MAKALA

Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany!

Bedew bady bilen has öňe barýar,

Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany!

Arkadagymyz hemmä görelde bolýar,

Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany!

 

Bitaraplyk — asudalyk diýmekdir,

Bitaraplyk — erkanalyk diýmekdir.

Bu gün türkmen ilim polat deý berkdir,

Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany!

 

Bu Watana gülläp ösüş ýaraşýar.

Bu Watana ýagty geljek garaşýar.

Türkmen halky ýeňişlere dalaşgär,

Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany!

 

Müňýyllyk taryhda türkmeniň ady,

Dolandyr jahana şöhratly bady.

Ýüregimiň güýji, köňül kuwwaty,

Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany!

 

Şahyrlar, bagşylar waspyňy edýär,

Seniň şan-şöhratyň çar ýana ýetýär.

Daňlaryň saz bilen asuda atýar,

Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany!

 

Türkmenistan Watanym!

 

Şapak dogup älem-jahan ýagtylýar,

Howasynda gülleň ysy bark urýar,

Türkmen ilim ösüşlerden galkynýar.

Täze günde täze daňy atanym,

Müdimidir meniň eziz Watanym!

 

Ösüş ýollarynda bedew deý bady,

Bu gün Arşa galýar türkmeniň ady,

Ýurdumyz gül açýar, göwünleň şady.

Ak ýollarda belent maksat tutanym,

Müdimidir meniň eziz Watanym!

 

Bäş welaýat, göýä, bäş dogan ýaly,

Milli buýsanjymyz bedew, el haly,

Belent sepgitlerde ýurduň ykbaly.

Belentlige belent ruhda ýetenim,

Müdimidir meniň ata Watanym!

 

Serdar Rejepow.

 

 

Watanymyň serhedini goraýan!

 

Oglanjykkam oýnap munda erkana,

Ak günleri bagra basdym görkana,

Bu gün bolsa esger bolup merdana,

Watanymyň serhedini goraýan!

 

Batly gadamlara goşandym goşup,

Säher kimin dogup, şapak deý ýaşyp,

Dag-düzlerden, deňiz-derýadan aşyp,

Watanymyň serhedini goraýan!

 

Iýen halal duzum haklarym ýaly,

Mydama saklaryn şöhratyň-şanyň,

Ýollar uzasyn diýp geljege sary,

Watanymyň serhedini goraýan!

 

Bagtyýar illeriň bähbidin arap,

Armanym ýok bilsem topragym gorap,

Bu gün ak geljege buýsançly garap,

Watanymyň serhedini goraýan!

 

Ýürekde ýaşasyn mähriban ene

 

Ömrümize siňip giden sena deý,

Ýürekde ýaşasyn mähriban ene.

Kalbymyzyň päkligine pena deý,

Ýürekde ýaşasyn mähriban ene.

 

Ömür bolup girsin ýürek törüne,

Nurun goşup dünýämiziň nuruna,

Kakyp mydam göwünleriň taryna,

Ýürekde ýaşasyn mähriban ene.

 

Ömrün gül içinde sürsün sapaly,

Perzentleri bolsun ýurda wepaly,

Ýerde mesgen tutan daglar mysaly,

Ýürekde ýaşasyn mähriban ene.

 

Mekan Baýramow.

  • 48
  • 09.10.2020