MAKALA

Lingwistik taýýarlyk: bilimiň möhüm ugry

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda patyşa Sejong adyndaky Koreý bilim merkeziniň işläp başlanyna golaýda bir ýyl doldy. Ol ýaşyna we bilim derejesine garamazdan, koreý dilini öwrenmek isleýänler üçin lingwistik taýýarlygyň goşmaça serişdesi hökmünde hereket edýär.

Merkeziň diňleýjileriniň köpüsi – geljekde Koreýanyň ýokary okuw mekdeplerinde okamagy niýet edinýän paýtagtymyzyň orta mekdepleriniň ýokary synp okuwçylarydyr. Munuň üçin Koreýa Respublikasynyň Bilim institutynyň ýanyndaky Halkara bilimi milli institutynda ýörite talyphaklary maksatnamasy işlenilip taýýarlanylyp, ol Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapynda bilelikde kabul edildi. Merkeziň koreý dili okuwyny tamamlandygy baradaky sertifikat bu maksatnama gatnaşmaga ýeňillik berýär. Türkmen talyplary üçin Koreýanyň ýokary okuw mekdeplerinde bakalawriat, aspirantura, doktorantura ugurlaryndan bilim almak amala aşyrylýar.

Merkeziň diňleýjileriniň arasynda Döwletmämmet Azady adyndaky TMDDI-niň gündogar dilleri we edebiýaty fakultetine okuwa girmäge höwesekler hem bar, olara okuwy tamamlanlaryndan soň filolog, terjimeçi, koreý dili we edebiýaty mugallymy hünäri berilýär. Ýeri gelende, şu ýyl merkezde bilim alanlaryň ikisiniň giriş synaglaryny üstünlikli tabşyryp, paýtagtymyzyň diller ýokary okuw mekdebiniň talyby bolandygyny hem aýtmak gerek.

Koreý bilim merkezine gatnaýanlaryň arasynda Döwletmämmet Azady adyndaky TMDDI-niň bu ýerde hünär başarnygyny kämilleşdirýän mygallymlary, dil bilimini artdyrmak isleýän talyplary, şeýle hem Aşgabatda ýaşaýan etniki koreýler hem-de koreý dili, Koreýanyň we onuň halkynyň taryhydyr medeniýeti bilen gyzyklanýanlaryň ençemesi bar.

Diňleýjiler üçin merkezde Koreýanyň medeniýeti, milli baýramlary, koreý aşhana däpleri, milli folklory hem-de kino sungaty, häzirki zaman tanslary we aýdymlary bilen tanyşdyrýan çäreler guralýar. Baýramçylyklar mynasybetli geçirilýän gyzykly karnawallarda oňa gatnaşýanlara sowgatlar gowşurlýar. Merkeziň işgärleriniň aýtmagyna görä, häzirki ýaşlaryň arasynda ýörgünli K-Pop («koreý popy») tansy hasam meşhurdyr.

Merkezde hersi 4 tapgyra bölünen başlangyç we orta derejede dil öwredilýär. Her tapgyryň ahyrynda synag üstünlikli tabşyrylansoň diňleýjä sertifikat berilýär. Okuwçylar synaglara islegi boýunça gatnaşýarlar. Iki ýyla niýetlenen okuwlar dili ýeterlik derejede özleşdirmäge mümkinçilik berýär. Häzirki wagtda koreý merkezinde jemi 10 – başlangyç toparlaryň 6-sy we orta dereje toparlaryň hem 4-si bolup, olarda 120-den gowrak diňleýji dil öwrenýär. Ýakyn wagtda merkezde dili çuňňur öwredýän täze tapgyr açmak göz öňünde tutulýar.

Tutuş dünýäde Koreý bilim merkezleri guramalary giňden ýaýrandyr. Olar edarasy Günorta Koreýanyň paýtagty Seulda ýerleşýän Koreýa Respublikasynyň Medeniýet, sport we syýahatçylyk ministrliginiň ýanyndaky döwlet edaralarydyr. Bilim merkezleri koreý medeniýetini we dilini ýaýratmak, ýurtlaryň arasynda medeni gatnaşyklary giňeltmek maksady bilen döredilýär. Häzirki wagtda şeýle merkezleriň 180-si bolup, olaryň aglaba bölegi – ýüze golaýy Aziýa yklymynda hereket edýär.

turkmenistan.gov.tm

  • 25
  • 16.11.2020