MAKALA

Onlaýn okuwlar

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda ylym-bilime aýratyn ähmiýet berilýär, jemgyýetimiziň intellektual kuwwaty pugtalandyrylýar, ylmyň gazananlaryny önümçilige we durmuşyň ähli ugurlaryna ornaşdyrmaklyga zerur şertler döredilýär.

BMG häzirki zaman bilimiň iki esasy ýörelgesini yglan etdi: «Bilim ähli adamlar üçin!» we «Bilim tutuş ömrüň dowamynda». Bu iki ýörelgäni amala aşyrmak üçin iň ygtybarly ýol onlaýn okuwlardyr. Okuwlaryň bu görnüşi ähli adamlara islendik wagtda bilim almaga mümkinçilik berýär. Ýaşaýan ýeriňe garamazdan, dünýäniň iň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň onlaýn sapaklaryny tamamlap, olaryň diplomlaryna eýe bolup bolýar. Şonuň üçin hem häzirki wagtda onlaýn okuwlar Ýer ýüzünde giň gerime eýedir.

Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen bilim ulgamynyň işini döwrebap derejede guramak, oňa innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, ýaşlara berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak üçin dünýä tejribesinden ugur almak, sanly bilim ulgamyna geçmek boýunça giň möçberli işler alnyp barylýar. Sanly bilim ulgamynyň iň ähmiýetli taraplarynyň biri hem onlaýn okuwlardyr. Ýurdumyzyň hem-de dünýäniň baýry ýokary okuw jaýlarynyň arasynda yzygiderli onlaýn duşuşyklar, sapaklar geçirilýär.

Onlaýn okuwlar diýen düşünje okuwyň birnäçe görnüşlerini öz içine alýar:

1. Asinhron onlaýn okuwlar. Okuwyň bu görnüşinde sapaklar diňleýjiler bilen göni ýaýlymda alnyp barylmaýar. Diňleýjilere öwrenilmeli maglumatlar (elektron görnüşdäki kitaplar, makalalar, wideo we audio ýazgylar) we ýerine ýetirilmeli ýumuşlar internet arkaly ugradylýar we şol ýumuşlary ýerine ýetirmek üçin bellibir wagt berilýär. Diňleýjiler bilen mugallymyň arasyndaky söhbetdeşlik ýörite forumlaryň üsti bilen amala aşyrylýar.

2. Sinhron onlaýn okuwlar. Okuwlaryň bu görnüşinde mugallym bilen diňleýjiler internetiň üsti bilen göni ýaýlymda sapak geçýärler. Bu görnüşdäki sapaklar adaty sapaklardan diňe oňa gatnaşyjylaryň bir ýerde däl-de, eýsem, dürli ýerlerde ýerleşýändikleri bilen tapawutlanýar.

3. Garyşyk onlaýn okuwlar. Bu görnüşdäki okuwlarda diňleýjiler sapaklaryň birnäçesini göni ýaýlym arkaly, birnäçesini bolsa özbaşdak özleşdirýärler.

Onlaýn okuwlaryň ähmiýetiniň gün-günden artmagynyň ýene-de birnäçe sebäpleri aşakdakylardan ybaratdyr:

1. Onlaýn sapaklaryny beýleki okuwlar ýa-da iş bilen utgaşdyryp bolýar. Indi täze hünär almak ýa-da bilimiňi artdyrmak üçin işiňi çäklendirmegiň, başga şähere, ýurda gitmegiň zerurlygy ýok. Bir wagtda hem işläp, hem-de okap bolýar. Sapaklaryň wagtyny we dowamlylygyny esasy okuwyňa ýa-da işiňe görä sazlap bolýar.

2. Diňleýjiler onlaýn sapaklara islendik ýerden gatnaşyp bilýärler. Olar öýde, kafede, kitaphanada ýa-da seýilgähde oturyp, mugallymy diňläp bilýärler. Bu bolsa diňleýjilere özlerine iň amatly, iň rahat bolan gurşawda bilim almaga mümkinçilik berýär. Täze bilim almak üçin olara gerek bolan zat — internet we noutbuk, planşet ýa-da öýjükli telefon.

3. Onlaýn okuwlara gatnaşyjylar tehniki sowatlylygyny hem kämilleşdirýär. Okuwlaryň bu täze görnüşine gatnaşmaklyk diňleýjileriň tehniki başarnyklaryny ösdürýär. Sapaklara gatnaşyjylar internet ulgamy, kompýuter tehnologiýasy bilen ýakyndan işleşýärler. Häzirki wagtda şu ukyplar iş berijiler tarapyndan iň köp talap edilýän ukyplardyr.

4. Onlaýn sapaklar pul serişdelerini we wagty tygşytlamaga mümkinçilik berýär. Onlaýn okuwlaryň bahasy adaty okuwlaryň bahasyndan amatly bolýar. Sebäbi onlaýn sapaklary hödürleýän edara synp otaglar, enjamlar, goşmaça işgärler üçin çykdajy etmeýärler. Diňleýjilere okuw merkezine gitmek üçin pul hem-de wagt sarp etmek zerurlygy aýrylýar. Öň ýola sarp edilýän wagty indi okuw ýa-da iş üçin has netijeli ulanyp bolýar.

5. Geçilen sapagy ençeme gezek görüp bolýar. Adaty sapaklarda diňleýjiler mugallymdan düşünmedik ýa-da eşidip ýetişmedik zatlaryny diňe bir-iki gezek sorap bilýärler. Onlaýn sapaklarda bolsa, mugallymyň täze sapagy düşündirýän wideo, audio ýazgysyny onlarça gezek gaýtaladyp bolýar.

6. Islendik adam bilim alyp bilýär. Onlaýn sapaklaryň iň uly artykmaçlyklarynyň biri hem, adamlar özleriniň ýaşaýan ýerine, saglyk, maddy ýagdaýyna garamazdan, beýlekiler bilen deň hatarda bilim alyp bilýärler. Ençeme onlaýn okuwlaryny tölegsiz okap bolýar.

«Dana» bilim merkezi hem 2020-nji ýylyň tomusky tapgyrynda ilkinji gezek onlaýn okuwlary geçirdi. Ýokary hünärli mugallymlar internetiň üsti bilen 1500-den gowrak diňleýjä degişlilikde, iňlis, nemes, rus, ispan dilleri, matematika, kompýuter tehnologiýasy ýaly ugurlar boýunça sapaklar berdiler. Okuwlar garyşyk görnüşinde alnyp baryldy, ýagny sapaklar hepdede üç gezek göni ýaýlym arkaly geçirildi we goşmaça maglumatlar (wideo, audio ýazgylar, prezentasiýalar, gönükmeler) ýörite onlaýn okuwlar üçin niýetlenen mudl (moodle) atly platformanyň üsti bilen diňleýjilere ugradyldy. «Dana» bilim merkezi mundan beýläk hem diňleýjilerine öňki tejribesiniň netijesinde, has kämilleşen täze onlaýn sapaklaryny hödürleýär, onlaýn okuwlaryň üsti bilen hünär we bilim derejelerini ýokarlandyrmaga çagyrýar.

Bilim ulgamynyň ösdürilmegi ugrunda köp tagalla edýän, bize işlemäge, dünýä derejesinde bilim almaga uly mümkinçilikleri döredýän milli Liderimize hoşallygymyzyň çägi ýok. Hormatly Prezidentimiziň jany sag, belent başy aman bolsun, il-ýurt bähbitli işleri rowaçlyklara beslensin!

 

Gülşan Ismailowa,

«Dana» bilim merkeziniň hünärmeni.

«Biznes» gazeti.

  • 27
  • 13.11.2020