MAKALA

Täze hünär — täze gözýetim

(Gysgaldylyp alyndy)

Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde 2020 — 2021-nji täze okuw ýylyndan ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň birnäçesinde täze hünärler açyldy. Ine, şolaryň biri-de, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetine degişlidir. Has anygy, bu bilim ojagynda täze okuw ýylyndan rus dili hünäri açylyp, oňa 25 talyp kabul edildi. Bu barada Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň rus dili kafedrasynyň müdiri, filologiýa ylymlarynyň kandidaty Amangözel Kakaýewa şeýle gürrüň berdi:

— ...Daşary ýurt dillerini öwretmek boýunça täze hünärleriň açylmagy halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşant goşjak ökde hünärmenleriň taýýarlanmagynda-da möhüm ähmiýete eýedir. Hormatly Prezidentimiziň Karary bilen kabul edilen «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak, berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmak, hilini ýokarlandyrmak we okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek maksady bilen, roman-german we gündogar dilleri fakultetinde täze açylan rus dili hünäri boýunça talyplar tölegli esasda okadylyp başlandy. Rus dili hünärine kabul edilen talyplar ýokary okuw mekdeplerinde bu ugurdan bilim berýän kämil hünärmenler bolup ýetişerler. Sebäbi bilim ojaklarynda, ýokary okuw mekdebimizde hem rus dili we edebiýaty ugrundan okadar ýaly kämil hünärmenleriň zerurlygy ýüze çykýar. Şoňa görä-de, bu ugurdan döwrebap hünärmenleri taýýarlamaga girişildi...

 

Sona Durdyýewa,

«Türkmenistan».

  • 58
  • 08.10.2020