MAKALA

Elektron maglumatlar çeşmesi

Ýurdumyzyň bilim-ylym ulgamynda innowasion tehnologiýalar we ylmy çözgütler önümçilige ornaşdyrylýar. Halkara bilim hyzmatdaşlygyna aýratyn ähmiýet berilýär. Ýurdumyzda hünärmenleri taýýarlamagyň ygtybarly ylmy we tehnologik esasly maddy-üpjünçilik binýady döredildi.

Häzirki wagtda ýurdumyzyň sanly bilim ulgamynda okatmagyň we bilim bermegiň döwrebap usullary ulanylýar. Talyplaryň nazaryýetde alan bilimleri önümçilikde tejribelikde berkidilýär. Diýarymyzyň ylym-bilim ulgamynyň önümçilik pudaklary bilen gatnaşygy barha pugtalandyrylýar. Okuwlar önümçilik bilen utgaşyklykda guralýar. Önümçilikde ulanylýan tehnologiýalar bilim ulgamynda hem peýdalanylýar. Munuň özi geljekki hünärmenleriň taýýarlygynyň derejesini ýokarlandyrýar.

Ýurdumyzda bilim bermegiň ähli basgançaklary elektron bilim maglumatlary bilen üpjün edildi. Sanly serişdeleriň ulanylyş mümkinçiligi yzygiderli giňeldilýär. Bilim edaralarynda ýaşlara berilýän bilimiň mazmuny baýlaşdyrylýar. Ýörite orta we ýokary okuw mekdeplerinde döredilýän sanly bilim portaly bilen elektron poçta, resminama üpjünçiligi gazanyldy, bäsleşikleri, olimpiadalary, maslahatlardyr forumlary geçirmäge mümkinçilikler döredildi. Şeýle hem bilim portalyndaky okuw kitaplaryny, okuw golanmalaryny, sözlükleri uzak wagt sarp etmezden peýdalanyp bolýar.

Elektron maglumatlar çeşmesine birikmegiň elýeterligi ýaşlaryň döwrebap bilim almagyna hem-de kämilleşmegine oňyn täsirini ýetirýär. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň ähli ýokary okuw mekdeplerinde bilim portalyny doly ornaşdyrmak üstünlikli amal edildi. Bu işler durmuşa doly ornaşdyrylyp, okamak üçin sarp edilýän wagt ep-esli tygşytlanyldy, şonuň ýaly-da bilimiň hili ýokarlandyryldy.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň okuw mekdeplerinde, esasan, ýokary okuw mekdeplerinde döredilen sanly bilim portallarynyň doly işläp başlamagy bilen olaryň kitaphanalara birikdirilmegi, kitaphanalarda hem döwrebap elektron ulgamynyň doly ornaşdyrylmagy netijesinde okyjylar, ilkinji nobatda talyplar üçin kitaplara elýeterlilik gowulandyryldy.

Ýurduň bilim ulgamynyň durnukly ösüşini üpjün etmekde maglumat tehnologiýalary, kompýuterleşdirilen ulgamlar hem-de ýokary bilim tehnologiýalary möhüm orny eýeleýär. Şonuň üçin milli bilim ulgamyna innowasiýalary ornaşdyrmak hem-de olary uzak geljekde ýörelge edinmek milli Liderimiziň alyp barýan bilim özgertmeleriniň esasy bolup durýar.

Diýarymyzyň her bir raýatynyň häzirki zamanyň ösen tehnologiýalaryndan doly baş çykaryp bilmegini gazanmak üçin milli bilim ulgamynyň öňünde duran giň möçberli, halk ähmiýetli wezipeler häzirki wagtda oňyn çözülýär. Sanly bilimiň innowasion esasda ösdürilişi bilen bilim ulgamynyň döwrebap tehniki serişdeler, multimedia tehnologiýalary bilen döwrebap üpjünçiligi ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga örän amatly şertleri döredýär.

Ýurdumyzda sanly ykdysadyýetiň döwrebaplaşdyrylmagy we ösdürilmegi netijesinde halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi yzygiderli ýokarlandyrylýar. Ýaşlarymyzyň okamak, hünär öwrenmek mümkinçiligi bolsa barha ýeňilleşýär. Gahryman Prezidentimiziň innowasiýalar arkaly bilim ulgamyny kämilleşdirmek, ýaşlara bilim-ylym öwretmek işlerini has-da ýokarlandyrmak üçin alyp barýan toplumlaýyn işleri oňyn netijelerini berýär.

 

Aknur Ataýewa,

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň uly mugallymy.

«Mugallymlar gazeti».

  • 29
  • 17.11.2020