MAKALA

Bitaraplyk baýramyna buýsanç

Halys ýürek bilen berildim saňa,

Meniň eziz ýurdum, Bitarap Watan.

Sen bilen ýetdik biz nurana daňa,

Meniň eziz ýurdum, Bitarap Watan.

 

Saňa uzap gelýär dünýäň ýollary

Ol doganlyk ýoly, dostluk ýollary.

Arkadagyň çuňňur syýasatyndan

Nusga alyp ösýär dünýäň illeri.

 

Şatlygyň, şowhunyň ýoludyr bu ýol,

Şirwana çykyplar joş sen, bagşy, joş.

Ýurduň Bitaraplyk beýik baýramy —

Alnymyzda lowurdaýar Ýigrimi bäş.

 

Tutuş dünýäň ýüzün bakdyryp bize,

Ol sazy ýatladýar şowhuny bilen

Şowhuna şan beren Bagtyýarlygym

Ýatladýar ýazlary owsuny bilen.

 

Duýup gadyr-gymmatyn Bitaraplygyň

Kalpda buýsanç joşýar misli bir derýa.

Lowurdadyp Arkadagyň ak ýolun

Eziz halkym beýik geljege barýar.

 

Ynsanperwerlikdir Bitaraplygym,

Gorap ýör Zeminde parahatlygy

Gowulyga çagyryp ähli halklary,

Peşgeş berýär dünýä rahatlygy.

 

Bitaraplyk — parahatlyk, jebislik,

Bitaraplyk — mizemejek gymmatym.

Giň jahana çaýyp tylla şuglasyn,

Ýakymna çaýyp ýör dünýäň ymmatyn.

 

Binalar gurýarys juda ýakymly

Dostlugmyz deý örän belentdir olar.

Asmana sepleşýän beýik binalaň

Depesinden dünýä syn edip bolar.

 

Dünýä ykrar eden Bitaraplygym

Mizemezlik bilen şan berýär dünýä.

Dünýäň depesinde nurana Diýar

Gör, neneň ajaýyp bolup görünýär.

 

Ýaşyl ýazy joşly gelýän Diýarym,

Owazasy güýçli gelýän Diýarym.

Säherleri sergin, howasy hoştap.

A:l bahardan bähre alýan Diýarym.

 

Gadyma hormat bar, mirasa sarpa,

Arkadagyň dünýä göreldesinde.

Däp-dessurlaň şeýle ajap waspy bar,

«Türkmeniň döwletlilik ýörelgesinde».

 

Buýsanjym bar Bitaraplyk derejä

Ýürek buýsanjym bar her bir kyssamda.

Arkadagyň eserinde waspy bar,

Ajaýyp «Bitarap Türkmenistanda».

 

Bitaraplyk — tutuş dünýäň ýüzünde

Gudratdyr beýik işler bitirýän.

Bu ýagty jahanda her bir ýaşaýja

Parahatlyk bilen bagt getirýän.

 

Bitaraplyk — dünýämiziň çyragy,

Beýik Bitaraplyk hazyna-genjim.

Arkadagyň aýdyşy dek ajaýyp

Mizemez gymmatlyk. Ýürek buýsanjym.

 

Görüň, toý-tomaşaň çägi ýok bu gün,

Şatlyk-şowhunymyz galýar asmana,

Hemişelik Bitaraplyk derejäm

Ýene bize ýollar açýar ösmäge.

 

Garaşsyz, Bitarap eziz Diýarym,

Ös sen ýene goşa ganatyň bilen

Taglymaty bilen Arkadagymyň,

Dünýäni haýran et zynatyň bilen.

 

Ýetip gelýär Bitaraplyk baýramym,

Çyk şirwana, joş sen ýene, bagşym, joş!

Arkadagyň çuňňur paýhasy bilen

Alnymyzda lowurdaýar Ýigrimi bäş.

 

Orazdurdy Atahanow,

Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti.

  • 36
  • 10.11.2020