MAKALA

Ätiýaçlyga boşatmak dabaralary dowam edýär

Hemmämize mälim bolşy ýaly, şu günler «Çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinden, beýleki goşunlaryndan we harby edaralaryndan harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakyndaky» Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda, Watan öňündäki harby gulluk borjuny ak ýürekden berjaý eden çagyryş boýunça harby gullukçylary ätiýaçlyga ugratmak dabaralary gyzgalaňly dowam edýär. Bu mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň degişli harby bölümlerinde-de dabaralar uludan ýaýbaňlandyrylýar. Olara ýaşuly neslimiziň wekilleri gatnaşýarlar. Aýdym-saza, şatlyk-şowhuna beslenen dabaralarda guralýan täsirli çykyşlar hem bellenmäge mynasypdyr. Çykyş edenler «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda toýy uludan toýlanjak baky Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli görülýän taýýarlyklar, alnyp barylýan işler, edilýän aladalar, hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň baştutanlygynda amala aşyrylýan harby özgertmeler, Watan mukaddesligi, Watanyňa ak ýürekden üstünlikli gulluk etmek, kasamyňa wepaly, beren sözüňe ygrarly bolmak, taryhda gahrymançylykly ýollary bilen yz goýan gerçeklerimiz barada manyly gürrüňleri etdiler. Şeýle hem dabaranyň ahyrynda ätiýaçlyga boşaýan çagyryş boýunça harby gullukçylara ak ýürekden eden gulluklary üçin, Hormat, Minnetdarlyk hatlary, sag bolsunlar hem-de ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy. Oňa gatnaşyjylar ätiýaçlyga boşaýan esgerlere durmuş ýollarynda diňe gowulyklary hem-de ata Watanymyza, eziz halkymyza, hormatly Prezidentimize gerekli, ilhalar ogullar bolmaklaryny arzuwladylar.

 

«Serhet abat — Döwlet abat».

  • 43
  • 13.11.2020