MAKALA

«Toyota Hilux» — täze 4x4 taktiki ulag

«Toyota Hilux» 5-e çenli harby gullukçyny we harby tehnikalary daşamaga ukyply pikabyň bir görnüşidir.

«Toyota Hilux» ýapon awtoulag öndürijisi «Toyota» tarapyndan öndürilýän we satylýan pikabyň bir tapgyrydyr. Bu ulaglaryň köpüsi dürli kuzowly görnüşde bolup bilse-de, pikap ýa-da kabinaly şassi görnüşlerinde satylýar.

«Toyota Hilux»-yň iň soňky goýberilişi 29° burçly belentlige galmaga, 26° burçly peslige inmäge ukyply we ýerden 293 mm beýikde bolmak bilen, iň kyn ýolsuz şertlerde işlemek üçin işlenip taýýarlanylandyr. Şeýle hem ol 700 mm çuňlukdaky päsgelçilikleri ýeňip geçmäge ukyply. Bir tonna çenli ýük daşap biler, ýöne welin, Hilux 3,5 tonna çenli ýüki süýräp biler.

  • 28
  • 16.11.2020