
Täze ýyl aýtgylaryndan
♦ Täze ýyl her bir ynsanyň ýaş toýudyr.
♦ Täze ýyl baýramynyň iň uly jadysy ähli kişileri jada ynandyryp bilmegidir.
♦ Täze ýyl bosagada durka, biz täzeden ýaşamaga başlaýarys.
♦ Aslynda, Täze ýyl baýramçylygy dileglerden, gutlaglardan hem-de ertirden başlap hemmesiniň gowy boljakdygy baradaky ullakan ynamdan ybarat.
♦ Täze ýyl ýüreginiň töründe özüniň çagadygyna ynanýan we henizem syr bildirmän jada garaşýan uly adamlaryň baýramçylygydyr.
♦ Täze ýylda ýakynlaryňyza edip biljek iň uly sowgadyňyz — ýagşylyga bolan umytdyr.
♦ Täze ýyl jadyly gije. Ulular käte çagalara garanyňda ertekilere has mätäçlik çekýändikleri üçin hem bu gijäni aýratyn gowy görýärler.
♦ Täze ýyly nirede garşylandygyň däl, kimler bilen garşylandygyň has möhümdir.
♦ Islendik ýaşda Täze ýyly täze maksatlar bilen garşylamak gerek.
♦ Eger-de sen Täze ýyl agşamynda diňe garyň ýagmagyny dileýän bolsaň, diýmek, şu wagt örän bagtly adamsyň.
♦ Täze ýyl sowgadyny arçanyň aşagyndan däl-de, töwereginden gözläň. Eger daşyňyzy maşgalaňyz gurşap duran bolsa, diýmek, ol sowgat sizde bar.
Toplan Oguljennet Begliýewa,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň mugallymy.
