MAKALA

Gadymy şekillendiriş sungatymyzdaky guş şekilleri

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe pederlerimizden miras galan medeniýetimiz, milli mirasymyz täze öwüşgine eýe boldy. Bu, esasan-da, milli mirasymyzyň aýrylmaz bölegi bolup durýan şekillendiriş sungatynda has äşgär ýüze çykdy. Biz muny keramika sungatynda hem aýdyň görýäris. Häzirki döwrümizde yhlas bilen öwrenilýän gadymy türkmen şekillendiriş sungatynda özboluşly orun alan şekilleriň biri-de, guşlaryň şekilleridir. Guşlar adamlaryň ilkinji eldekileşdiren we öý hojalygyna uýgunlaşdyran jandarlarydyr.

Taryhy maglumatlara görä, oguz-türkmen kabylalarynyň oňony guşlar bolupdyr. Milli halylarymyzda guşlaryň dürlüçe şekillendirilmegi kabyla oňonlarynyň şöhlelenmesidir. Mälim bolşy ýaly, kepderiler dünýäniň köp halklarynda keramatly guş hasap edilýär. Gadymy rowaýatlarda hem kepderiler ylahy güýçler bilen ynsanlaryň arasynda araçy hökmünde çykyş edip, azatlygyň jarçysy bolupdyrlar.

Gadymy Nuhuň tupany hakyndaky assiriýa-wawilon gürrüňlerinde dünýäni suw basmagyň ýedinji güni Utnapiştim (dünýäni suw basmagyň wawilon gahrymany-L.B.) kepderini ýeriň gözlegine çykmak üçin uçuryp goýberipdir. Ol özüne gonup, dynç alar ýaly ýer tapmandan soň, gämä gaýdyp gelipdir. Soňra garlawaç goýberilipdir, emma ol hem dolanypdyr. Diňe garga ýeri tapyp, dolanyp gelmändir. Şondan soňra kepderi ikinji gezek uçurylyp, çüňki ýagly ýaprakly dolanypdyr. Bu ýagdaý gämidäki adamlaryň we jandarlaryň halas bolmagyny aňladypdyr.

Belli etnograf Z.P.Sokolowanyň ýazmagyna görä, gündogar mifologiýasynda (siriýa, finikiýa, müsür) kepderi Hudaýyň guşy bolup çykyş edýär. Diýarymyzyň demirgazyk etraplaryndan IX — XVI asyrlara degişli tapylan küýze böleklerinde hem çüňkünde agajyň şahasyny saklap duran iki ak kepderi şekillendirilipdir. Biziň pikirimizçe, bu şekil Nuhuň tupanyndaky ýeriň gözlegine iberilen kepderiniňki bolmaly. Asyrlaryň dowamynda kepderiler gapdallaýyn, garamtyl-goňur düşegiň üstünden mawy reňkde çekilipdir.

IX — XI asyrlaryň keramiki gap-gaçlarynda horaz, sülgün we tawus ýaly guşlary çekmek hem aýratyn däbe öwrülipdir. Bu guşlar, müňýyllyklardan hem aňryny nazarlaýan pederlerimiziň dini ynançlary bilen bagly bolup, olar alawy, bakylygy şöhlelendiripdirler. Gadymy nakgaşlar ýyrtyjy guşlary — bürgüdi, laçyny we gyrgyny hem şekillere siňdiripdirler. Olar Asmany, gara güýji hem-de awçylygy aňladypdyrlar.

Çarwaçylyk bilen meşgullanan pederlerimiziň bir topary «Gün guşlary» — horazyň we sülgüniň periniň, dyrnakly penjesiniň şekilini şaý-seplerde tumar hökmünde ulanypdyrlar. Ertekiler ýurdy bolan Hindistandan getirilen totuguşlaryň şekili bolsa küýzegärçilik sungatynda aýratyn orna eýe bolupdyr.

VII-VIII asyrlar bilen senelenýän gadymy oguz (Orhon) ýazgylarynda Umaýyň — gadymy türkleriň beýik Ene Hudaýynyň ady getirilýär. Ol bize ertekileriň üsti bilen belli bolan humaý guşudyr. Bu keramatly guş kimdir biriniň depesine gonsa, ýa-da üstüne kölegesini salsa ol adam durmuşda bagtly, rysgally, döwletli adam bolupdyr. Gadymy pederlerimiz humaý guşuny ene göwresindäki çaganyň howandary hem hasaplapdyrlar. Gadymy şekillendiriş sungatynyň ussatlary humaý guşunyň dürli hyýaly şekillerini keramiki gap-gaçlara, köşkleriň diwarlaryna-da çekipdirler.

Laçyn Babaýewa,

Türkmen döwlet medeniýet institutynyň mugallymy.

  • 28
  • 17.11.2020