MAKALA

Taryhyma buýsanç

Gyzyklanyp taryhymyz barada,

Açdym gatlaryny kitap barynyň.

Ýazmak hyýalyna düşdüm arada,

Ajap sözde waspyn isläp barynyň.

 

Buýsançlydyr şöhratlanan taryhym,

Bu toprakda gurduk Seljuk döwletin.

Guwanç bilen edýärin men tarypyn,

Yrylmasyn binýady berk döwletim.

 

Watansöýüjilik damarda, ganda,

Gaýnap dursa döwlet döreýär şeýle.

Beýik Seljuk döwletiniň şöhratyn,

Biljek bolsaň taryha bir göz aýla.

 

Göwni ýaly giňäp giden milletim

Mekan tutmuş giň dünýäniň göwsünde.

Meger, Biribaryň gudraty inmiş,

Ak daňdanlar säher ýeli öwsende.

 

Merdi, merdanasy bolan türkmene,

Arkadag Oguly berdi Ýaradan.

Ýurt guran ärleriň kesbin ýöredip,

Watanymda jennet gurýar ýaňadan.

Ýolbars Akmyradow,

Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy.

  • 32
  • 17.11.2020