MAKALA

Diller – dostluk köprüsi

Halkymyz hemişe çeper söze hormat goýup, süýji, çeper dilli, haýsy hem bolsa bir daşary ýurt dilini bilýän adamlary sylapdyrlar. Dil ynsanlary ysnyşdyrýan, birek-birege ýakynlaşdyrýan serişde hasaplapdyrlar. Özge halklaryň dilini bilýän kişiler beýleki milletler bilen dostlukly gatnaşyklary saklamakda, söwda bilen bagly hyzmatdaşlyklary ýola goýmakda uly ähmiýete eýe bolan wezipäni ýerine ýetiripdirler.

Häzirki ylym-tehnikanyň örän tiz ösýän döwründe daşary ýurt dillerini öwrenmek ylym äleminde maksadyňa ýetmegiň iň bir ygtybarly serişdesi hasaplanylýar. Ylym we dil baýlygy ynsanyň könelmejek, hemişe ýoluňa ýagty saçjak şahsy baýlygydyr. Dostlukly halklaryň dilini bilseň, gözýetimiň giňeýär. Elbetde, ýaşlary döwrebap terbiýelemekde hem diliň ähmiýetiniň örän uludygyny ýeri gelende bellemek gerek. Häzirki döwürde dünýäniň islendik ýurtlarynyň däp-dessury, edebiýaty, medeniýeti bilen tanyşmak bolýar. Şeýle hem çeper, ylmy edebiýatlary okap bolýar. Islendik halkyň dilinde ýazylan ylmy, edebi makalalary öwrenmek mümkin. Iňlis, nemes, rus, hytaý, ýapon we beýleki dillere degişli sözlükleri, dil öwrenmek üçin gollanmalary göçürip almak mümkinçilikleri hem bar. Olaryň hemmesi ýaşlarymyzyň dil öwrenmek işlerini ýeňilleşdirýär. Dilini öwrenýän halkynyň ýurdy, medeniýeti, tebigaty bilen ýakyndan tanşyp bilýärler.

Ýaşlara dil bilimini öwretmekde Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe has hem uly üns berilýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda dünýä döwletleri bilen hyzmatdaşlyk barha ösdürilýär. Watanymyzyň alyp barýan hemişelik Bitaraplyk syýasaty esasynda ýurdumyz dünýä döwletleri bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürýär. Hut şonuň üçin hem ýurdumyzyň bilim ojaklarynyň ählisinde ýaşlara dürli bilimleri bermek bilen bir hatarda, daşary ýurt dillerini hem öwretmäge uly üns berilýär.

Häzirki bagtyýarlyk döwrümizde ösüp gelýän ýaş nesliň döwrebap bilim almagynda giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun! Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe durmuşa geçirýän halk, Watan bähbitli beýik işleri rowaç bolsun! Ösüş-özgerişlere beslenip, bedew bady bilen öňe barýan Diýarymyz mundan beýläk hem gülläp össün!

Suraý Rahmanberdiýewa,

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymy.

  • 27
  • 09.11.2020