MAKALA

Watan

Ösüşlere uzap barýan,

Rowaçdyr ýollaryň, Watan.

Bu gün saňa bakýar haýran,

Gör, sag-u-sollaryň, Watan.

 

Gül-çemen, bossanly ýurdum,

Şirin saz, dessanly ýurdum,

Päk, dury asmanly ýurdum,

Baýdyr ak çölleriň, Watan.

 

Aýdymlaryň ajap heňli,

Ertirleriň päk säherli,

Aşgabatly — ak şäherli,

Bagtlydyr illeriň, Watan.

 

Ös sen, bedew badyň bilen,

Dünýä dolýan sazyň bilen,

Bagtly ogul-gyzyň bilen,

Rowaçdyr ýollaryň, Watan.

 

Hak nazary siňen Diýar,

Sende jennetiň ysy bar.

Bize mydam üstünlik ýar,

Çeperdir elleriň, Watan.

 

Ak garly, nurly daglaryň,

Ereme bäsdeş baglaryň,

Ösüşlerden howalanyp

Gelýändir ýyllaryň, Watan.

 

Belli sende gudrat bary,

Dünýä nusga ajap çagyň,

Saýasynda Arkadagyň,

Bagtlydyr illeriň, Watan.

 

Ogluma

 

Il içinde tutgun çuň düýp,

Hem bek bolsun ýadyň, oglum!

«Atam ýaly ynsan bol!» diýp,

Saňa onuň adyn goýdum.

 

«Watanyňy söý!» diýerdi,

«Ol ilkinji öý» diýerdi,

«Ataşynda köý!» diýerdi,

Gülünden-de dadyp goýgun.

 

Sarpasyn tut ýakynlaryň,

Zerur bolsaň bukulmagyn,

Il öňünde utanmagyn,

Hem gysganma zadyň, oglum!

 

Eýe borsuň şöhrat-şana,

Atam ýaly bolsaň dana.

Jigiň Güljan, Altyn jana

Galkan bolgun, janym oglum!

 

***

Ulalyp, tapypsyň kemal,

Iner, bu gün ýigit çykdyň.

Sary saçyň oýnap şemal,

Işden gelsem gülüp çykdyň.

 

Men dünýäni seň gözüňde,

Jigileňde gördüm bagty.

Dünýä, bagt barka bizde,

Öýümiz mydama ýagty.

 

Durmuş geňdir, kä köp berer,

Uzy bilen etgin takat.

Munda bagtly ynsansyň sen,

Heniz barka ejeň-kakaň.

 

Men söýgimi bildirmerin,

Ejeň söýer durky bilen.

Äden ädimiň deň bolsun,

Kalbyňdaky urgy bilen.

 

Erbet niýetim ýokdur, bilgin,

Mydam pendim tutgun, oglum!

Nesibesi bol kakaňy

Ýeňşiň bilen utgun, oglum!

 

Men deý seni söýjek diňe

Jigileriň, ejeň, oglum!

Gözlerime baksaň siňe,

Söýgi bardyr, Rejep oglum.

 

Söýgüli ýara esger haty

 

Baglar ilki gülläp, gurar,

Asman Ýeri telim suwlar.

Tomus howa gyzyp ugrar,

Dolanaryn şonda saňa.

 

Göwün küýsäp, bolar gamgyn,

Bu ýyllardan galdy algym.

Ýadanyňda galyp ýalňyz,

Dolanaryn şonda saňa.

 

Dünýä gözel, durmuş adyl,

Sylag ýitmez, gaçmaz gadyr.

Ýaşanymda çärýek asyr,

Dolanaryn şonda saňa.

 

Duşan ýeriňden tapmasaň,

Günde kän sapar gatnasaň,

Gijeler küýsäp ýatmasaň,

Dolanaryn şonda saňa.

 

Men barýançam hasrat sabar,

Bolsa bolýar ýurdum abat,

Tapma kalba başga ýaran,

Dolanaryn şonda saňa.

 

Nazar Hanmedow.

  • 26
  • 13.11.2020