MAKALA

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyklar

Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň Mejlisleriniň ýolbaşçylarynyň arasynda göni aragatnaşyk arkaly geçirilen nobatdaky duşuşygyň çäklerinde köpugurly döwletara hyzmatdaşlygynyň şu günki ýagdaýy we geljekki ösüş ugurlary barada netijeli pikir alyşmalar boldy.

Taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryny mundan beýläk-de giňeltmäge iki doganlyk ýurduň özara gyzyklanma bildirýändiklerini tassyklap, türkmen-türk gatnaşyklarynyň okgunly ösüşine oňyn täsir edýän parlamentara gatnaşyklaryny işjeňleşdirmegiň hem-de pugtalandyrmagyň milli kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça tejribe alyşmagyň zerurdygyny bellediler.

Ikitaraplaýyn pikire görä, ýokary we hökümetara derejede gazanylan ylalaşyklar hem-de yzygiderli geçirilýän ikitaraplaýyn duşuşyklar we gepleşikler doganlyk türkmen hem-de türk halklarynyň gadymdan gelýän taryhy-medeni umumylyklarynyň binýadynda ýola goýulýan döwletara gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyny üpjün edýär.

Bellenilişi ýaly, dürli ugurlar boýunça özara gatnaşyklary artdyrmak üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan “Açyk gapylar” syýasaty öňi bilen ykdysadyýetiň köpugurly esasda ösdürilmegine, täze düşewüntli pudaklaryň, öňdebaryjy innowasion çözgütleri we dünýäniň, şol sanda Türkiýäniň oňyn tejribesini ulanmak arkaly döwrebap önümçilikleriň döredilmegine gönükdirilen giň gerimi özgertmelere zerur mümkinçilikleri açýar.

Onlaýn duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň we Türkiýäniň parlamentleriniň ýolbaşçylary iki doganlyk halklaryň syýasy-ykdysady gatnaşyklarynyň yzygiderli çuňlaşdyryljakdygyna ynam bildirdiler. Bar bolan mümkinçilikleriň we ikitaraplaýyn ösüşe umumy gyzyklanmalaryň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň köpýyllyk tejribesiniň özara bähbitlere kybap gelýän täze bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak üçin şertleriň sazlaşykly ösüşi üpjün edýändigi bellenildi.

***

Şu gün Türkmenistanyň wekiliýeti Garaşsyz Döwletleriniň Arkalaşygynyň Ykdysady geňeşiniň wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen 87-nji mejlisine gatnaşdy.

Türkmenistan hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda netijeli sebit we halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gönükdirilen daşary syýasy ugruny durmuşa geçirmek bilen, GDA-nyň çäklerinde hem bu gatnaşyklara ygrarlydygyny görkezýär.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen ýurdumyzyň GDA-da başlyklyk etmeginiň çäklerinde geçen ýylyň oktýabrynda Aşgabatda geçirilen GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde kabul edilen GDA gatnaşyjy döwletleriň ykdysady hyzmatdaşlygy hakyndaky Jarnama munuň aýdyň subutnamasydyr.

Şu mejlisiň barşynda ykdysady hyzmatdaşlygyň wajyp meseleleri boýunça pikir alşyldy, birnäçe resminamalara garaldy.

Hususan-da, 2020-nji ýyla çenli döwür üçin GDA-nyň ykdysady ösüş strategiýasyny durmuşa geçirmegiň esasy netijeleri hem-de 2030-njy ýyla çenli döwür üçin şeýle strategiýanyň birinji tapgyryny (2021 — 2025-nji ýyllar) durmuşa geçirmek boýunça çäreleriň meýilnamasynyň taslamasyna hem-de GDA gatnaşyjy ýurtlaryň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin innowasiýa hyzmatdaşlygynyň Döwletara maksatnamasynyň taslamasy baradaky maglumatlar diňlenildi.

GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň nobatdaky mejlisini şu ýylyň dekabr aýynda Moskwada geçirmek göz öňünde tutulýar.

***

Şu gün ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärleriniň we BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) ýurdumyzdaky wekilhanasynyň gatnaşmagynda geçirilen wideoduşuşyk tertibindäki maslahatda COVID-19 pandemiýasy mahalynda maglumatlary netijeli ýaýratmagyň ähmiýeti barada gürrüň edildi.

Birleşen Milletler Guramasy we onuň iri ýöriteleşdirilen düzümleri bilen özara hyzmatdaşlyk hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda yzygiderli amala aşyrylýan Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugry bolup durýar.

BMG-niň Çagalar gaznasynyň ýurdumyzdaky wekilhanasynyň baştutany hanym Kristina Weýgand maslahatyň dowamynda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň COVID-19 ýokanjynyň öňüni almakda we adamlaryň, aýratyn-da çagalaryň saglygyny goramakda möhüm orun eýeleýändigini nygtady.

Bellenilişi ýaly, häzirki döwürde koronawirus ýokanjyna garşy göreşmek bilen baglanyşykly maglumatlary köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde beýan etmegiň netijeli usullaryny işläp taýýarlamak we olary ulanmak Türkmenistan bilen ÝUNISEF-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň esasy ugry bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, bu ugurda alnyp barylýan işlere ýokary baha berildi.

“Töwekgelçilik hakynda maglumat bermegiň möhüm ugurlary: mekdepleriň açylmagy we ene-atalar üçin habar berilmegi” hem-de “Sebitleýin tejribe we öňdebaryjy tejribäniň ugurlary” mowzuklarynyň tanyşdyryş çäreleri guraldy.

Wideomaslahata gatnaşyjylar häzirki zaman jemgyýetiniň durmuşynda täze tehnologiýalara möhüm ähmiýet berilýändigini nygtap, degişli onlaýn serişdelerini we ikitaraplaýyn taslamalary mundan beýläk-de öňe ilerletmek üçin sanly ulgamy işläp taýýarlamagyň zerurdygyny bellediler.

  • 13
  • 16.09.2020