MAKALA

«Hünär taýýarlyk – borja ygrarlylyk» at bilen hepdelik geçirildi

Ýakynda Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugy tarapyndan täze hepdelik guraldy. Ol «Hünär taýýarlyk – borja ygrarlylyk» atly şygara beslendi. Ýatdagalyjy wakalara baý bolan hepdelik ähli harby bölümleriň degişli bölümçeleri tarapyndan ýokary derejede geçirildi. Hepdäniň günlerinde harby gullukçylar hemişelik Bitaraplygymyzyň ýubileý toýunyň bosaga gelmegi bilen, ýurdumyzda bolup geçýän taryhy wakalar, edilýän işler, şol sanda syýasy-jemgyýetçilik ähmiýeti bolan maglumatlar, ýurdumyzdaky we dünýädäki habarlar, täzelikler bilen tanyşdyryldy.

Turuwbaşdan işjeňlige ýugrulan hepdeligiň başynda serhet galalara, bölümçelere gullugyny dowam etmäge ýaş esgerler bardy. Munuň bilen baglanyşykly ýaş esgerler bilen öňden gulluk edip ýören esgerleriň arasynda dostluk gatnaşyklaryny ösdürmek maksady bilen tanyşlyk agşamlary geçirildi. Şundan ugur alnyp, «Hünärim bar – hormatym bar» ady bilen bölümçelerde, serhet galalarda guralan hünär saýlamak agşamlary-da täsirli hem gyzykly boldy.

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisinde hormatly Prezidentimiziň wideoşekilli aragatnaşyk arkaly eden çykyşy, ýurt Baştutanymyzyň täze çapdan çykan «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitabynyň XII tomy, harby gullukçylaryň harby kasama we mukaddes borja wepaly, halal, adalatly bolup, ak ýürekden gulluk etmeklerini gazanmak, şeýle-de şöhratly taryhymyz, milli gymmatlyklarymyz bilen baglanyşykly wagyz-nesihat, düşündiriş işleri we tanyşdyryş çäreleri üstünlikli geçirildi.

Bulardan daşary, harby bölümlerde şahsy düzüm bilen «hormatly Prezidentimiziň «Döwlet guşy» romanynyň şahsy düzümi terbiýelemekdäki taryhy ähmiýeti», «Soltan Jelaleddin Meňburnuň taryh sahnasynda görkezen gahrymançylygy», Türkmenistanyň Konstitusiýasyna girizilen goşmaçalar we üýtgetmeler, ýurdumyzy demokratiýalaşdyrmak ýolundaky möhüm ädimler baradaky mowzuklar boýunça tejribeli serkerdeler tarapyndan okuw sapaklary geçirdi. Şonuň ýaly-da «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» kitabynda beýan edilýän rowaýatlar boýunça guralan çeper okaýyşlar, many-mazmuny boýunça geçirilen sowal-jogap agşamlary çekeleşikli häsiýeti bilen tapawutlandy.

Hepdeligiň ahyrynda degişli harby bölümlerde ätiýaçlyga boşadylmaly harby gullukçylaryň şanyna dabaraly miting geçirilip, ata Watan, ene topraga, eziz halkymyza, hormatly Belent Serkerdebaşymyza ak ýürekden gulluk edip, tapawutlanan esgerleri gymmat bahaly sowgatlar hem Hormat hatlary, Minnetdarlyk hatlary, sag bolsunlar bilen höweslendirildi.

Ynha, gyzykly wakalara baý bolan «Hünär taýýarlyk – borja ygrarlylyk» hepdeliginiň hem watançy serhetçileri terbiýeläp ýetişdirmekde ähmiýeti uly boldy.

Terbiýeçilige ýugrulan şeýle çäreleri yzygiderli guramaga giň ýollary açyp berýän hem-de harby özgertmeleri üstünlikli amala aşyrýan milli Liderimiziň jany sag, başy dik, ömri uzak bolsun!

 

Ýaran Akmämmedow.

  • 31
  • 11.11.2020