MAKALA

Sport ýaryşlar gyzgalaňly dowam edýär

Hemmämiziň bilşimiz ýaly, hemişelik Bitaraplygymyzyň 25 ýyllygy mynasybetli harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby türgenleriniň arasynda sportuň  dürli görnüşleri boýunça ýaryşlar gyzgalaňly dowam edýär. Bizem geçirilýän sport ýaryşlarynyň, ýagny tennis we stoluň üstünde oýnalýan tennis görnüşleriniň netijeleri dogursyndaky maglumatlary internet saýtymyzda okyjylarymyzyň dykgatyna ýetiripdik. Ynha, ýakynda eminler tarapyndan sportuň ýeňil atletika görnüşiniň netijeleri hem kesgitlenildi.

Ýeňil atletika sportunyň 100 metr aralyga ylgamak boýunça ýaryşda Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň türgeni Merdan Welihanow ikinji orny eýeledi.

200 we 800 metr aralyklara ylgamak boýunça geçirilen ýaryşyň ikisinde-de Gullugymyzyň türgeni Ýunus Öwezdurdyýew ikinji orna mynasyp boldy.

400 metr aralyga ylgamak boýunça ikinji orny serhetçi türgenimiz Serdar Ahmedow eýelemegi başardy.

Uzak aralyklara, ýagny 1500 we 3000 metr aralyklara ylgamak boýunça ýaryşlarda Döwlet serhet gullugynyň türgeni Parahat Kakaýew iki aralykda-da ikinji orny eýeläp, Gullugymyzyň sport abraýyny belende göterdi.

4x100 estafeta görnüşinden Gullugymyzyň harby gullukçylary Ýunus Öwezdurdyýew, Merdan Welihanow, Roman Hudaýnazarow, Serdar Bekiýew dagylar toparlaýyn ikinji orna mynasyp boldylar.

4x400 estafeta görnüşinden serhetçi türgenlerimiz Serdar Ahmedow, Döwlet Berdiýew, Ýunus Öwezdurdyýew we Merdan Welihanow toparlaýyn ikinji orny eýelediler.

Bizem serhetçi türgenlerimizi gazanan ýeňşi bilen tüýs ýürekden gutlaýarys! Baýrakly orunlaryňyz gutly bolsun, serhetçi türgenler!  

«Serhet abat – Döwlet abat».

  • 29
  • 17.11.2020