MAKALA

Eplenýän ekranly telewizor

Eplenýän ekran tehnologiýasynda dünýäniň öňdebaryjy kompaniýasy hasaplanýan «LG Electronics» geçen ýyl tanyşdyran eplenýän ekranly «Signature OLED R» telewizorynyň satuwa çykarylandygyny mälim etdi. Ululygy 65 dýuým bolan telewizory aňsatlyk bilen epläp bolýar. Ilkinji nobatda, Koreýa Respublikasyndaky müşderilere ýetiriljek telewizoryň bahasynyň 100 million won (85 400 dollar) boljakdygy mälim edildi. Täze telewizor kompaniýanyň «2019 OLED» seriýasyna degişli telewizorlarynda hem oturdylan, 2-nji nesle degişli «Alpha 9» mikroprosessor bilen üpjün edilen. «ThinQ» atly emeli aň tehnologiýasy bilen üpjün edilen telewizor «Amazon Alexa» we «Google Asistan» ýaly hyýaly «kömekçilerini» hem işledýär. 100 milliondan gowrak pikseli bolan ekran şekilleri hakykata has ýakyn görkezýär.

 

Söýünmyrat Rejepgeldiýew,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.

  • 41
  • 08.10.2020