MAKALA

Bitarap Watanyň dostluk serhedi

Mälim bolşy ýaly, şu ýyl eziz Watanymyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýörite Kararnamalary bilen ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolmagyna 25 ýyl dolýar. Şu nukdaýnazardan, şeýle ajaýyp baýramçylygyň belleniljek ýyly bolan 2020-nji ýylymyz «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýyly diýlip yglan edildi we baýramçylyk dabaralaryna ýylyň başyndan badalga berildi. Bu şöhratly ýyl ähli watandaşlarymyz bilen bir hatarda Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň harby gullukçylary üçin hem ýatdan çykmajak şanly wakalara beslendi.

«Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylyna gadam goýan ilkinji aýymyzda bellenilip geçilen Watan goragçylarynyň güni mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň hatarynda täze serhet galalarynyň, serhetçiler we olaryň maşgala agzalary üçin döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň, «Türkmen alabaý» tohumly itleri köpeldiş we kämilleşdiriş merkeziniň dabaraly açylyp ulanylmaga berilmegi, şeýle-de kämil lukmançylyk we ýük awtoulaglarynyň ençemesiniň kabul edilip, goşunyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň üstüniň ýetirilmegi baýramçylyk şatlygymyzy goşalandyrdy.

Lukmançylyk awtoulaglarynda tiz lukmançylyk kömegini bermekde döwrebap hyzmatlary amala aşyrmak ýaly mümkinçilikler bar. Ýük awtoulaglary hem çylşyrymly tebigy şertlerimizde gulluk maksatly ýüze çykýan zerurlyklarymyzy amala aşyrmakda ýokary geçirijiligi, kuwwatlylygy we döwrebaplygy özünde jemleýär. Şeýle aýratynlyklary bilen bir hatarda, bu harby maksatly awtoulaglaryň içinde ýörite ýyladyjylaryň we sowadyjylaryň bolmagy hem aýratyn bellärliklidir.

Şu ýylyň sentýabr aýynda hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň dag eteklerinde welosipedli gezelenjiň barşynda ýolugra ata Watanymyzyň mukaddes araçäklerini goraýan we gulluk borçlaryny abraý bilen ýerine ýetirýän serhetçileriň ýanyna baryp, olar bilen söhbetdeş bolmagy, serhetçileriň gulluga gelip, öwrenýän hünärleri, dynç alyşlary we naharlanyşlary, umuman, gulluk şertleri bilen gyzyklanmagy ýylyň senenamasyna altyn harplar bilen ýazylan buýsançly waka bolup, ähli serhetçileri jogapkärli gulluklaryna has-da ruhlandyrdy.

Mähriban Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy barada söz açylanda, onuň Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň ykbaly bilen aýrylmaz baglanyşyklydygy barada taryhy wakany bellemän geçmek mümkin däl. Bu taryhy waka 2014-nji ýylyň dekabrynda bolupdy. Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň gatnaşmagynda, Türkmenistanyň Serhet institutynyň binalar toplumynyň açylyş dabarasynyň çäklerinde, Gahryman Arkadagymyz bu ýerde döredilen mümkinçilikler bilen tanyşlygyň barşynda okuw otaglarynyň birinde ýerleşdirilen ýurdumyzyň serhedini alamatlandyrýan belgä ünsi çekip, bu belgä eziz Watanymyzyň baky Bitaraplygyny alamatlandyrýan zeýtun şahasynyň şekilini ýerleşdirmegiň maksadalaýyk boljakdygy barada aýtdy. 2015-nji «Bitaraplyk we parahatçylyk» ýylyna gadam basan ilkinji günlerimizde hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň çuňňur oýlanyşykly, dana çözgüdi esasynda eziz Watanymyzyň başlanýan ýerini alamatlandyrýan serhet belgisine, berkarar Watanymyzyň baky Bitaraplygyny alamatlandyrýan nyşanyň — zeýtun şahajyklarynyň resmi taýdan ýerleşdirilmegi ähli serhetçiler üçin örän şatlykly, buýsançly waka boldy. Şeýle-de parahatçylyk nyşany bolan zeýtun şahasy ýerleşdirilen, serhet belgili goşunymyzy hem-de şol goşunda gulluk edýän harby gullukçylary öz öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli berjaý etmäge, parahatçylygyň goragynda hemişe sak durup, gulluk etmäge borçlandyrdy. Çünki eziz Watanymyzyň dost-doganlyk araçäkleriniň goragyny üpjün edýän serhetçilerimiz öz öňlerinde goýlan jogapkärli wezipeleri berjaý etmekde goranyş häsiýetli Harby doktrinamyzdan hem-de oňyn Bitaraplyk ýörelgämizden pugta ugur alyp, Watanymyzyň araçäkleriniň hemişe dostlugyň, hoşniýetli goňşuçylygyň serhetlerine öwrülmegine öz mynasyp goşantlaryny goşýarlar.

Hawa, Garaşsyz Türkmenistan Watanymyz hemişelik Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine eýerip, taryh üçin uzak bolmadyk döwürde halkara derejesinde uly at-abraý gazanyp, ykdysady taýdan ýokary depginler bilen ösýän döwletleriň hataryna goşuldy. Berkarar döwletimiz öz saýlap alan ynsanperwerlik ýörelgelerine esaslanyp, gurmak we döretmek ýolundan bedew bady bilen öňe barýar. Häzirki döwürde bütin dünýäde berkarar döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna uly hormat goýulýar. Garaşsyz döwletimiziň daşary syýasatynyň esasy bolan hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy ýurdumyzyň ykdysady ösüşini we abadançylygyny üpjün etmegiň möhüm şertidir.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň araçäkleriniň dost-doganlyk serhedine öwrülmegine mynasyp goşant goşýandyklary üçin, kalplary buýsançdan doly Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň harby gullukçylary şeýle ajaýyp döwürde ýaşadýandygy üçin hormatly Belent Serkerdebaşymyza alkyş aýdýarlar.

Goý, bütin dünýäde parahatçylygy pugtalandyrmakda nusgalyk işleri durmuşa geçirýän hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň başy dik, jany sag bolsun, tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

 

«Serhet abat — Döwlet abat».

  • 40
  • 17.11.2020