MAKALA

Uzakdan ýollanan gutlaglar

Bosagada – Täze ýyl. 2021-nji ýyl. Ýene sanlyja wagtlardan süýjüden-süýji habarlary buşlap gelýän täze 2021-nji ýyl mähriban ojaklaryň bosagasyndan ätlap, ähli ynsanlaryň ýüreklerinde beslän arzuwlaryna sary gadam basar. Täze ýyl arzuwlaryň amala aşýan baýramçylygy. Bu baýramçylyga çagalardan başlap uly ýaşly gojalara çenli sabyrsyzlyk bilen garaşyp, ýüreklerinde beslän arzuwlarynyň hasyl bolmagy üçin dileg edýärler. Biri-birine gol berip, tirkeşip gelýän arzuwlaryň hasyl bolşy hakynda kän eşidenem bolsam, indi oňa gözli şaýat.

Atamyrat Aşyrmedow,

Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň harby gullukçysy:

— Her kimiň sabyrsyzlyk bilen garaşýan Täze ýyl baýramçylygyna ýene sanlyja wagt galdy. Köp zady buşlap gelýän täze ýylyň ilkinji minutlarynda ynsan ýüreginde beslän arzuwlaryny zol-zol gaýtalap, onuň hasyl bolmagyny dileg edýär. Ýadyma düşýär. 9 ýaşymdadym. Täze ýyl baýramçylygyna sabyrsyzlyk bilen garaşyp, teleýaýlymda berilýän gutlaglary diňläp otyrdym. Şol wagt mawy ekranda ilatly nokatlardan uzakda gulluk alyp barýan edermen esgerler öz mähribanlaryny baýramlary bilen gutlaýardylar. Mähirli gutlaglardan soň, çagalykdaky arzuwlarynyň hasyl bolandygyny hem ýatladylar. Uzak ýyllaryň gujagynda ýaşaýan arzuwlaryň hasyl bolanyna begenip, menem şol pursatda geljekde  serhetçi serkerde bolmagy arzuw edipdim. Arzuwym amala aşdy. Ynha, täze 2021-nji ýyly öz gulluk alyp barýan serhet galamyzda maşgalam bilen garşy alyp, öz mähribanlaryma Täze ýyl gutlaglaryny ýollaryn. Goý, täze 2021-nji ýyl türkmen halkyna bagt, şatlyk, söýgi getirsin! Ýurdumyz asuda, ilimiz aman bolsun, her bir ojakda çaga gülküsi ýaňlanyp dursyn!

Begli Çaryýew,

Türkmenistanyň Serhet institutynyň harby talyby:

— Her gezek Täze ýylyň bosagasyndan ätlänimde çagalyk ýyllarym serime dolýar. Ýetginjeklik döwrüm kakamyň harby gullugy sebäpli, Täze ýyl baýramçylygyny ata Watanymyzyň başlanýan ýerinde garşylaýardyk. Kakam her Täze ýylda Aýazbabadyr Garpamyk hut biziň ýaşaýan ýerimizden, ýagny serhetden gelýändigi, soň ýurdumyzyň başga künjeklerine rowana bolýandygy hakynda kän rowaýatlary gürrüň beripdi. Men bu rowaýata çynym bilen ynanyp, öz arzuwlarymy ak kagyza ýazyp garaşýardym. Aý, bu çagalyk ynanjym-da. Şol ak kagyza siňen arzuwlarym hasyl boldy. Ynha, Täze ýyly harby lybasda serkerdelerim, talyp ýoldaşlarym bilen garşy alýaryn. Pursatdan peýdalanyp, täze 2021-nji ýyl bilen hormatly Belent Serkerdebaşymyzy, türkmen halkymyzy, mähribanlarymy tüýs ýürekden gutlaýaryn! Goý, bu Täze ýylda ak kagyza ýazylan arzuwlar hasyl bolup, halkymyza şatlyk paýlasyn!

Döwran Babaýew,

Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň çagyryş boýunça harby gullukçysy:

— Durmuşda adamyň arzuwlaryny aňyrsy-bärsi görünmeýän uly bir ummana meňzedýärin. Sebäbi arzuwlar hasyl bolmak üçin döreýär. Çagalykdan suratçy bolmagy arzuw edýärdim. Her Täze ýyl baýramçylygynda öýümiziň golaýyndaky arçany, ony bezeýän oýnawaçlary, Aýazbabadyr Garpamygy uly höwes bilen çekip, onuň gapdalyna öz çagalyk arzuwlarymy ýazardym. Üstünden näçe ýyl geçenem bolsa, şol çeken suratlarym hiç haçan ýadymdan çykanok. Sebäbi ilkinji çeken suratym hem Täze ýyl arçasydy. Ynha, bu gün bolsa serhetçiniň harby lybasynda men ýene-de Täze ýyl baýramçylygyny wasp edýän suratyň başynda. Arzuwym wysalyna gowşup, men söýýän hudožniklik kärimiň eýesi boldum. Çekip oturan suratym bolsa, çagalyk ýyllarymdakylardan has kämil. Ýöne näme üçindir çagalygymdan ýadygär galan şol suratlar meniň gözüme has yssy. Sebäbi ol suratlar meniň durmuş hakyndaky arzuwlarymyň kagyz ýüzündäki ilkinji beýany. Şu suratyma-da geljek sansyz Täze ýyllaryň tutuş ynsanyýete diňe gowluklary bagyş etmek hakyndaky hyýallarymy siňdirdim. Täze ýylyňyz gutly bolsun!

Ýürekden edilen arzuwlaryň hasyl bolşy hakynda harby gullukçylarymyzyň ýatlamalaryny okaýarkam, olaryň çagalyk durmuşy edil kino ýazgylary ýaly göz öňüňde janlandy. Şol wagt ynsanlaryň uzak-uzak ülkelere rowana bolýan arzuwlarynyň elmydama hasyl bolmagyny diledim. Ýürekden edilen şol arzuwlaryň hasyl bolmagy üçin bagtyýar zamanamyzda hormatly Belent Serkerdebaşymyz ähli mümkinçilikleri döredip berýär. Olaryň hormatly Belent Serkerdebaşymyza aýdýan alkyşly sözlerinde-de bu has aýdyň duýulýar.

Goý, Täze ýyl türkmen halky üçin edilen ähli arzuw-hyýallaryň hasyl bolýan ýyly bolsun!

Goý, Täze ýyl mele topraga täzeliklerini boldan eçilsin!

Goý, Täze ýyl her bir ojagyň bosagasyndan bagt bolup ätlesin!

Täze ýylyňyz gutly bolsun!

 

«Serhet abat — Döwlet abat».

  • 68
  • 31.12.2020