MAKALA

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyklar

Şu gün Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty tarapyndan BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekilhanasy bilen bilelikde 20-nji noýabrda bellenilýän Çaganyň bütindünýä gününe hem-de Çaganyň hukuklary hakynda Konwensiýanyň kabul edilmeginiň senesine bagyşlanyp çäreler guraldy.

Wideoduşuşyga ýurdumyzda ÝUNISEF bilen işjeň gatnaşyk saklaýan köpsanly hyzmatdaşlar gatnaşdylar, olar bilen bilelikde çagalaryň hukuklarynyň üpjün edilmegine hem-de olaryň saglygynyň goralmagyna, sazlaşykly terbiýelenilmegine we ösüşine gönükdirilen taslamalar amala aşyrylýar.

Çärä gatnaşyjylaryň hatarynda milli parlamentiň, Adalatçynyň diwanynyň, Daşary işler, Saglygy goraýyş we derman senagaty, Bilim, Adalat, Içeri işler, Maliýe we ykdysadyýet, Sport we ýaşlar syýasaty, Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrlikleriniň, Statistika baradaky döwlet komitetiniň, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň, ýokary okuw mekdepleriniň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bar.

Şeýle hem çärä ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň we missiýalaryň hem-de halkara guramalarynyň baştutanlary hem gatnaşdylar.

Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýaş nesliň hukuklarynyň we bähbitleriniň, enäniň hem-de çaganyň saglygynyň goragyny üpjün etmek, bilim we saglygy goraýyş ulgamlaryny kämilleşdirmek hem-de tutuşlygyna, ýurdumyzyň belent sepgitlere ýeten durmuş ulgamy bilen baglanyşykly meselelere ägirt uly üns berýär.

Ýurdumyz ynsanperwer ulgamynda örän möhüm halkara-hukuk resminamalaryna, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň Çaganyň hukuklary hakynda Konwensiýasyna goşulyşmak bilen, öz üstüne alan borçnamalaryň berjaý edilmegine örän jogapkärçilikli çemeleşýär we BMG-niň Çagalar gaznasy bilen netijeli hyzmatdaşlygy geljekde hem okgunly ösdürmegi ugur edinýär.

ÝUNISEF bilen bilelikde geçirilýän işler ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň strategiýasynyň mundan beýläk-de durmuşa geçirilmegine hem-de 2018-2022-nji ýyllarda Çaganyň hukuklary boýunça hereketleriň milli meýilnamasyny amala aşyrmaga ýardam berýär.

Çäräniň barşynda ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekilhanasynyň baştutany Kristin Weýgand çykyş edip, onlaýn-duşuşyga gatnaşyjylary Türkmenistan bilen BMG-niň Çagalar gaznasynyň arasynda hyzmatdaşlygyň 2021-2025-nji ýyllar üçin işlenip taýýarlanylan Ýurt maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň ileri tutulýan ugurlary bilen tanyşdyrdy.

Hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryna esaslanmak bilen, bu Maksatnamanyň döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan 2030-njy ýyla çenli döwür üçin durnukly ösüş ulgamynda, çagalar babatynda Durnukly ösüş maksatlarynyň Gün tertibini amala aşyrmak boýunça geçirilýän giň gerimli işlere uly goşantdygy nygtaldy.

Wideoduşuşyga gatnaşyjylar körpe türkmenistanlylaryň bagtyýar we abadan durmuşy üçin ähli şertleriň döredilmegine gönükdirilen dürli ulgamlarda ýetilen belent sepgitler barada gürrüň berdiler.

***

Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň wekilleri jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna hem-de terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy göreş boýunça Ýewraziýa toparynyň wideomaslahat görnüşinde geçirilen 33-nji umumy mejlisine gatnaşdylar.

Köptaraplaýyn duşuşyk Ýewraziýa toparynyň 9 döwletiniň: Türkmenistanyň, Belarusuň, Hindistanyň, Gazagystanyň, Hytaýyň, Gyrgyzystanyň, Russiýanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň wekiliýetleriniň, bu düzümde synçylar derejesine eýe bolan birnäçe ýurtlaryň, halkara we sebit guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Nygtalyşy ýaly, terrorçylygyň we ekstremizmiň islendik ýüze çykmalaryna aýgytly garşy durýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parahatçylyk söýüjilikli syýasaty dünýä bileleşiginiň ählumumy howpsuzlyga wehim salýan bu howpa garşy göreşde tagallalary goldamagyň möhüm şerti bolup durýar.

Ýurdumyz BMG-niň guramaçylykly jenaýatçylyga we terrorçylyga garşy göreş boýunça birnäçe Konwensiýalaryna, Ylalaşyklaryna we Maksatnamalaryna goşulmak bilen, halkara hukuk kadalaryna ygrarly bolmagynda galýar hem-de bu ugurda beýleki döwletler we iri düzümler, şol sanda jenaýatçylykly ýol bilen gazanylan pul serişdelriniň kanunlaşdyrylmagyna garşy göreş boýunça maliýe çärelerini işläp taýýarlamak topary (FATF) , Ýewraziýa topary hem-de EGMONT topary bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär.

FATF-yň assosiirlenen agzasy bolmak bilen, Ýewraziýa topary terrorçylyk howpunyň peseldilmegine, milli maliýe ulgamlarynyň aýanlygynyň, ygtybarlylygynyň hem-de howpsuzlygynyň üpjün edilmegine, sebitiň döwletleriniň jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna hem-de terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy göreş boýunça halkara işlerine çekilmegine uly goşant goşýar.

Şu gezekki onlaýn mejlisiň gün tertibine bu guramanyň öňünde goýlan maksatlara ýetmek we wezipeleriň oňyn çözgüdini tapmak boýunça geljekki bilelikdäki çäreleri, Ýewraziýa toparynyň agza döwletleriniň COVID-19 pandemiýasy zerarly jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileri hem-de terrorçylygy maliýeleşdirmegi kanunlaşdyrmak töwekgelçilikleri bilen baglanyşykly işleriniň jemlerini ara alyp maslahatlaşmak meseleleri girizildi.

Şeýle hem ýörite iş toparlarynyň hasabatlary diňlenildi, olaryň mejlisleri 9-12-nji noýabrda geçirildi, Ýewraziýa toparynyň 2021-nji ýyl üçin iş meýilnamasyna, öňde boljak umumy mejlisleri geçirmegiň tertibine we beýleki guramaçylykly meselelere garaldy.

  • 20
  • 21.11.2020