MAKALA

Men-menlik etmezlik

«Türkmen halkynyň ruhy gymmatlyklary» makalalar toplumyndan

Mähriban halkymyz Ýer ýaly pespäl, öz bitiren işlerini hiç wagt diline almaýan, iline keramat, mukaddeslik, adalatyň, belent adamkärçiligiň mizemez terezisi hökmünde garaýan adamlary halaýar. Şoňa görä-de, halkymyzyň döreden ruhy we maddy gymmatlyklarynyň ählisinde pespällik, ile, pukara adamlara hormat goýýan, danalara, ulamalara keramat hökmünde garaýan adamlaryň mizemez keşbi ähli aýdyňlygy bilen görkezilýär.

Bu gymmatlyklarda kiçigöwünlilik, ýönekeýlik, pespällik, sadalyk ýaly ynsanyň ajaýyp sypatlary dürli keşpleriň üsti bilen suratlandyrylýar.

Munuň tersine, mähriban halkymyzda ýerliksiz öwünmek, men-menlik etmek, kişiniň mertebesini peseltjek bolmak, özüňi ilden artyk saýmak, gedemlik, ulumsylyk, bitiren sähelçe işiňi-de uly edip görkezmäge çalyşmak halanmaýan häsiýetlerdir.

Mähriban halkymyz adamyň öz-özüne, öz bitiren işine özüniň baha bermeli däldigini öz nesline hemişe ündäp gelýär. Çünki merdana halkymyz adam üçin iliň bahasyndan ýokary bahanyň ýokdugyna, her bir bitiren işiňe, iliň öňünde bitiren kiçijik hyzmatyňa hem iliň mynasyp baha berýändigine anyk göz ýetirýär. Şoňa görä-de, öz nesline il gözüniň terezidigini, iliň her bir bitiren işiňe baha berýändigini, şonuň üçin hem, il içinde öz zähmetsöýerligiň, halallygyň, dogruçyllygyň, adalatlylygyň, pespälligiň, sahawatlylygyň, dogry sözlüligiň, lebzihalallygyň, ýürekdeşligiň, adama ýakyn durýanlygyň bilen at-abraý gazanmagy hemişe ündäp gelýär.

Mähriban halkymyzyň döreden «Il agzy – keramat», «Il gözi – terezi» ýaly nakyllary munuň aýdyň subutnamasydyr. Bu nakyllaryň örän uly many kökleri bar. Bu nakyllar ruhy dünýäsi, durmuş tejribesi örän baý halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda başdan geçiren wakalarynyň, durmuş synaglarynyň önümidir. Bu nakyllarda mähriban halkymyzyň islendik zada baha berjekdigi, edilen işleriň, halkyň bähbidine edilen tagallalaryň, çekilen zähmetiň, bitirilen hyzmatlaryň hiç wagt ünsden düşürilmejekdigi, baha berilmän ýitip gitmejekdigi aýdyň görkezilýär.

Mähriban halkymyzyň halk döredijiliginde men-menlik edip, öwnüp, çenden-çakdan geçen, özüni tanamadyk, öz mümkinçiliklerine aşa baha berip, boş ýere öwünýän, öz bitiren hyzmatyny örän uly edip görkezjek bolýan adamlaryň keşbi, ahyrsoňunda olaryň düşýän ýagdaýy ähli aýdyňlygy bilen görkezilýär.

Mähriban halkymyzyň örän uly edebi gymmatlygy bolan, ensiklopedik häsiýetli eserde – «Görogly» şadessanynda baş gahryman Göroglynyň çensiz-çaksyz öwnüp, ähli çäklerden geçişi, özüne çenden artyk baha berşi, Beýik Biribardan daş düşüşi şeýle suratlandyrylýar:

«Haý, Öwez jan!

— Lepbeý, aga.

— Nowşirwan adylam meniň ýaly adyllyk bilen ýurt soran däldir gerek?!

— Rastdyr, aga!

— Hatam Taýam meniň ýaly ýurda aş beren däldir gerek?!

— Rastdyr, aga!

— Hezreti Alam meniň ýaly iş bitiren däldir gerek?!

— Haý, aga, gatyrak gitdiň-ä. Kärhana gol saldyň, aga!».

Netijede, Görogly öz eden men-menligi, gedemlik edendigi, çendenaşa öwnendigi, ýerliksiz sözleri üçin mynasyp jeza alýar. Arap Reýhanyň eline düşüp, köp ejirleri, azaplary görýär. Öz eden men-menligi üçin ökünmeli bolýar.

Göroglynyň öz eden men-menligine, ýerliksiz öwünmegine ökünji, ahmyry, toba gelmesi eserde şeýle beýan edilýär:

Men-menlik edip men tapdym,

Küffar, sen men-menlik etme!

Bu mysal men-menlik edip, öz güýjünden artyk hereket edip, özüni tanamadyklaryň, özüni ilden ýokary, aýratyn tutýanlaryň, özüni ilden beýik, aýratyn hasaplaýanlaryň ahyrsoňunda düşjek gününi aýdyň görkezýär.

Men-menlik etmek, ilden özüňi ýokarda goýmak halkymyzyň ruhunda ýok, köklerinde ýok, durmuş pelsepesinde ýok, köpasyrlyk tejribesinde ýok. Hut şonuň üçin hem, merdana halkymyzyň döreden örän uly ruhy gymmatlygy bolan halk döredijiliginde ýersiz-ýere öwünýänler, özüni ilden ýokarda goýjak bolýanlar, men-menlige gözüni gapdyrýanlar, özüne çendenaşa ýokary baha berýänler berk ýazgarylýar. Halkymyzyň döreden dürdäne eserlerinde şeýle häsiýetli adamlaryň düşýän agyr güni, görýän görgüsi ähli aýdyňlygy bilen görkezilýär. Halkymyz şeýle häsiýetli adamlaryň anyk keşbini halk döredijiliginde doly görkezmegi başarypdyr.

Beýik akyldar, halkymyzyň milli buýsanjyna öwrülen Magtymguly Pyragy hem men-menlik etmeli däldigini, özüňe öz-özüň däl-de, iliň baha bermelidigini, ilden özüňi hiç wagt ýokary tutmaly däldigini öz ölmez-ýitmez eserlerinde görkezipdir. Muňa beýik akyldaryň:

Akyl adam söz başlamaz «men» bilen.

* * *

Tapsaň-da dünýäde mülki-isgender,

Karunyň maly hem bolsa miýesser,

Ahyry bolar sen ýerge barabar,

Köňlüňde men-menlik satyjy bolma — diýen setirleri aýdyň şaýatlyk edýär.

Görşümiz ýaly, halkymyzyň aňyýetinde men-menlik etmek, özüňi ilden ýokary tutmak, bitiren garynja ýaly işiňi pil ýaly edip görkezmäge çalyşmak, ýerliksiz ýere öwünmek, öz-özüňi öwmek, şondan lezzet almak, bitirmedik işiňi bitiren ýaly edip görkezmäge çalyşmak, ýalan abraýa kowalaşmak ýat düşünjelerdir. Ýer ýaly pespäl, sada, diňe öz halal zähmetinden lezzet alýan, beýik ata-babalarynyň ruhuna hemişe, her bir işde sygnyp gelýän mähriban halkymyz üçin hiç wagt kabul edip bolmajak, jemgyýetiň halamaýan düşünjeleridir. Hut şonuň üçin hem, mähriban halkymyzyň «Özüni öweniň tanapy çüýrük», «Özüň özüňe baha berme, il saňa baha bersin», «Özüni öwen – akmak», «Özüňden beýigi göreniňde pikir et, pesi göreniňde şükür et», «Menlik – melgunyň başyna», «Menlik etseň, melal bar, kemlik etseň – kemal», «Özüňi özüň öwme, seni il öwsün», «Özi kül üstünde, göwni – Kap dagynda» ýaly ajaýyp nakyllary döredipdir.

Bu nakyllaryň her birinde merdana halkymyzyň köpasyrlyk durmuş tejribesi, durmuş pelsepesi, päk kalby, halallykdan, pespällikden gözbaş alýan nurana ruhy dünýäsi ähli aýdyňlygy bilen açylýar. Bu nakyllarda özüni ilden artyk saýýan, özgeleri özünden kem hasaplaýan, özüne ilden ýokarda durýan hökmünde baha berýän adamlaryň hiç wagt il içinde abraý gazanyp bilmejekdigi, ýalan abraýyň, özüňe çendenaşa baha berip, özüňi aýratyn tutmagyň, özgeleri özüňden pes, kem hasaplamagyň ahyrsoňunda gowulyga getirmejekdigi, şeýle häsiýetli adamlaryň il içinde abraýdan düşjekdigi görkezilýär.

Durmuşda, ýaşaýyşda kem zat hem, artyk zat hem ýok. Her bir adam doglanda onuň üstüne borçlar ýüklenýär. Zehinlä – zehinliniň borjy, merde – merdiň borjy, zähmetsöýere – zähmetsöýeriň borjy, gahrymana – gahrymanyň borjy ýüklenýär. Şoňa görä-de, öz borjuna irki döwürlerde düşünip, oňa wepaly bolan, ony abraý bilen ýerine ýetiren, pespälligi, dogruçyllygy, kiçigöwünliligi özüne ýörelge edinen, özüni ilden artyk saýmaýan, öz mümkinçiliklerine dogry baha berýän adamlar il içinde uly at-abraý hem gazanýarlar. Öz borjuna düşünen adamlar hiç wagt öwünmeýärler, özüne artyk baha bermeýärler.

Mertebe mekdebini geçen, örän uly ruhy-ahlak gymmatlyklaryny döreden, adamy älemiň merkezinde goýýan halkymyz üçin ili – iň uly mukaddeslikleriň biri. Şoňa görä-de, halkymyz iliň ynsana beren bahasyny iň ýokary baha hasaplaýar, iline uýup, ony keramat hasaplaýar. Il içinde öz zähmeti bilen, mertligi, wepalylygy, halallygy bilen at-abraý gazanmagy iň uly mertebe hasaplaýar. Halkymyz üçin iliň beren bahasyndan uly hiç zat ýokdur.

 

Hemra Haýtjanow.

«Mugallymlar gazeti».

  • 31
  • 11.11.2020