MAKALA

Taryhy şöhratly şäher

Biziň eýýamymyzdan öňki II-I asyrlarynda Antiohiýa şäheriniň töwerekleri bilen daşyna berk gala aýlanan medeni merkezli, iň bir ähmiýetli şäher hökmünde tanalypdyr. Şäher-galasynyň merkezi Gäwürgalanyň diwarlary düýpli rejelenilip berkidilipdir. Şäher etekleriniň ýerleri giňelipdir. Ol ýerde hünärmenleriň oturymly ýerleri ýerleşipdir.

Bu döwürde Antiohiýa şäheri diňe bir Margiana welaýatynda däl, eýsem, Parfiýa imperiýasynyň demirgazyk-günbatar welaýatlaryndaky iň uly söwda merkezine öwrülýär. Parfiýa döwleti gündogarda Hytaý, günortada Hindistan, günbatarda Müsür, Gresiýa we Rim aralygynda emele gelen Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşip, gadymy dünýä siwilizasiýasynda özboluşly köpri bolup hyzmat edipdir.

Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen Antiohiýa şäheri dogrusynda gadymy Rim taryhçysy Uly Pliniý «Resminamalar we konsullaryň hatlary» diýen işinde şeýle ýatlaýar: «Apawarktikenadan (Köpetdagyň dag eteklerinden) soň Beýik Ýüpek ýoly Margiana oazisiniň Antiohiýa şäherine ýetipdir. Bu ýol uzak aralygy öz içine alyp, «gumly çöller» ady bilen meşhurdyr. «Gumly çölleriň» üsti bilen Margiana oazisiniň Antiohiýa şäherine ýetmek kyn bolupdyr... Margiana oazisiniň meýdany, tutýan töweregi bilen 160 kilometre barabar bolup, howasy örän oňat, şöhratly şäher» diýip beýan edipdir.

Gadymy rim-grek ýazyjysy Isidor Harakskiniň «Parfiýanyň düşelgeleriniň ýol görkezijisi» atly kitabynda: «Margianada halkara Ýüpek ýolunyň ugrunda, kerwenleriň düşlemegi üçin esasy duralgalaryň biri hökmünde tanalýan, Antiohiýa şäheri ýerleşýär. Bu şäheriň «Enidros»- «suwdan üpjün, suwdan doly» diýen adalgasy hem bar» diýip beýan edipdir. (Исидор Харакский. Парфянские стоянки //Антология источников по истории, культуре и религии Древней Греции : Учеб. пособие / Под ред. В. И. Кузищина—СПб.: Алетейя, 2000)

G.A.Kaşelenko «Parfiýanyň medeniýeti» (Г.А.Кашеленко.//Культура Парфии.-М.,1966.) diýen işinde: «Mitridat II dolandyran döwründe parfiýalylar diňe bir imperiýanyň ýokary ösen derejesine ýetmek bilen çäklenmän, «Ellinizm döwrüniň ösen döwri» diýen at bilen taryha girýär. Taryhda «Ellinizm döwri» uly ykdysady öňegidişligiň döwri bolandygy bilen häsiýetlendirilýär. Bu döwrüň esasy görkezijiligini zähmet bölünişiginde sebitara ösüşler we bazarlarda önümleriniň köp bolmagy bilen subut edilýär. Hünärmentçileriň täze medeni merkezleri esaslandyrylýar. Şol medeni merkezleriň biri hem, Margiana welaýatynyň paýtagty Antiohiýa şäheri bolupdyr. Antiohiýa şäheriniň bazarlary Gäwürgalanyň demirgazyk-günbatarynda we günorta-günbataryndaky medeni gatlakda, tekiz ýerdäki açyklykda bina edilipdir. Antiohiýa şäherinde hünärmentçilik önümçiligi aýratyn ilatyň oturymly ýerlerinde jemlenipdir. Olar baş gala bolan Erkgalanyň daşyndaky egremçede, demirgazyk bölege ýakyn ýerdäki toplumda kowçum-jem bolup oturypdyrlar. Mitridat II döwründe bu şäherde gurluşyk çig mallarynyň, harytlaryň köp bolmagy bilen söwda-haryt gatnaşyklarynyň ösmegine getirýär. Gurluşyk çig mal önümi hökmünde söwdada ygtybarly harytlaryň sanawyna girizilipdir. Olar gurluşykda ulanylýan gipsiň, gök çägäniň, mermeriň, pöwrizäniň, dag hrustalynyň we mineral reňkler bolup, harytlaryň satuwy günsaýyn artdyrylypdyr.

Gadymy grek-rim çeşmelerinde «sers ýa-da hytaý demri» diýip at alan demir bilen bir hatarda halkara söwda bazarlarynda «Margiananyň demri» diýip at alan demre ýokary baha berlipdir. Ony hytaýlylaryňkydan soňky ikinji ýerde goýup, gymmatbahaly haryt hökmünde bahalandyrypdyrlar. Margiananyň demri parfiýalylaryň goşunynda giňden ulanylypdyr.

Biziň eýýamymyzdan öňki 30-njy ýyllaryndan başlap, Parfiýa döwleti syýasy we ykdysady taýdan gowşap ugraýar. Biziň eýýamymyzyň I asyrynyň ikinji ýarymynda we II asyryň başlarynda Parfiýa döwleti ymykly güýçden gaçyp, biziň eýýamymyzyň 224-nji ýylynda döwlet hökmünde ýaşamagyny bes edipdir. Parfiýa döwletiniň ýerleri Sasanylar nesilşalygynyň çäk-dolanyşygyna geçýär.

Sasanylar döwründe biziň eýýamyzyň III asyrynyň ortalaryndan başlap, gadymy Margiana oazisi Horasan welaýaty diýip atlandyrylyp başlanýar. Merw şäheri Horasan welaýatynyň ykrar edilen paýtagty bolupdyr. Sasanylar döwletini esaslandyran Ardaşir I (180-242) döwünde bu şäheriň ady «Ruz-i Merw» (Руз-и Мерв)» diýip atlandyrylyp başlanýar. Gadymy Hytaý ýyl ýazgylarynda «Ruz-i Merw» şäheriniň ady «Mu-lu» diýip teswirlenilipdir.

V asyrda Sasanylar syýasy-harby garşylyklary göz öňünde tutup, Horasan welaýatynyň demirgazyk-gündogar serhedini goramak maksady bilen berkitme harby galalaryny gurupdyrlar. Şol harby berkitme galalaryň ilkinjileriniň hatarynda Ruz-i Merw şäheri hasaplanypdyr. Ruz-i Merw şäheri diňe bir harby berkitme gala bolmak bilen çäklenmän, Gündogarda dokma önümçiliginiň iň meşhur medeni merkezi hasaplanypdyr. Sasanylar döwründe şa maşgalasy we barjamly toparlaryň arasynda bu ýerde öndürilýän «mulham», «kazin», «tawwazi», «tarwi» atly ýüpek matalary ýörgünli bolupdyr.

X asyr arap geografy al Istahri (850-934) «Ýurtlaryň ýollary hakynda kitap» (Kitab Mesalik al-Memalik) diýen işinde: «Sasanylar döwründen başlap günbatara, Arap ýarymadasyna, ýüpekçilik hut Merwden aralaşypdyr. Merwden diňe ýüpek matanyň däl, eýsem, ýüpek gurçugynyň tohumynyň-da äkidilendigi» barada taryhy maglumatlary galdyrypdyr. Sasanylar döwründe Merwde nah, ýüpek we zygyr süýümlerinden dokalan matalardan Gündogaryň iň gowy egin-eşikleri tikilipdir. (Булкаков П.Г. //Из арабских источников о Мерве. Труды ЮТАКЭ.-Ашгабат. Изд-во. АН ТССР.,1963.-XIII том)

VI asyrdan başlap Murgap derýasynyň kenaryndaky Ruz-i Merw şäheri Merw diýip atlandyrylyp başlanýar. Merw şäheri sebidiň iň uly şäherleriniň biri bolup, Horasan welaýatynyň merkezi hasaplanypdyr. Merw şäherinde welaýatyň marzbanynyň (welaýat häkiminiň) çäk-dolandyryş merkeziniň köşgi ýerleşipdir. Merw şäheriniň merkezi-ilatyň gür ýaşaýan ýerleri, Gäwürgalanyň çäklerinden günbatar tarapa giňelip, galanyň daşyna çykypdyr. Şäheriň tutýan ýerleri ep-esli giňelipdir. Merwiň kerwensaraýlarynda rejeleýiş işleri geçirilip, gapdalynda köpçülikleýin ýaşamaga we dynç almaga niýetlenilen jaýlar gurlupdyr. Bu bolsa, şäheriň ýaşaýyş durmuşynyň öz döwrüne laýyklykda ýokary derejede bolandygyny görkezýär. Merw şäheriniň demirgazyk böleginde Topdepe, Topgaýdepe we Garadepe atly kiçiräk şäherçeler gurulypdyr. Täze şäherçelerde senetçilik merkezleri emele gelip, metal önümlerini ýasamak bilen meşgullanýan aýry-aýry ilatyň ýaşaýan ýerleri peýda bolupdyr. Bu bolsa Merw şäherinde öndüriji güýçleriň ýokary derejede ösendiginiň aýdyň subutnamasy bolup durýar.

Murgap oazisiniň beýik siwilizasiýasy diňe bir gadymy taryhçylar, geograflar tarapyndan öwrenilmän, eýsem, Gündogar halklarynyň ykbalynda we durmuşynda abraýly orun tutan orta asyr taryhçylaryň we jahankeşdeleriň ünsüni hem özüne çekipdir. Orta asyr taryhçylaryň we jahankeşdeleriň ýazan işlerinde geografiki ýer-ýurt atlarynyň leksikologiýasyna özboluşly düşündiriş beripdirler. Bu babatda ilkinjileriň hatarynda Al Ýakubynyň «Ýurtlaryň kitaby» diýen işinde Merw şäheriniň ady ýatlanylýar. Ol «Ýurtlaryň kitaby» diýen işinde: «Merw Horasan welaýatynda iň meşhur şäherdir...Onda Horasanyň häkimi ýaşaýar» diýip belleýär.

Arap taryhçysy At-Tabari «Pygamberleriň we patyşalaryň taryhy» diýen eserinde Merw şäherini «Horasanyň ýüregi» diýip atlandyrýar.

Al Makdisi (946/47—1000) «Yklymlara akyl ýetirmek üçin iň gowy bölüniş» diýen eserinde: «Hijaz şäherleriniň enesi Mekke, Horasan şäherleriniň enesi Merw» diýip beýan edýär. (Материалы по истории туркмен и Туркмении., Т—I., М—Л., АН. СССР., 1939. С.191.)

Abu Reýhan al-Biruni «Masudyň taryhy» atly eserinde Merw şäheriniň adyny «Medinat Horasan», «Merwi Şahyjan» — «Şalaryň şäheri» ady bilen hem beýan edipdir.

XI asyryň alym filology Mahmyt Kaşgary Horasan şäherleriniň enesi Merw şäheriniň taryhy adyny: «Merw-aş-Şahyjan» — «Merw şalaryň jany, jigeri» görnüşinde beýan edýär.

Merw şäheriniň adynyň gelip çykyşynyň asyl çözgüdi dogrusynda taryhçy, filolog Abu Sagyt as-Samanynyň (1113-1166-njy ýylyň dekabrynda Merwde aradan çykýar) geografik sözlüginde aýdyň beýan edilýär. Abu Sagyt as-Samany geografik sözlüginde Merw Şahyjan şäheriniň adyny: «Maru-Şahy-Jahan», «Şahu Jahan» diýip atlandyryp, bu şäherden ylmyň we hadyslaryň meşhur wekilleri gelip çykypdyr» diýip beýan edýär. (Материалы по истории туркмен и Туркмении., Т—I., М—Л., АН. СССР., 1939. С.341.)

Belli arap taryhçysy Ýakut «Ýurtlaryň sözlügi» diýen eserinde Merw şäheri hakynda anyk taryhy maglumatlary beýan edýär: «Merw şäheri dünýäniň iň gözel, eşretli künjeginiň biridir... Dünýä ylymlaryny özünde jemlän, köp kitaply kitaphanalara baý şäherdir. Merw şäheri Horasan welaýatynyň gündogar çäginde ýerleşýär. Bu şäheriň düýbüniň tutulmagynyň esasy aýratynlygy, Murgap derýasynda gurlan bent bilen baglanyşyklydyr. Zarik (Zark, Razik) obasynyň deňinde Murgap derýasy birnäçe şahalara bölünip, Merw şäherini suw bilen üpjün edýär. Merw şäherini suw bilen üpjün etmegiň kadalary dört sany bölege bölünipdir. Birinji böleginde Zarik (Zark) kanalynyň suwundan ýerlikli peýdalanmakdan ybarat bolupdyr. Zarik (Zark) kanalynyň ugry «Bab ul-Madina» atly şäher derwezesiniň deňinden geçip, «köne metjidiň» golaýyndaky howuza guýýar. Howuzda jemlenen suw ilatyň ýaşaýan şäher bölegini suw bilen üpjün edipdir. Merwi suw bilen üpjün edýän Zarik (Zark) kanalyndan başga-da, şäheriň günbatar künjeginden akyp geçýän Majan (Maçan), Hormuzfarra (Hurmuzfarra) kanallary bolupdyr. Şäheriň demirgazygynda ýerleşýän Sajan derwezesiniň (Bab-e Sajan) deňlerini suw bilen üpjün edýän Asadi Horasany kanaly bolupdyr. (Материалы по истории туркмен и Туркмении., Т—I., М—Л., АН. СССР., 1939.)

Taryhçy Ýakudyň taryhy ýazgylaryndan ugur alsak, taryhy hakykata dogry gelýär. IX asyryň birinji ýarymynda Merw şäheriniň ilatynyň gür ýaşaýan şäher bölegi Majan kanalynyň kenary hasaplanypdyr. Tahyr ibn Hüseýin Horasanyň häkimi bolan döwründe (821-822) Merwden Nyşapura paýtagtyň geçirilmegi bilen Majan kanalynyň kenarynda ýaşaýan ilat seýrekleşýär.

Gadymy Murgap oazisiniň ýerlerinde kemala gelen Margiana welaýatynyň merkezi Merw şäheriniň taryhy ady asyrlaryň dowamynda taryhçylar we jahankeşdeler tarapyndan dürlüçe üýtgedilip teswirlenilipdir. Mahmyt Kaşgarlynyň (XI asyr) «Türki dialektleriniň sözlüginde»: «Dürli döwürlerde Merw şäheriniň ady birnäçe gezek üýtgäpdir» diýip bellenilmegi bu taryhy hakykatyň bir bölegi bolup durýar. Merw şäheri Baýramalynyň demirgazyk çäklerindäki, gadymy Murgap oazisiniň ýerlerinde, biziň eýýamymyzdan öňki VII asyryň ortalarynda Erkgala şäher berkitmesi hökmünde gurlup, biziň eýýamymyzdan öňki VI-IV asyrlarda Margiana welaýatynyň paýtagtyna öwrülüpdir. Erkgaladan soň biziň eýýamymyzdan öňki IV asyrlaryň başlarynda Isgender-Aleksandr Makedonskiý tarapyndan Aleksandryň Margianasy ady bilen belli bolan şäheriň düýbi tutulypdyr. Biziň eýýamymyzdan öňki IV asyryň ahyrlarynda Selewkiler döwletiniň hökümdary Antioh I Soteriň döwründe Aleksandryň Margianasy atly şäheriň ýerinde Antiohyň Margianasy diýip atlandyrylýan, Gäwürgala ady bilen meşhur bolan gadymy şäheriň düýbi tutulypdyr.

XI-XII asyrlarda Merw şäheriniň çäkleri Soltangala hasaplanylyp, yslam dünýäsinde iň uly we ösen medeni merkezli, ilaty sowatly, gözel ymaratlara baý şäher hasaplanypdyr. 1157-nji ýylyň 29-njy aprelinde 71 ýaşyň içinde aradan çykan Soltan Sanjaryň döwründe Merw şäherinde iki milliondan gowrak ilat ýaşapdyr.

Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabyny ürç edip okap öwrenmek bilen, Watanymyzyň mukaddes taryhynyň bir ülşi bolan Mary şäheriniň ajaýyp geçmişini açyk aýdyň öwrenmäge uly mümkinçilik aldyk. Biz türkmeniň şöhratly taryhyny öwrenip, türkmen halkynyň binýady berk, sarsmaz sütünli, giň umman mysaly, mertebeli geçmişiniň bardygyna göz ýetirýäris. Milli Liderimiziň peşgeş berýän gymmatly maglumatlara baý eserleri hem ýaş nesli terbiýelemekde baş ýörelge bolup, türkmen halkynyň taryhy geçmişiniň derejesini has-da ýokarlandyrýar.

 

Orazgeldi Aşyrow,

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň arheologiýa we etnologiýa kafedrasynyň uly mugallymy.

  • 28
  • 13.11.2020