MAKALA

Türkmenistanyň Ýaşlar baýragy gowşuryldy

Şu gün  Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi tarapyndan ýurdumyzyň zähmetde, döredijilikde aýratyn tapawutlanan ýaşlaryna Türkmenistanyň Ýaşlar baýragy gowşuryldy. Gowşyrylyş dabara ýurdumyzyň medeniýet, sungat işgärleri, ýurdumyzda hereket edýän ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar.

Bu baýragy almak üçin ýurdumyzyň dürli ýerlerinde ýaşaýan, bilim alýan ýaşlar döredijilik işleri, işde, okuwda gazanan üstünlikleri bilen gatnaşyp, Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi diýen hormatly ada mynasyp boldular. Şeýle abraýly baýraga mynasyp bolan ýaşlaryň arasynda Türkmenistanyň Serhet institutynyň harby talyby Ygtyýar Ulukowyň hem bolmagy guwandyryjydyr. Harby talybymyzyň şeýle baýraga mynasyp bolmagy Gullugymyzda, şol sanda Serhet institutynda ýaşlara döredijilik bilen meşgullanmaga mümkinçilikleriň uludygyny subut edýär. Bizem öz gezegimizde harby talybymyz Ygtyýar Ulukowa eýe bolan baýragynyň höwüriniň köp bolmagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris.  

Pursatdan peýdalanyp, Türkmenistanyň Ýaşlar baýragyna mynasyp bolan watandaşlarymyzy gazanan üstünlikleri hem-de baky Bitaraplygymyzyň 25 ýyllyk baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýarys. Baýramyňyz, baýragyňyz gutly bolsun, mahriban ýaşlar!

«Serhet abat — Döwlet abat».

 

  • 63
  • 16.11.2020