MAKALA

Ýaraglanan dron: Angliýada döredilen täze uçarmansyz uçuş enjamy

Beýik Britaniýanyň Ýaragly güýçleri ýaraglandyrylan drony synagdan geçirip başlady. Ol binalaryň içinde uçup we emeli intellekt (EI) ulanyp nyşanalary kesgitläp biler diýip, «The Times» habar berýär.

Alty perli we uzynlygy bir metre golaý bolan uçarmansyz uçuş enjamy şäher çaknyşyklarynda ulanylar. Häzirki wagtda ol iki sany stabilizirlenen ýarag bilen ýaraglanyp, raketa we pulemýot ýaly beýleki ýaraglar bilen synag edilmegine garaşylýar. Kameralar we beýleki tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan dronda adamlary we beýleki zatlary kesgitlemek we toparlara bölmek üçin awtoulaglarda ulanylýan tehnologiýa bar. Bu enjama «i9» diýip at berildi.

  • 50
  • 09.10.2020