MAKALA

«Köpetdag» wagtyndan ozal çempion boldy

Türkmenistanyň futzal boýunça Naýbaşy ligasynyň altyn medalynyň eýesi belli boldy. Çempionatyň 23-nji tapgyrynda «Migrasiýa» futzal toparyny 4:0 hasabynda ýeňen «Köpetdag» bassyr ikinji gezek ýurdumyzyň çempiony boldy. 

Şeýlelikde, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň garamagyndaky «Köpetdag» futzal topary geljek ýylda yklym ýaryşyna — AFK-nyň Çempionlar ligasyna gatnaşmaga hukuk gazandy.

Kümüş we bürünç medal ugrundaky göreş bäş toparyň («Senagatbank», «Migrasiýa», «Deňizçi», «Gümrükçi» we «Daýhanbank») arasynda dowam edip, «Senagatbank» 2-nji orny, «Deňizçi» 3-nji orny eýeledi.

msy.gov.tm

  • 29
  • 16.11.2020