MAKALA

Ýeňil atletika boýunça ýaryşlara badalga berildi

Hemmämiziň bilşimiz ýaly, şu günler ýurdumyzda baky Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby türgenleriniň arasynda sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlar gyzgalaňly ýagdaýda dowam edýär. Ynha, düýn sportuň ýeňil atletika görnüşi boýunça ýaryşlara badalga berildi. Ýaryş dürli aralykda geçirilip, eýýäm ýaryşyň ilkinji gününde ökdeler öňe saýlandylar. Şolaryň arasynda Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň serhetçi türgenleriniň bardygy diýseň buýsandyryjy. Ýaryş 14-nji noýabra çenli dowam eder. Bu ýaryşa gatnaşýan türgenlere uly üstünlikleri arzuw edýäris.

 

«Serhet abat — Döwlet abat».

  • 24
  • 13.11.2020