MAKALA

Ýeňil atletika boýunça Türkmenistanyň açyk çempionatynyň ýapylyş dabarasy boldy

Şu gün Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň ýubileý baýramçylygyna bagyşlanan ýeňil atletika boýunça Türkmenistanyň açyk çempionatynyň ýapylyş dabarasy boldy. Dabara Olimpiýa şäherjiginiň Ýeňil atletika toplumynda guraldy. Oňa türgenler hem tälimçiler gatnaşdy. Ýapylyş dabarada birnäçe çykyşlar guralyp, ýeňil atletikaçylaryň görkezme çykyşlary gatnaşyjylarda ýakymly täsir galdyrdy.

Ýaryş türkmen ýeňil atletikaçylarynyň halkara ýaryşlary üçin geçýän türgenleşikleriniň miwesini görkezdi hem-de türgenler üçin kämilleşmäge, tejribeliklerini artdyrmaga giň mümkinçilik boldy. Şol ýaryşlarda serhetçi türgenler hem ýeňil atletikanyň dürli görnüşleri boýunça çykyş edip, özleriniň ussatlyklaryny görkezdiler. Şeýle hem serhetçi ýeňil atletikaçylar ýaryşlar arkaly özlerine baý tejribe topladylar. Bu bolsa, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynda hem sporta we bedenterbiýä ýokary derejedäki berilýän ünsden nyşandyr. Çünki häzirki wagtda Gullugymyzda sport hem bedenterbiýe bilen meşgullanmak üçin, zerur şertleriň bary bar.

«Ýurdumyzyň iň güýçli türgenlerini bir ýere jemlän bu ýaryşyň Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi, Aşgabat şäher häkimligi we Türkmenistanyň Ýeňil atletika federasiýasy tarapyndan guralandygyny» ýatladyp geçýäris.

Goý, şeýle ýaryşlaryň dowamaty dowam bolsun!

Goý, halkymyz sagdyn durmuşda eşretli zamananyň hözirini görüp, duýup ýaşasyn!

Goý, türkmeniň bagtly geljegi üçin gije-gündiz taýsyz tagallalary edýän hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň jany sag, belent başy aman, ömri uzak bolsun!

 

«Serhet abat — Döwlet abat».

  • 22
  • 11.11.2020