MAKALA

PUFFER roboty

Amerikanyň älem giňişligini öwrenýän edarasy NASA-nyň täze çykaran «Pop-Up Flat Folding Explorer Robot» (PUFFER) roboty bilen tanyş bolalyň. Bu robot älem giňişligindäki başga planetalarda geçirilýän barlaglar üçin döredilipdir.

PUFFER roboty döredilýän wagty ulanylan serişdeler origami sungatyndaky gurluşa eýerilip ýasalypdyr. Ol kiçi göwrümli bolanlygy sebäpli, tigirlerini eplemek arkaly dar we pes ýerlerden geçip bilýär. Uly robotlaryň girip bilmejek ýerlerine PUFFER aňsatlyk bilen girýär hem-de gerek bolan barlagy ýerine ýetirýär. Bu robotuň hereketleri kiçi haýwanlaryň we mör-möjekleriň hereketlerine meňzedilipdir. Bu robot güneş energiýasy arkaly işleýär. PUFFER janly ýaşaýşyň bar bolmagy ahmal diýip çaklanylaýan planetalara niýetlenip çykarylypdyr.

 

Taýýarlan Hatyja Nuryýewa.

ylymly.com

  • 26
  • 11.11.2020