MAKALA

Mälikşanyň hökümdarlygy: Beýik Seljuklar Döwleti

Mälikşa öz şalygyny özüne garşy gozgalaň turuzan kaka tarapyndan doganoglany Gara Arslan Gowurt bilen gazaply söweşler bilen başlapdyr. Sebäbi Gara Arslan ozalky soltan Alp Arslan wepat bolandan soň, tagta dalaş edip, goşunlaryny Omandan we Kermandan Reýe tarap sürüpdir. Gara Arslan soltana şeýle ýüzlenipdir: «Men uly doganyň, sen bolsa kiçi ogul. Men doganym soltan Alp Arslanyň baş mirasdary, sen däl!». Muňa jogap hökmünde ýaş soltan: «Dogany mirasdar däl, eger ogly bar bolsa» diýip ýazypdyr.

Gara Arslan, esasan, Reý we Kermanyň arasyndaky oazislerde oturýan türkmenlere bil baglapdyr. Emma soltan wagt ýitirmän, çäreleri geçiripdir, ýagny türkmenlere 500000 altyn dinary, geýimleri we ýaraglary ugradypdyr. Görnüşi ýaly, türkmenlerden soltan hökümetiniň az gorkusy bolmandyr. Gara Arslan öz kabyladaşlaryna daýanypdyr we Gemedanyň golaýynda garşydaşlar çaknyşypdyr. Netijede, soltanyň goşuny türkmenleriň bitaraplygy saklandyklary sebäpli ýeňiş gazanypdyrlar we Gara Arslan bolsa jezalandyrylypdyr.

Rehimsiz garşydaşdan üstün çykylandan soň, soltan garyplara we derwüşlere sadaka paýlapdyr, zyndandaky bendileri boşadypdyr. Şol bir wagtyň özünde doganoglany Gara Arslanyň nesillerine Omany we Kermany gaýdyp beripdir. Balh we Toharstany dogany Tekişe bagyşlapdyr. Ol hakykatdan-da örän rehimli, ýüregi ýuka soltan bolupdyr.

Soltan Mälikşa türkmen kabylalaryna ynanypdyr hem-de daýanypdyr. Ol türkmen meýletin goşunyny, esasan, Müsüriň halyflaryna, boýun egmezek arap begzadalaryna, wizantiýalylara we haçparazlara garşy göreşde peýdalanypdyr. 1072-nji ýylda soltan Atsyz ibn Uak el-Horezmliniň baştutanlygyndaky meýletin goşuny Sirýany basyp almak üçin ugradypdyr. Atsyz Palestina çozup giripdir, Ramlany eýeläpdir we 1076-njy ýylda bolsa Damaska barypdyr. XI asyryň segseninji ýyllarynda Sirýada we Yrakdaky harby ýörüşlere asly gaýy kabylasyndan bolan Artyk ibn Egsik işjeň gatnaşypdyr. Bu türkmen serdarynyň nesilleri soňlugynda Merdinde, His Kaýfda, Amitde, Harputda seljuklara garaşly bolmady Türkmen Artyklar döwletini döretdiler.

Mälikşanyň aýaly Terken hatyn...

Mälikşadan soň onuň aýaly Terken hatyn (Jelaliýa hatyn) ýokary häkimýeti öz eline aldy. Ol hazynadan altyn we kümüşi, gymmatbaha sowgatlaryň hasabyna emirleri serpaýlap, özüniň 4 ýaşly ogly Mahmyda goldaw döretdi. Bagdat halyfy mejbury ýagdaýda Mahmydy ýokary hökümdar hökmünde tassyklady. Jelaliýa Hatyn we onuň weziri Täj el-Mülk Ysfyhanamerhum soltanyň beýleki ogly, 12 ýaşly Berkýaryň bolýan şäherine ugrady. Terken hatyn öz goşuny bilen Ysfyhana girdi, Berkýaryk bolsa özüne wepaly gulamlar bilen Reýe tarap gaçdy. Berkýarygyň töwereginde özleriniň gelip çykyşlary boýunça asylzada bolmadyk, ýöne şöhratparaz we häkimýete, baýlyga tarap dyzaýan emirler, şeýle hem merhum weziriň Er Guş tarapyndan baştutanlyk edilýän tarapdarlary jemlenipdir. Berkýaryk Reýiň reýisiniň işjeň gatnaşmagynda soltan hökmünde yglan edildi.

Soltanyň ogly Berkýaryk...

Seljuklaryň taryhynda ilkinji gezek iki ýokary hökümdar-Ysfyhanda Mahmyr, Reýde bolsa Berkýaryk peýda boldy. Bu şäherleriň ikisi hem Eýran Yslam Respublikasynyň ýerinde ýerleşýär. Doganlar ikihökümdarlaryň atlary deň derejede Anna güni okalýan hutbalarda ýatlanypdyr hem-de olaryň hersi dinarlaryny zikeläpdirler. Ýöne Seljuklar döwletinde ikihäkimýetlik uzak dowam etmändir. 1094-nji ýylda Berkýaryk bilen Jelaliýa hatynyň goşunlarynyň arasynda aýgytly söweş bolup, Berkýaryk ýeňiş gazanypdyr.

Berkýaryň on iki ýyllyk soltanlygy içki uruşlar, syýasy hileler, begzadalaryň ýokary häkimýet üçin rehimsiz uruşlary we dawwalaryndan doldurylypdyr. Ýaş soltana seljuklar şanesliniň örän täsirli baş wekillerinden öz tagtyny goramaklyk kyn düşüpdir. Berýarygyň has gorkuly we güýçli garşydaşy, Siriýanyň we Palestinanyň bir böleginiň hökümdary, kakasynyň dogany Täj ed-Döwle Tutuş bolupdyr. Ol tagty eýelemek üçin imperiýanyň paýtagtyna Ysfyhana sürüpdir. Emma 1095-nji ýylyň fewral aýynda onuň 15 000 goşuny çym-pytrak edilipdir, galanlary bolsa Sirýa we Palestina gaçypdyrlar.

Seljuklar döwletinde syýasy ýagdaýyň ýitileşmegi belli bir derejede Gündogara haçparaz ýörişleriniň başlanmagy bilen baglydyr. 1097-nji ýylda frank rysar goşuny wizantiýalylaryň toparlary seljuklaryň golundan Nikeýany we Konýa soltanlygynyň bölegini aldylar. Haçparazlar, Kiçi Aziýa geçip, Edessany we Antiohiýany aldylar we özleriniň Ýakyn Gündogarda ilkinji mülkini döretdiler. 1099-njy ýylda olar Iýerusalimi eýeläp, Ortaýer deňziniň tutuş gündogar kenarynda ornaşdylar.

Soltanyň ogly Muhammet Tapar...

Soltan Berkýaryň dolandyran wagtynda Seljuklar imperiýasynyň dargamaklyk prosessi güýçlenipdir. Ýagny imperiýanyň gündogar, merkezi we günbatar welaýatlarynyň aýratynlaşmagy başlanyp, iki özbaşdak döwlete — Horasan we Yrak soltanlyklaryna bölünipdir. Berkýaryk şindi soltan Mahmyt bilen söweşip ýören wagtynda özüniň öweý dogany Abu Şuje Muhammet Tapara ykta hökmünde Genje welaýatyny beripdi. Muhammet Tapar howlukman Azerbeýjanda häkimligini berkleşdirip, Arrany hem eýeläpdir. 1099-njy ýylyň güýzünde gaçgak soltan weziri Mu’aýid el-Mülkiň öjükdirmegi sebäpli goşunlaryny Berkýarygyň garşysyna sürüpdir. Harby serkerdeleriň köpüsi seljuklaryň tagtyna täze bäsdeşiň tarapyna geçipdirler. Muhammet Tapar derrew tagta geçipdir. Bagdat halyfy bolsa onuň adyna şol wagt-da hutba okadypdyr. Ol halyf tarapyndan maliýe taýdan goldanyp, «Kyýas ed-Dünýä wa-d-Din» unwanyny hem alypdyr.

1104-nji ýylda soltan tagtyna bäsdeşleriň ikisi-de syýasy statusy (hukuk ýagdaýyny-B.A.) we olaryň mülklerini kesgitleýän parahatçylykly şertnama baglaşypdyrlar. Muhammet Tapar Azerbeýjandan we Arrandan başga-da, Persiýanyň demirgazyk-günbatar welaýatlaryny, Ýefrat derýasy boýunça welaýatlary, Mosuly we Yragy alypdyr. Berkýaryk bolsa Demirgazyk we Merkezi Eýranyň bölegini, Huzistany, el-Jazyry, Mekge we Medinäni özüne birleşdiripdir. 1104-nji ýylyň şertnamasyna laýyklykda, iki öweý doganlar soltan atlandyrylypdyr, ýöne ýokary hökümdar hökmünde Berkýaryk yglan edilipdir. Emma ol aradan çykandan soň beýik soltan unwany Ebu Şuja Muhammet Tapara geçmeli edilipdir. Muhammet Tapar beýik soltan hökmünde 1105-1118-nji ýyllarda dolandyrypdyr.

Dowamy bar...

 

Bäşim Annagurbanow,

Arheolog.

  • 47
  • 30.12.2020