MAKALA

Halallyk kyssalary

Tapylgysyz bossanlyk

Soltan Mahmyt Gazna şäherinde örän uly bag-bossanlygy bina etdiripdir. Zeminiň ýedi yklymynda bitýän ot-çöpdür daragtlar, hoş owazly dürli guşlar bu bagyň zynatyna öwrülipdir. Bossanlygyň gurluşyk hem timar işleri bitensoň, Mahmyt Gaznaly kakasy Söbüktegini bu baga gezelenje çagyrypdyr. Şahana desterhanlar ýazylyp, uly hezzet edilipdir. Soltanyň gurduran Gazna bagy jennetden bir parça ýaly bolup durmuşyn. Hezzet-hormatdan, duz-tagamdan soňra Soltan Mahmyt kakasyndan bu bag hakdaky pikirini sorapdyr. «Eziz ogul, bu bagyň howasy şeýle bir näzik. Guşlaryň sesi göwün açyjy, emma beýle bagy gurby bolan islendik adam bina edip biler. Hökümdarlar her kesiň gurup bilmejek we miwesi özge baglarda tapylmajak bag-bossanyny gurmalydyr» diýipdir. «O nähili bag? Salgysyny berseň, öwüt-sargydyňy ýerde goýmaryn» diýip, Soltan Mahmyt sorapdyr. «Ol bagyň miweleri şeýle bir datly, şeýle bir enaýy, hatda gyşyň aňzagy, tomsuň jöwzasy, ýazyň ýeli, güýzüň şemaly hem ol miwelere hiç hili täsir edip bilmeýär. Bu bossanlygyň topragy — ýagşyzadalaryň, akyldarlaryň, alymlaryň we şahyrlaryň ýüregidir. Bu bossanlygyň daragtlary — jomartlyk we ýagşylyk nahallarydyr. Ana, sen şeýle bossanlygy hasyl etseň, bu babatda hiç kimse seniň bilen bäs edip bilmez» diýip, Söbüktegin jogap beripdir.

***

Ýagşy niýetler birigende

Gökleriň ýagmyry kesilip, zeminiň berekedi egsilen bir döwürde uzak Gündogaryň türkmen hökümdary Hakan il-ulsy alaň-açyk meýdana çagyryp, ýagmyr dogasyny okamaga başlapdyr. Emma hernäçe okalsa-da, Asmandan nem dammandyr. Raýatlaryň haly teň bolupdyr. Ýagdaýlar barha kynlaşypdyr. Açlyk-gahatlyk ýurdy gurşap alypdyr. Asmandan enaýat bolmansoň, ahyry öz gara güýçlerine daýanmagy müwessa bilipdirler. Zemine ýapyşypdyrlar, emma gazylan guýular, kärizler hem netije bermändir. Nämedir bir zat ähli suwy sokga soran ýalymyşyn. Diňe uzakdan seleňläp görünýän daglaryň göwsünde içimlik suwuň bardygyny, emma ony bärik aşyrmagyň örän müşgildigini şol jelegaýyň çopan-çolugyndan bilip bolýan eken. Iň soňky çykalga hökmünde gara demre güýji ýetýän her bir ýaş-ýeleň, garry-gartaň adamlar şol daga bakan ýönelipdir. Bir, iki, üç gün işläpdirler. Emma şu gün dilseler, ertesi gün öňki katdyna dolanýan Kap dagy ýaly, bu dagy hiç köwüp bilmändirler. Ahyry lapykeç bolup, ählisi yzlaryna dolanypdyrlar. Hakan näderini bilmändir. Ýurduň ähli alymlaryny, akyldarlaryny ýygnapdyr. «Her bir zadyň hökman bir çäresi ýa çykalgasy bolaýmaly. Biz bilýän zatlarymyzy, akylymyza gelenleri berjaý etdik, ýöne netije gazanmadyk. Kimde nähili jaý maslahat bar bolsa, içini döksün, pikirini paýlaşsyn. Bu wagt ýerlikli pikirden gymmatly hiç zat ýok» diýipdir. Olaryň arasynda biri beýlekisine gabat gelýäni hem, çapraz düşýäni hem bar eken. Ýöne ählisi syrygyp, ýene-de şol öňki ýerine ýetirilen amallara baryberýän eken. Bu pikirleriň hiç biri Hakanyň göwnünden turmandyr. Ahyry Gürgençde tälim alan bir ýaş oglan söze idin sorap, ör turupdyr: «Kyblaýy älem, bize ders beren ussadymyz käteler käbir işleri niýetleriň güýji bilen bitirip bolýandygyny kän ýaňzydýardy. Durmuşdan dürli mysallar getirerdi. Ýagmyr isläp, elimizi Asmana göterenimizde, her kimiň kellesinde dürli pikir öwüsýän bolsa, her kim diňe öz bähbidini göz öňüne getirýän bolsa, pikirler dagynyk, hyýallar çapraz bolsa, netije bolmaz diýerdi. Ýagşy niýetler bir asylly maksat üçin birigende, arzuwlar hökman hasyl bolýar diýip aýdardy. Ýagmyr üçin açyk meýdana çykmagyň zerurlygy ýok, her kim niýetinde birmeňzeş maksady saklasa, ol uzaga çekmän, hökman hasyl bolar» diýipdir. Galan ähli çäreler birlaý edilensoň, ýene-de täze pikirden başga göwnüňi ýelejiredip, umyt çaýjak başga bir zat ýok. Ýaş oglanyň pikirini ileri tutup, her kimiň şol maksatdyr niýet bilen gezmelidigi ündelipdir. Aradan üç gün geçensoň, ilat uzakdan eşidilýän bir sese oýanypdyr. Hälki dagyň bir gyrasy opurylypdyr-da, asyrlarboýy depede saklanyp duran suw aşak inipdir. Ýaplar-aryklar süýji suwdan dolupdyr. Hakan ýaş oglanyň pikirine uýanyna monça bolupdyr. Dogrudanam, ýagşy niýetler bir asylly maksat üçin birigende bitmän galýan hiç bir iş ýok, hatda ol asyrlarboýy sarsman duran daglary hem gobsundyryp bilýär.

«Halallyk kyssalary» atly kitapdan.

  • 52
  • 10.10.2020