MAKALA

Orta asyr türkmen döwletlerinde pul dolanyşygy

Döwletleriň taryhyny öwrenmekde teňňeleriň aýratyn orny bar. Yslamyň ornaşan ýerlerinde teňňeleriň ýüzündäki adam şekili, beýleki suratlar ýazgylar bilen çalşyrylypdyr. Bu döwürde teňňeler metaldan ýasalan resminama öwrülip, onuň ýüzünde teňňeleriň çykarylan ýeri, senesi, gymmaty, şeýle hem hökümdaryň ady, onuň lakamy, musulman dininiň nyşany bolan keleme ýerleşdirilipdir.

Gadymy teňňeleriň üsti bilen taryhy wakalary, ýurduň ykdysady ýagdaýy, beýleki ýurtlar bilen syýasy we ykdysady gatnaşyklary öwrenmek bilen birlikde şol döwrüň tehnikasyny, sungatynyň ösüş derejesini hem-de adamlaryň ruhy baýlygyny-da öwrenmek bolýar.

Beýik türkmen seljuk şadöwleti

Seljuklaryň döwründe zikge kakmagyň usullary örän pes derejede bolupdyr. Teňňeleriň gyralary kesilip, gädilip, olaryň hiç birisiniň hem ýüzüne möhür doly suratda düşmändir. Birnäçeleri bolsa zikge kakylanda iki, üç gezek urlup, olaryň ýüzündäki ýazgylar düşnüksiz we örän ýüzleý çykypdyr. Gyralarynyň gädilmegi teňňeleriň agramlarynyň hem dürli-dürli çykmagyna getiripdir. Munuň özi teňňeleriň san boýunça däl-de, numizmat (pullaryň taryhyny öwreniji) T.Hojanyýazowyň bellemegine görä, agramy boýunça ýörändigini görkezýär.

XI asyrda Gündogaryň musulman ýurtlarynda pul çykarmak üçin kümşüň ýetmezçilik etmegi sebäpli, onuň nyrhy örän ýokary galypdyr. Bu döwürde Seljuklar, Gaznalylar ýaly ykdysady taýdan güýçli döwletler altyn teňňelere geçen bolsalar, beýleki döwletler mis teňňeleri zikgelemäge geçip, birnäçesi pul zikgelemegi düýbünden bes edipdir. Beýik Türkmen Seljuk döwletiniň pul dolanyşygynyň ilkinji döwründe, soltan Togrul begiň (1040 — 1063) döwründe altyn pullar örän köp mukdarda dolanyşyga goýberilipdir. Ýöne şol bir wagtda wagtal-wagtal arassa kümüş teňňeler hem pul dolanyşygynda peýda bolupdyr.

Muhammet Togrul begiň adyna 1041-nji ýylda zikgelenen altyn dinarda «al-amir as-adžal» (Beýik emir) we «al-amir as-saýýid» (Hökümdar-patyşa) diýlip ýazylypdyr. 1045 — 1047-nji ýyllarda zikgelenen teňňelerde bolsa «soltan» we «şalar şasy» diýen ýazgylar peýda bolupdyr. Şol döwürde Dawut Çagry begiň buýrugy bilen Çaganyýanda, Termezde hem kümüş dirhemler zikgelenipdir. D.Dowudi Termezde zikgelenen dirhem barada: «Çagry begiň ady teňňede esasy orny eýeläpdir. Ol halyfyň adyndan soň uly harplar bilen ýazylypdyr. Onuň ogly Alp Arslanyň ady bolsa ownuk harplar bilen ýazylypdyr. Çagry begiň Çaganyýan dirhemleriniň aýratynlyklarynyň biri, bir nusgada ýaý bilen peýkamlaryň bilelikdäki, beýlekide aýratynlykdaky şekiliniň bolmagydyr» diýip belleýär.

Soltan Alp Arslan öz hökümdarlygynyň ilkinji ýyllaryndan başlap altyn bilen kümşüň garyndysyndan ýasalan agymtyl-sary reňkdäki dinarlary dolanyşyga goýberipdir. Düzüminde diňe on göterime ýakyn altyn bolan bu dinarlary arassa altyn dinaryň hümmeti we nyrhy bilen kabul edilen halatlary bolupdyr. Alp Arslanyň bu geçiren ykdysady çäresi netijesinde, döwletiň gaznasy baýapdyr. Şol bir wagtda arassa altyn teňňeler hem goýberilipdir. Soltan Alp Arslanyň hökümdarlyk süren döwrüniň ähli ýyllarynda teňňeler Merw, Hyrat, Nişapur şäherlerinde zikgelenipdir. Teňňeleriň iki ýüzünde hem Gurhandan alnan gysgajyk bölekler, hökümdaryň ady we lakamy ýazylypdyr.

Arassa altyn teňňeler döwletiň syýasy hem ykdysady merkezleri bolan Nişapur, Merw, Reý, Hemedan, Bagdat, Nehawend, Ahwaz şäherlerinde zikgelenip, ýurduň ähli künjeklerine ýaýradylypdyr. Orta asyr taryhçylarynyň maglumatlaryna görä, bu döwürde Seljuklar jahan döwletinde iki görnüşli: «gyzyl reňkli altyn» hem-de agymtyl sary reňkde bolan «rukin» diýen elektra dinarlar zikgelenipdir. XIV asyryň taryhçysy Hamdallah Kazwininiň galdyran maglumatlary boýunça Seljuklar jahan döwletinde salgyt «gyzyl reňkli altyndan» zikgelenen dinarlardan ýygnalyp, ol 21 müň 500 tümene (tümen — on grana deň bolan pul birligi. Gran bolsa tümeniň ondan birine barabar bolan pul birligi) barabar ýa-da 215 million dinar (altyn teňňe) bolupdyr.

Alp Arslanyň döwründe zikgelenen teňňeleriň ýüz tarapynda, adatça, bir ýa-da iki çyzykdan ybarat tegelegiň ýokarky böleginde tagma, ortasynda yslam dininiň nyşany bolan kelemäniň gysgaldylan görnüşi, iň soňky setirde bolsa Bagdat halyfy Al-Kaim Biamrillahyň (1031 — 1075) ady ýazylypdyr. Teňňeleriň gyrasyndaky iki setirden ybarat aýlaw ýazgysynyň içinde teňňeleriň ady, senesi we zikge edilen ýeri hakynda maglumat berlipdir. «Allanyň ady bilen şu dinar Hyrat şäherinde 455-nji (sene hijri ýyl hasabynda berlipdir) ýylda zikgelendi». Teňňeleriň çykan ýyly sanlar bilen däl-de, arap sözleri arkaly görkezilipdir. Aýlaw ýazgynyň daşky setirinde orta asyr yslam nesilşalarynyň hemmesiniň hem pulunda bolşy ýaly, Gurhanyň 30-njy süresiniň 3-nji we 4-nji beýtleri göçürilip ýazylypdyr. Teňňeleriň arka tarapynda bir ýa-da iki çyzykdan ybarat tegelegiň ýokarky böleginde tagma ýa-da «adyl» diýen söz, ortasynda bolsa: «Muhammet Allanyň wekilidir, beýik soltan, şalaryň şasy, yslamyň şasy Alp Arslan» diýlip ýazylypdyr. Bir setirden ybarat aýlaw ýazgyda Gurhanyň 9-njy süresiniň 33-nji beýdi ýerleşdirilipdir.

Soltan Mälik şa öz ömrüniň soňky ýyllarynda altyn bilen kümüş garyndysyndan zikgelenen elektra dinarlaryň ýerine gymmaty ondan-da pes bolan teňňeleri çykaryp başlapdyr. Ol teňňeler ýüzüne altyn çaýylan arassa kümüşden zikgelenipdir. Bu teňňeler birnäçe wagt pul dolanyşygynda bolandan soň, ýüzündäki ýukajyk altyn gatlagy aýrylyp, olar arassa kümüş teňňelere öwrülipdirler. Soltan Mälik şanyň adyndan çykarylan teňňeleriň ýazgylary hem Alp Arslanyň teňňelerine meňzeş bolup, olaryň 1075-nji ýyldan soňkularynda halyf Al-Kaim Biamrillahyň adynyň ýerine halyf Al-Muktadynyň (1075 — 1094) ady ýazylypdyr. Teňňeleriň arka tarapynda Alp Arslanyň ady Mälik şanyň ady bilen çalşyrylypdyr. Mälik şanyň teňňeleriniň ýüzünde: «Beýik soltan, şalaryň şasy, yslamyň diregi Mälik şa» diýen ýazgy bolupdyr. Teňňeleriň ýüzüne çekilen tagmalaryň hem käbir aýratynlyklary bolupdyr.

1097 — 1118-nji ýyllar aralygynda Sanjar öz doganlarynyň adyndan hökümdarlyk edýär. Pul dolanyşygy nukdaýnazaryndan alnanda, bu döwür Sanjaryň ady bilen köp mukdarda zikge edilen ownuk mis şaýylary bilen häsiýetlendirilipdir. Agramy babatda örän köp tapawutly bolan bu teňňeler belli bir görnüşe eýe bolmadyk mis bölejiklerinden ybarat bolup, olaryň ýüzüne köp halatlarda möhüriň diňe merkezi bölegi düşüpdir. Bu teňňeler olary çykaran hökümdaryň mülkünden daşarda ýöremändir. Professor M.Massonyň pikirine görä: «Seljuklar döwründe ownuk şaýy pullar akja (gara akja ýa-da pakyr akja) diýlip atlandyrylypdyr. Seljuk soltanlary öz ýaranlaryna onlarça, kähalatlarda bolsa ýüzlerçe müň akjany peşgeş hökmünde beripdirler». Teňňeleriň şeýle köp mukdarda sowgat berlendigine garanyňda, akja, hakykatdan-da, ownuk mis şaýy teňňeler bolupdyr diýip, numizmat T. Hojanyýazow belleýär. Professor S. A. Bukow «akja» diýen sözüň «ak» diýen sypat sözüniň söýgülik derejesidigini, onuň pul birligini aňladýan adalga hökmünde ilkinji gezek ownuk kümüş pul teňňesi hökmünde XIV asyrda Türkiýede ýüze çykandygynyny belleýär. Numizmat T. Hojanyýazow bu barada berýän maglumatlarynda Minusinskiniň ülkäni öwreniş muzeýinde saklanýan Tan nesilşalygy (VII — X) tarapyndan çykarylan hytaý ownuk mis pulunyň ýüzünde «çykyş akja» diýlip, gadymy türk dilinde gazma harplar bilen ýazylan ýazgynyň bardygyny habar berýär.

Gadymy taryhy çeşmelerden belli bolşuna görä, XIII asyrda Rum seljuklarynyň döwletinde «alai» diýilýän altyn dinar we kümüş dirhemler bilen bir hatarda ownuk söwda üçin ulanylan «akja» diýen ownuk teňňe hem bolupdyr. Misden zikgelenen akjalaryň — ownuk şaýlaryň XII asyrdaky hümmeti barada hiç hili maglumat saklanyp galmandyr...

(Dowamy bar).

 

Akmuhammet Annaýew,

Baýramaly etrap bilim bölüminiň baş hünärmeni.

  • 33
  • 10.11.2020