MAKALA

«John Deeriň» täze sürüjisiz traktory

Ýeňil awtoulag önümçiliginde sürüjisiz dolandyrylýan awtoulaglary öndürýän kompaniýalar aýratyn bellärlikli üstünliklere ýetdiler.

Dünýä belli «John Deere» kompaniýasynyň hünärmenleriniň aýtmagyna görä, oba hojalyk tehnikalaryny öndüriji kompaniýalar hem ýokary innowasiýaly tehnologiýalary öndürmek bäsleşiginde yza galmakçy däl. Norwegiýa döwletinde geçen sergide hödürlenen elektrik energiýasy bilen işleýän sürüjisiz traktor geljekde köp zada bizi umytlandyrýar diýip, kompaniýanyň wekilleri belläp geçdiler. Bu traktorda 500 kilowatt sygymlylyk mukdaryndaky batareýa oturdyldy. Geljekde bu sygymlylygy 1 megawatt çenli ýetirmeklik meýilleşdirilýär. Kompaniýanyň hünärmenleriniň bellemeklerine görä, bu traktor oba hojalyk ulgamynda ýönekeý robotlara garanda, has köp zady wada berip biler. Munda doly elektrikleşdirilmek, emeli intellekt, doly awtomatlaşdyrylyş we özbaşdaklyk ýaly ugurlar esasy orny eýeleýär.

 

Internet maglumatlary esasynda taýýarlan Allamyrat Durdymädow,

S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň mugallymy.

«Bereketli toprak» gazeti.

  • 28
  • 10.11.2020