatlaryna görä, Sanjaryň aramgähiniň gümmezi gök bolupdyr. Biziň günlerimizde aramgähiň gümmeziniň daş tarapynda syrçalanan kerpiçler saklanyp galmandyr. Ýöne aramgähiň daş-töwereginde geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde, syrçalanan kerpiçleriň eslisi tapylypdyr. Sanjaryň aramgähi iki gat gümmezli gurlupdyr. Ikinji gümmez, bilermenleriň aýtmagyna görä, birinji gümmezi tebigatyň dürli täsirlerinden gorapdyr. Bu iki gümmeziň arasy biri-birinden 1,7 metr açyk ýagdaýda gurlupdyr. Ikinji gat gümmez aramgähiň daş tarapynda gurlan üç sany galereýa arkaly berkidilipdir. Bu galereýalar ikinji gat gümmeziň berkligini üpjün edip, şol bir wagtyň özünde aramgähe özboluşly görk beripdir.

Horasan ymaratçylygynda XI — XII asyrlarda iki gat gümmez adaty däp bolupdyr. Muňa mysal edip, Abul Fazlyň Sarahsdaky, Abu Saidiň Mänedäki, al-Gazalynyň Tusdaky aramgählerini görkezmek bolar. Şunuň ýaly iki gat gümmez Ýewropada diňe XV asyrda Italiýanyň Florensiýa welaýatyndaky Santa-Mariýa ybadathanasynda ymaratçy Flippo Brunellesko tarapyndan gurlupdyr.

Sanjaryň aramgähiniň içki gümmeziniň ýüzünde owadan böleklere bölüp, ägirt uly sekizburçly ýyldyzyň şekilini emele getirýän kerpiçden bezeg (dekoratiw) gapyrgalar edilipdir.

Sanjaryň aramgähiniň girelgesiniň günorta tarapynda hem oňa haýsy-da bolsa bir ymaratyň golaý ýerleşendiginiň yzlary galypdyr. Aramgähiň günorta-gündogar burçunda ýadygärligiň diwarlaryna birleşdirilip gurlan beýikligi 8 metre barabar bolan basgançagyň galyndylary saklanyp galypdyr. Aramgähiň günorta-günbatar burçunda içinde basgançaklar bolan galereýa çykylýan aýlaw binaly (arkaly) girelge edilipdir. Ol adatdakydan üýtgeşik belent ýagdaýda 7,7 metr belentlikde gurlupdyr. Ymaratçy alym G.A.Pugaçenkowa onuň şeýle belentden gurulmagynyň aramgäh bilen bir wagtda ýa-da ondan soň gurlan başga bir jaýdan galereýa çykmak zerurlygy bilen baglanyşykly bolmagy mümkin diýip belläpdir.

Aramgähiň demirgazyk tarapynda oňa golaý ýerde ýerleşen jaýyň hiç bir nyşanyna duş gelinmändir. Ýöne suw akarlaryň ýere 8 metre ýetmän galýandygyny göz öňünde tutsaň, onda ýagyş suwlarynyň aramgähe golaý ýerleşýän jaýyň üstüne syrygyp akandygyny, şol jaýyň üstünden ýere syrygandygyny çaklamaga mümkinçilik döreýär.

Sanjaryň aramgähiniň gündogar tarapynda taryhy ýazuw çeşmeleriniň maglumatlarynda aýdylan aramgähden has öň gurlan juma metjidiniň sepleşendigini aňladýan yzlar saklanyp galypdyr. Şeýlelikde, Sanjaryň aramgähiniň demirgazyk, gündogar we günorta taraplaryndan 8 metre golaý belentlikdäki beýleki binalar bilen gurşalyp alnandygyny ynam bilen çaklamaga mümkinçilik döreýär. Aramgähiň esasy girelgesi günbatar diwarynda ýerleşdirilipdir. Ol aramgähiň beýleki aýlaw binalaryndan (arkalaryndan) öz aýlaw binasynyň (arkasynyň) ikinjisiniň has beýikdigi, şeýle hem girelgäniň gönüburçly görnüşde nagyşlanmagy bilen tapawutlanýar.

Aramgähiň içki görnüşinden (interýerinden) başga bezegleri galereýanyň diwarlarynda hem saklanyp galypdyr. Ol suwagyň ýüzüne ýonulyp salnan geometriki we ösümlik şekillerinden ybarat bolupdyr.

Sanjaryň aramgähini rejelemek maksady bilen soňky geçirilen barlaglar onuň binýadynyň özboluşly aýratynlygyny ýüze çykarypdyr. Aramgähiň günorta, günbatar we demirgazyk binýatlary bişen kerpiçden örülipdir. Gündogar diwary bolsa çig kerpiçden örülipdir. Bu barada bilermenler onuň günbatarynda aramgähden has öň, taryhy çeşmeleriň berýän maglumatlaryna görä, juma metjidiniň gurlandygyny, Sanjaryň aramgähi gurlanda metjidiň diwaryny aýryp, binýadyny bolsa ulanandyklaryny belleýärler. Aramgähiň binýadynyň ýere girýän çuňlugy 3,3 metrden — 4,2 metre barabar bolupdyr. Onuň ýokary ini 5 metr, düýbüniň ini bolsa 7,15 metr bolupdyr. Binýat örülende esasy diwardan içine we daşyna basgançak görnüşinde artdyrylypdyr. Ymaratçynyň bu usulyny bilermenler şeýle düşündirýärler: binýadyň ýere düşýän meýdany näçe uly boldugyça, fizikanyň kanuny esasynda, ymaratyň ýere edýän basyşy hem şonça az bolýar. Şeýle-de esasy galyň diwarynyň içinde üsti-üstüne ýerleşdirilen birnäçe aýlaw binalar (arkalar) örülipdir. Bu aýlaw binalar, bir tarapdan, diwaryň berkligini esaslandyrsa, beýleki tarapdan, diwaryň ýere berýän agramyny azaldypdyr, şeýle-de gurluşyk serişdelerini tygşytlapdyr.

Bu ajaýyp ymaratyň ussasy sarahsly Atsyzyň ogly Muhammet diýen adam bolup, onuň gurluşygyna gözegçilik etmek Soltan Sanjaryň ynamdar adamy Ygtyýareddin Jöwher at-Täjä tabşyrylypdyr. Ymaratçy Sanjaryň aramgähini gurmazdan öň, Horasanda we Eýranda birnäçe ymarat gurupdyr. Sanjaryň aramgähini guranda bolsa, öňki guran ymaratlarynyň hersinden bir nusgany alyp, ony aramgähe ornaşdyrypdyr. Bu ussany Sanjara onuň köşk şahyry we ynamdar maslahatçysy abywerdli Enweri tapyp beripdir.

Sarahsly ussa Atsyzyň ogly Muhammediň Sanjaryň aramgähini salandygy barada hakykat 1976-njy ýylda başlanan rejeleýiş işleri netijesinde ýüze çykarylypdyr. Ol öz adyny ymaratyň gümmeziniň günbatar diwarynyň içinde araplaryň kufi hatynda «Muhammet ibn Atsyz as-Sarahsy» diýip ýazypdyr we onuň ýüzüni suwapdyr.

Soltan Sanjaryň aramgähi dünýä binagärçilik sungatynyň ajaýyp nusgalarynyň sanawyna şübhesiz degişli bolup durýar. Onuň ymaratçylyk görnüşi, gurluş tärleri, gözellik bezegi, şekilli kerpiç diwarlary, gançly köwme nagyşlary, žiwopisi, şeýle-de XI — XII asyryň Günorta Türkmenistan ymaratçylygynyň ewolýusiýasynyň binagärçilik sungatynyň bütin barşy bilen öňünden kesgitlenipdir. Bu ýadygärlik Sarahsdan ymaratçy Muhammet ibn Atsyzyň we onuň bilen hyzmatdaşlyk eden ussalaryň ählisiniň birleşen döredijiliginde amala aşyran orta asyr halk ymaratçylygynyň beyik gazananlary bolup durýar.

 

Akmuhammet Annaýew,

Baýramaly etrap bilim bölüminiň baş hünärmeni.

«Watan» gazeti.

  • 19
  • 14.09.2020