MAKALA

Taryhy şöhratly şäher

Murgap oazisi özüniň köpasyrlyk medeni we ruhy däpleri bilen şöhratlanýar. Gadymy we orta asyr siwilizasiýasynyň taryhynda, ýaşaýyş durmuşynda kämil medeni-dolandyryş merkezli Merw şäheri kemala gelipdir. Merwde kemala gelen kämil medeniýet Ýakyn we Orta Gündogar halklarynyň hoşniýetli gatnaşygyna, özara düşünişmegine we ýakynlaşmagyna oňyn täsir edipdir. Merw şäheri özüniň ajaýyp maddy we ruhy gymmatlyklary bilen sebitiň ýaşaýyş durmuşynda wajyp orny eýeläpdir. Bu bolsa türkmen halkynyň milli medeni mirasyny öwrenmäge we ösdürmäge, doganlyk ýurtlaryň halklary bilen dostlukly gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga we baýlaşdyrmaga itergi berdi.

Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly ajaýyp kitabynda: «Günbatarda irki zamanlarda «Ähli ýollar Rime eltýärler» diýen aýtgynyň meşhur bolşy ýaly, orta asyr Gündogarda hem «Ähli ýollar Merwe eltýärler» diýlendigi bilen ylalaşmazlyk mümkin däl» diýlip bellenilýär.

Bu şäher Wawilon, Afina, Galikarnas, Troýa ýaly ägirt uly medeni merkezli şäher bolupdyr. Dünýä siwilizasiýasynda öçmejek yz galdyran bu şäherler, bir döwrüň medeni merkezi bolan bolsalar, Merw şäheri iki döwrüň, gadymy-antiki we orta asyrlar döwrüniň şäheri hökmünde tanalyp, meşhur taryhy bilen şöhratlanypdyr.

Taryhy nukdaýnazardan seredenimizde Merw şäheriniň başlangyç taryhy Marguş ýurdunyň çäklerinde ýerleşen, medeni gatlakdan alyp gaýdýar. Türkmenistanyň ýerlerinde ekerançylyk bilen meşgullanýan ilatyň Murgap derýasynyň aşak akymyndaky jülgelere göçüp gelmegi netijesinde giň möçberde ekerançylyk ýerleri özleşdirilipdir. Netijede biziň eýýamymyzdan öňki III müňýyllygyň ahyrlarynda II müňýyllygyň başlarynda maddy medeniýetiň we jemgyýetçilik ösüşiň derejesi boýunça dünýä jemgyýetçiliginde Margiana siwilizasiýasy ady bilen taryha girýär.

Biziň eýýamymyzdan öňki II müňýyllygyň ortalarynda Murgap derýasynyň aşak akymlary Marguş ýurdy diýip atlandyrylyp başlanýar. Marguş ýurdy diýlip atlandyrylýan taryhy gatlak 1956–1966-njy ýyllarda W. M. Masson tarapyndan amala aşyrylan arheologiki ylmy-barlag işleriň netijesinde subut edildi. Murgap derýasynyň gadymy akymynyň ugrunda 1972-nji ýyldan başlap W. I. Sarianidiniň ýolbaşçylygynda Margiana arheologiýa ekspedisiýasy gazuw-agtaryş işlerini geçirýär. Ylmy-barlag işleriniň netijeleri esasynda Marguş medeniýetiniň taryhy gatlaklary öwrenildi. Şol gazuw-agtaryş işleriniň ilkinji netijeleriniň görkezijisi boýunça «Murgap derýasynyň gadymy akymynyň ugrunda, Marguş medeniýeti müň ýyl töweregi biziň eýýamymyzdan öň II müňýyllygyň başlaryndan I müňýyllygyň ahyryna çenli dowam edipdir» diýlip karara gelýärler.

Murgap derýasynyň gadymy akymynyň ugrunda ýerleşen Marguş ýurdy bir tarapy 50 kilometr, beýleki bir tarapy 60 kilometr aralyga ýaýylyp, ýüzden gowrak gadymy obalary-şäheri özünde jemleýär. Marguş medeniýetinde 20 gektar ýeri öz içine alýan Goňur oazisi ýerleşýär. Onuň merkezinde gala görnüşinde gurlan, Goňurdepe şäheri bolupdyr. Bu şäher öz döwrüniň kadasyna laýyk gelýän köşgi we birnäçe ybadathanasy bilen şöhratlanypdyr. Şäheriň binagärçilik gurluşygy Assiriýanyň we Wawilonyň şäher medeniýeti bilen deňeçer bolupdyr. Medeni merkezli şäherde kesgitlenilen dolandyryjylyk ygtyýary bolan din hyzmatçysy ýokary ruhany-ruhy baştutan ýaşapdyr.

Arheolog alym W. I. Sarianidi bu ýerde ösen medeniýetiň bolandygyny alamatlandyrýan, daşdan ýasalan, ýüzünde ganatlaryny ýaýyp duran guşuň, ýylanyň şekili bolan möhüri tapýar. Arheolog alym tapylan arheologiki tapyndynyň ylmy esaslaryny öwrenmek bilen, şeýle netijä gelýär. Ol: «...möhürdäki ýylan ýaşaýşyň, topragyň, bakylygyň nyşany bolup, guş bolsa, howanyň, ýagyş-ýagmyryň, ýagtylygyň, asmanyň nyşany bolupdyr» diýip teswirleýär. Marguşdan tapylan heýkeller, küýzegärçilik önümleri, misden, bürünçden, kümüşden ýasalan arheologiki tapyndylar ösen medeniýetiň bolandygy barada maglumat berýär.

Merkezi Aziýa medeniýetleriniň ösüş aýratynlyklaryny öwrenenimizde, Murgap derýasynyň gadymy akymynyň ugrunda ýerleşen Marguş ýurdunda arheologlar tarapyndan tapylan möhüriň ýüzünde ýazylan gadymy hatlar alymlar (lingwistler) tarapyndan öwrenilip, sudurlarda tanyş harplaryň şekillendirilendigi anyklanyldy. Arheologiki tapyndynyň ýüzünde ýazylan ýazgy alymlar tarapyndan okalyp, onda möhüriň eýesiniň adynyň we wezipesiniň görkezilendigi subut edildi.

Arheolog alym W.I.Sarianidiniň Murgap derýasynyň gadymy akymynyň ugrundan tapan taryhy tapyndysy Marguş ýurdunyň merkezi dünýäniň bäşinji swilizasiýasy bolandygyny subut etdi. Adamzat medeniýetiniň iň irki medeni merkezleri bolan Mesopotamiýa, Müsür, Hindistan we Hytaý hasap edilýän bolsa, Marguşda geçirilen arheologiki gazuw-agtaryş işleri, Merkezi Aziýada adamzat medeniýetiniň bäşinji swilizasiýasynyň merkezi bolandygyny dünýä aýan etdi.

Biz şeýle netijä gelýäris. Biziň eýýamymyzdan öň II müňýyllygyň başlaryndan I müňýyllygyň ahyryna çenli dowam eden Marguş siwilizasiýasynyň ýerlerinde, Murgap derýasynyň gadymy akymynyň ugrunda ekerançylyk bilen meşgullanýan ilatyň jemlenmegi netijesinde medeni gatlak döreýär. Asyrlaryň dowamynda Murgap derýasynyň akabasynyň üýtgemegi netijesinde ekerançylyk bilen meşgullanýan ilat täze ýerleri özleşdiripdir. Gür ilatly oturymly ýerleriň kemala gelmegi bilen kämil medeni merkezler emele gelýär.

Merw Şahyjan şäheriniň Margu ady bilen atlandyrylyşy ilkinji gezek Ahemeniler döwleti (biziň eýýamymyzdan öňki 558-330-nji ýyllar) döwründe ýazylan taryhy ýazgylarda duş gelýär. Ahemeniler döwletiniň patyşasy Dariý I tarapyndan, biziň eýýamymyzdan öňki 521-nji ýylda Tährandan Bagdada barýan ýoluň garşysynda (häzirki Kermanşah şäheriniň günbatarynda), dagyň 111 metrlik dikräk gaýasyna oýulyp ýazylan Behistun (Bisütün) klinopis ýazgylarynda beýan edilýär.

1956–1966-njy ýyllarda W. M. Masson tarapyndan Murgap derýasynyň gadymy aşak akymlarynyň ugrunda arheologiki ylmy-barlag işleri amala aşyryldy. Bu işleriň netijesinde belli bolşuna görä, gadymy Marguş ýurdunda I müňýyllygyň başynda Murgabyň aşaky akymlarynda iki sany täze hem uly oazisler emele gelýär. Muňa iki sany kanalyň çekilmegi netijesinde Ýazdepe we Ýelkendepe oturymly ýerleriň, ilatlaşan oazisiň kemala gelmegine şertler döreýär. Arheologlar tarapyndan gadymy Murgap derýasynyň aşak akymlarynyň ugrunda Ýazdepe we Ýelkendepe oturymly ýerleriniň ilatynyň ýaşaýyş durmuşy we binagärçilik gurluşy öwrenilip, irki synpy jemgyýetiň emele gelendigi aýan edildi.

Arheologlar tarapyndan geçirilen ylmy barlag-seljeriş işleriniň netijesinde, Ahemeniler döwrüne degişli Margiana ýerleriniň taryhy gatlagy hem öwrenildi. Ahemeniler döwründe gadymy Murgap derýasynyň aşak akymlary özbaşdak çäk-dolandyryşly satrap (welaýat) bolup, satrap (welaýat) häkimi tarapyndan dolandyrylandygy ylmy esasda subut edildi.

XX asyryň 50–60-njy ýyllarynda Murgap oazisiniň demirgazyk-gündogar ýerlerinde arheologiki barlag işleriniň geçirilmegi netijesinde biziň eýýamymyzdan öňki VII asyra degişli Erkgala şäher berkitmesiniň gurlandygy we töwereklerinde oturymlylyga geçen gür ilatly ýaşaýyş durmuşyň bolandygy subut edildi. Wagtyň geçmegi bilen 20 gektar ýeri öz içine alan Erkgala şäher berkitmesi Margiananyň paýtagtyna öwrülipdir. Arheologlar tarapyndan Erkgalada geçirilen ylmy-barlag işleriniň netijesinde: «Erkgala gadymy iri gurluşyk desgasy bolup, tegelek görnüşinde gurlup, Murgap oazisiniň merkezi hasaplanylypdyr. Erkgalanyň günortasynda aýlaw görnüşinde belentlige galdyrylan girelgesi bolup, merkezinde hökümdaryň köşgi ýerleşipdir. Galanyň demirgazygynda ilat ýygnanmak üçin şäher meýdançasy bolupdyr. Bu gala öz döwründe ýapgyt-eňňitli towlanan görnüşde, dürs tertipli, binagärçilik gurluşygynyň düzgüne laýyk gelýän diňleri bilen şöhratlanypdyr. Galanyň meýdany 20 gektara deň bolup, daşyna 25 metre ýetýän berk gala aýlanypdyr. Bu gala şäher berkitmesi bolupdyr» diýip, ylmy esasda ykrar edildi.

Arheologiki barlag işleriniň çykaran ylmy netijelerini seljerenimizde biziň eýýamymyzdan öňki VI asyryň ahyrlarynda V asyryň başlarynda Murgap oazisiniň demirgazyk-gündogar tarapyndaky ýerler köpçülikleýin özleşdirilipdir. Bu ýerlerde ilatyň köpçülikleýin jemlenmegi netijesinde, oturymlylyga geçen çarwa halkyň ekerançylyk bilen meşgullanyp başlandyklaryny görkezýär. (Дьяконов М.М. Сложение классового общества в Северной Бактрии.-С.А.;М.-Л.1954.)

Antioh I Soteriň (280-261) döwründe Gäwürgalanyň kwartallarynyň-ilatyň oturymly ýerleriniň esasy böleginde şäheriň han-beglerinden we derejeli täjirlerden ybarat bolan raýatlaryň köşkleri ýerleşipdir. Olar ilatlaşan merkezlerden birneme üzňe ýaşapdyrlar. Erkin senetçileriň-ownuk öndürijileriň ýaşaýyş jaýlary, dükanlar-ussahanalar bilen utgaşykly salnypdyr. Gäwürgalanyň baş bazary tutuş şäheri dörde bölüp, demirgazykdan günorta we gündogardan günbatara geçýän ýoluň çatrygynda ýerleşipdir. Şäher eteklerinde bazar söwdasyny amala aşyrmak üçin mümkinçilikler döredilipdir. Ol bazarlar kerwenler düşlemek üçin ep-esli giňligi öz içine alyp, birnäçe meýdançadan ybarat bolupdyr. Şol ýerlerde gul eýeleriniň giň mülkleri, ekin meýdanlary we baglary ýerleşipdir. Gäwürgalanyň şäher etekleri oba kysymly bolup, olaryň daşyna pagsa gala çekilipdir. Bu gala diwarynyň haýaty, galyň laýdan gurlup, derwezeleriniň köplügi bilen şöhratlanypdyr. Gäwürgalanyň şäher etekleriniň gala diwarlarynyň tutýan meýdany 60 inedördül kilometrden köpräk bolupdyr (М. Е. Массон. Новые данные по древней истории Мерва. «Вестник древней истории», 1951).

Biziň eýýamymyzdan öňki III asyryň ortalarynda gadymy Margiana ýerleri Parfiýa döwletiniň (biziň eýýamymyzdan öňki 250 — biziň eýýamymyzyň 224 ý.ý.) çäk-dolanyşygyna geçýär. Parfiýa döwletiniň çäkleri Günorta-Günbatar Türkmenistanyň ýerlerini öz içine alyp, gadymy taryhy ýazgylarda Dahystan, Parfiýena, Apawarktikena we Margiana ýerleri diýip atlandyrylypdyr.

Gadymy taryha degişli maglumatlarda gadymy Murgap oazisiniň merkezi Antiohyň Merwi atly şäher Parfiýa döwletiniň çäklerine degişli medeni merkezleriň biri bolupdyr. Mitridat II (biziň eýýamymyzdan öňki 123 – (88) 87 ýý.) hökümdarlyk eden döwründe Margiana ösen medeni merkezli, çäk-dolandyryşly welaýatlarynyň birine öwrülýär. Orta asyrlarda bu şäher meşhur Merw Şahyjan şäheri ady bilen tanalypdyr.

Bu taryhy hakykat arheolog alym M. Ý. Massonyň ýolbaşçylygynda 1957-nji ýylyň güýzünde gadymy Murgap derýasynyň aşak akymynyň ugrunda arheologiki ylmy barlag işleriň geçirilmegi netijesinde subut edildi. Geçirilen arheologiki barlag işleriň netijesinde: «Parfiýa döwletiniň demirgazyk-gündogar welaýatynyň iň uly Margiana welaýatynyň medeni merkezli Antiohiýa şäheriniň bolandygy» aýan edildi. Bu şäher parfiýalylar döwründe 0,2 inedördül kilometr meýdany tutup, köp burçly Erkgala diýen gala bolupdyr. Erkgalanyň goragy astynda, şonuň bilen ýanaşyk ýerlerde oturymly ilatlaşan şäher bölegi emele gelipdir. Köne Erkgala içki gala wezipesini ýerine ýetiripdir. Şäheriň özi häzirki Gäwürgala dörtburçluga ýakyn görnüşde bolup, töweregine galyň diwar çekilen, takmynan 3,5 inedördül kilometr meýdany tutupdyr. Bu diwaryň ýüzden gowrak diňleri bolup, umumy bir hatara düzülip gurlupdyr. Mitridat II döwründe durky täzelenen häzirki Gäwürgalanyň içki gurluşy belli bir derejede özboluşly sazlaşygyň bolanlygy bilen häsiýetlendirilýär. Bu sazlaşykda uly köçeler bir-birini kesip geçipdir. Köçäniň ugurlary şäheriň dört derwezesinden şäheriň ortasyna tarap uzap gidipdir. Gäwürgalanyň bir bölegini suw bilen üpjün edýän kanal bolupdyr. Ol kanal galanyň günbatar böleginden geçip, şäheriň içine çenli baryp ýetipdir. Ikinji kanal Gäwürgalanyň günorta-günbatar burçunyň ýanyndan geçip, şäher eteklerini suw bile üpjün edipdir. (Türkmenistan SSR-niň taryhy. I tom. birinji kitap., (Gadymy döwürden XVIII asyryň ahyryna çenli) TYA-nyň neşirýaty., Aşgabat., 1959., sah. 109-111.)

Arheolog alym M. Ý. Massonyň ylmy-barlag işleriniň netijesinde: «Parfiýa döwletiniň demirgazyk-gündogarynda ýerleşýän Margiana welaýatynyň merkezi Antiohiýa şäheri bolupdyr» diýip teswirlän sözleri ylymda ykrar edildi.

Orta asyr taryhy çeşmelerinde gadymy döwre degişli Erkgalanyň we Gäwürgalanyň taryhy barada arap geografy Abu Ishak al-faris al-Istahri (850-934), belli taryhçy Ýakut ((1178)-1179-1229) ýerlikli belläp geçýärler. Olar öz işlerinde bu şäher hakynda teswirlänlerinde: «Merwiň içki galasy Erkgala has irki gurlan gala hasaplanylyp, şähristan-şäheri we şäher etegini özünde jemleýän Gäwürgala giçki gurlan gala bolupdyr» diýip beýan edýärler.

(Dowamy bar)

 

Orazgeldi Aşyrow,

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň

arheologiýa we etnologiýa kafedrasynyň uly mugallymy.

«Garagum» žurnaly.

  • 30
  • 11.11.2020