MAKALA

«Rosteh» tüpeňler üçin täze nyşana alyjylaryny hödürleýär

«Rosteh» döwlet korporasiýasynyň «Şwabe» holdinginiň Nowosibirsk gurallar zawody (gaýtadan işleýän zawod) gysga we orta aralyklarda işlemek üçin niýetlenen optiki nyşana alyjylaryň ilkinji önümçilik tapgyryny goýberdi.

«Şwabe» holdinginiň Nowosibirsk gurallar zawody «PO104» we «PO156» optiki modelleriniň önümçiligini ýola goýdy. Gurluşlaryň artykmaçlyklary giň görüş meýdanlylygy, okulýaryň (optiki gurallarda seredýäniň gözüne tarap öwrülen linzanyň) dioptr (tüpeňi nyşana dogrulamak üçin niýetlenen enjam) sazlanyşyny we islendik ýagtylyk derejesi üçin alty derejeli yşyklandyryşy öz içine alýar. Mundan başga-da, nyşana alyjylar ýaragyň nil gutusynyň ölçeglerinden çykmaýar we eginde göterilende ok atyjy elementlere degmeýär.

Nyşana alyjylaryň tehniki we amaly taraplary biri-birine meňzeýär. Tapawut nyşanlary ulaldyjy ähtimallygynda — «PO104-de» iki sany fiksirlenen ulaldyjysy bar — 1 we 4, «PO156-de» bolsa — 1,5 we 6 gezek. Atyjynyň elini ýaragyň gundagyndan daşlaşdyrmazdan ulaldyjyny derrew üýtgemegi üçin, korpusyň aşaky böleginde ýörite geçiriji (pereklýuçatel) göz öňünde tutulan.

«PO104» we «PO156» Pikatin plankaly hyrly ýaraglaryň dürli görnüşlerinden çalt nyşana almak üçin amatlydyr. Ýaragy dakmagyň mehanizmi — tötänden açylanda çalt aýrylýan goşmaça gulply.

 

Terjime eden Ýaran Akmämmedow.

  • 47
  • 30.12.2020