MAKALA

Serhetçi tennisçileriň üstünligi

Öň habar berşimiz ýaly, şu günler ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby türgenleriniň arasynda hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli sportuň dürli görnüşleri boýunça sport bäsleşikleri gyzgalaňly ýagdaýda dowam edýär. Golaýda Türkmenistanyň Serhet institutynyň sport toplumynda sportuň kiçi tennis görnüşi boýunça ýaryşlarynyň jemi jemlendi. Ýaryşa ökde harby türgenler gatnaşyp, baýrakly orunlary eýelediler. Ýaryşda toparlaýyn birinji orny Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň «Galkan» toparynyň, ikinji orny Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň «Serhetçi» toparynyň, üçünji orny Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň «Watançy» toparynyň türgenleri eýelemegi başardylar. Ýeňiş gazanan toparlara Hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Harby türgenler şular ýaly ýaryşlary geçirmäge ähli mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Belent Serkerdebaşymyza köp sag bolsun aýtdylar.

 

«Serhet abat — Döwlet abat».

  • 30
  • 10.11.2020