MAKALA

Hepdelik Bitaraplyk baýramyna bagyşlandy

Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň ähli harby bölümlerinde «Bitaraplyk — parahatlyk baýdagy» ady bilen hepdelik geçirildi. Adyndan belli bolşy ýaly, hepdelik baky Bitaraplygymyza bagyşlanan çärelere baý boldy. Ýokary guramaçylyga beslenen hepdelikde harby gullukçylar «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» şygara beslenen ýylymyzyň häzirki günlerinde hemişelik Bitaraplygymyzyň 25 ýyllyk baýramy mynasybetli ýurdumyzda döwlet hem halkara derejesinde alnyp barylýan çäreler, durmuşa ornaşdyrylýan işler, şeýle hem syýasy-jemgyýetçilik ähmiýeti bolan maglumatlar, ýurdumyzdaky we dünýädäki habarlar, täzelikler bilen tanyşdyryldy. Hepdeligiň dowamynda «Bitaraplyk baky parahatlykdyr» ady bilen Birleşen Milletler Guramasynyň ykrar etmeginde eziz ýurdumyza berlen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesiniň, döwlet serhediniň mizemezliginiň nyşany bolan serhet belgisine hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň teklibi bilen zeýtun şahasynyň şekiliniň girizilmeginiň, şonuň ýaly-da ählihalk tarapyndan makullanyp, kabul edilen Türkmenistanyň rejelenen görnüşindäki Konstitusiýasynyň many-mazmuny barada wagyz-nesihat işleri geçirildi.

«Türkmenistanyň Serhet goşunlarynyň Bitaraplyk ýörelgämizden we Harby doktrinadan gelip çykýan wezipeleri» mowzugynda şahsy düzüm bilen guralan okuw sapaklarynyň ähmiýeti hem diýseň uly boldy.

Nusgawy hem-de häzirki zaman ýazyjy şahyrlarymyzyň agzybirligi, parahatçylygy, dostlugy wasp edýän şygyrlary boýunça geçirilen çeper okaýyş agşamlarynyň terbiýeçilik ähmiýeti aýratyn bellärliklidir.

Bular bilen bir hatarda, hepdäniň dowamynda Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylarynyň we işgärleriniň arasynda guralan sport ýaryşlaryna-da işjeň gatnaşyp, serhetçi türgenler baý tejribe topladylar.

Umuman, şeýle çäreleriň dowamly guralyp durmagy harby gullukçylaryň watançylyk duýgularyny güýçlendirmekde uly ähmiýete eýedir.

 

«Serhet abat — Döwlet abat».

  • 33
  • 10.11.2020