MAKALA

«Ak zat alnyňa ýagşy»

Dynç güni öňki endigime eýerip, öýe gerekli hajatlary satyn almak üçin golaýymyzdaky dükana ýola düşdüm. Pyýadalar üçin niýetlenen ýodadan ýöräp barşyma, gyşyň tämiz howasyndan ruhy teşneligimi gandyrdym. Bu golaýda açyk howada uzak gezim etmänimemi, nämemi, birhili dünýäm täzelenen ýaly boldy. Adaja öwüsýän mylaýym şemala şahasyndan tänip ýere düşen sary ýapraklar bilen ak gar tebigata aýratyn öwüşgin çaýýardy. Ýoluň ugrundaky ajaýyp binalaryň töwerekleriniň bu gözellik bilen sazlaşygyny bolsa görmäge göz gerekdi. Bu gözellik, suratkeşiň sünnäläp çeken peýzaž eserine meňzeýärdi.

Syrdam-syrdam binalaryň arasy bilen haýal ädimläp barýaryn. Olaryň töwereklerindäki ajaýyp agaçlar nazaryňy biygtyýar özünde egleýär. Üstüne ýagan gar eräp, olaryň ýapraklaryndan syrygyp gaýdýan damjalar bolsa monjuga çalymdaş. Siňe syn etseň, şol pursat monjuklaryň sapakdan dökülişini ýadyňa salýar. Garaz, bu ajaýyplygy beýan etmäge, hatda owadan sözlerem ejiz gelýär. Gyşyň şeýle gözelligini synlap barşyma, çagalyk ýyllaryma dolananymy duýman galypdyryn.

Çaga wagtlarym gyş aýlary gar ýagdygy, öýümiziň golaýynda gar adamlaryň birnäçesi peýda bolýardy. Olary ýasamaga menem juda höwesekdim. Sebäbi men gar oýnamagy örän halaýardym. Aslynda, ony halamaýan çaga bir barmyka?! Asmandan ýagýan ak gara seredip, ýürekde besleýän arzuwlarymyzy aýdardyk. Gyş aýlary atamyň eken baglary hem ak gara bürenýärdi. Ol baglaryň owadanlygy kän zada degýär ahyry. Hakydamda çagalyk ýyllarym baradaky, gör, näçe ýatlamalar kinodan pursatlar ýaly saklanyp galypdyr!

Häliden bäri başagaý bolup, size düşündirip bilmän oturan şol gözel görnüşimi, tebigata surat çekmäge, ýok, asyl, meniň duýgularymy şekile geçirmäge çykan orta boýly, gyzyl köýnekli gyz ak kagyzyň ýüzünde dürli reňkler bilen beýan edäýipdir. Ol gyzyň çeken suraty meniň üçin has täsin boldy. Sap-sary ýapraklaryň sergezdan şemalyň ugruna gaýyp baryşlary ýaly, gyzyň barmaklary kagyzyň ýüzünde iki ýana hereket edýärdi. Suratkeş gyz tebigatyň gözelligi bilen birlikde, paýtagtymyzyň ajaýyp keşbini hem surata geçiripdir. Şeýle gözelliklere aňkaryp, duralganyň deňinden tas geçip gitjek ekenim. Birden «Duralga» diýen ýazga gözüm düşäýdi. Pikirler ummanyna gark bolup durşuma, duralga awtobusyň gelenini hem duýmandyryn. Awtobus duran badyna münüp, boş ýere geçip oturdym. Indi meni hemmäni özüne çekýän başga bir täsinlik, ýagny şäherimiziň gözelligi, daş-töwerekdäki her dürli çyralar bilen bezelen şekiljikler haýrana goýdy. Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli daş-töwerekde her hili bezegleri, şekilleri, sazlaşykly ajaýyplygy döredýän dürli reňkli çyralary isledigiňçe synlamak bolýar. Şeýle bir owadan bezelipdir welin, olardan gözüňi aýyrasyň gelenok. Adamlaryň ählisi baýramçylyk ruhunda. Olaryň mähirli ýüzlerine şatlyk nury çaýylan. Ähli ildeşlerimiz Täze ýyl baýramçylygyna taýýarlanýarlar.

Gysga wagtyň içinde gören gözelliklerimiň bary söýgi bilen aňyma ornaşyp, buýsanç bolup kalbyma möhürlendi. Şeýle gözellikleri synlap barşyma, paýtagtymyzdaky «Altyn asyr» harytşynaslyk merkeziniň deňine ýetipdirin.

Söwda merkezinden özüme gerek harytlary satyn alyp, öýe tarap ýola düşdüm. Aralyk o diýen daş bolmansoň, adaty endigime eýerip, şäheriň gözelligini synlap, pyýadalap gaýtdym. Daşarda eýýäm çalaja garaňky gatlyşyp başlapdy. Paýtagtymyzyň gijeleri hasam owadan. Şol wagt gyş şemaly ýüzümi sypap gitdi. Az salymdanam Asman begenjime goşulyp, ak nuruny sepeläp başlady. Garyň astynda ýöremegi çagalykdan hem gowy görýärdim. Asmandan inýän ak garyň astynda arzuw etseň, arzuwlaryň hasyl bolýar diýýärdiler. Bu meniň çagalyk ynanjym. Men ýene çagalyk ýyllaryma dolanyp, Asmandan ýere gaçýan ak gara seredip, ýurdumyza hemişe abadançylyk, halkymyza erkana durmuş, egsilmez bagt arzuw etdim. Özi-de şol wagt batly sesim bilen «Heýjanelek!» diýip gygyrasym geldi. Şol pursat bagtyň şeýle ajaýyp keşbiniň müdimilik üýtgewsiz galmagyny isledim.

Durmuş kitabymyň sahypasynda orun tapjak bu gün, meniň üçin hiç haçan ýatdan çykmajak wakalara doly boldy. Men bolsa şeýle bagtly pursatlary gündeligime ýazmaga howlukdym...

 

Selbi Aşirowa.

  • 43
  • 31.12.2020