MAKALA

Sanly bilim — täzelenişi we döredijilikli ösüşi işjeňleşdiriji güýç

Ýagşy arzuw-umytlar bilen gadam goýan «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň ilkinji günlerinde hormatly Prezidentimiziň üstünlikli durmuşa geçirýän bilim diplomatiýasynyň dabaralanýandygyna çäksiz buýsanjymy watandaşlarymyz bilen paýlaşasym gelip, elime galam aldym. Şonda ilkinji bolup serime dolan pikir döwlet Baştutanymyzyň ýaşlara ösen dünýäniň derejesinde kämil bilim bermek üçin edýän köpugurly tagallasy boldy. Şol tagallanyň netijesinde milli bilim ulgamymyzda durmuşa geçirilýän düýpli özgertmeler mugallymlaryň döredijilikli işlemekleri, ýaş nesillerimiziň kämil bilim almaklary üçin giň mümkinçilikleri açýar.

Bilim ulgamyna aýratyn üns berýän döwlet Baştutanymyzyň ýardamlaryndan hem-de sargytlarydyr öňde goýýan wezipelerinden ruhlanyp işleýän mugallymlar ýokary bilimli, giň dünýägaraýyşly ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek, olaryň bilim derejesini häzirki zamanyň ylmy gazananlaryna laýyk ösdürmek maksady bilen, zehin-ukyplaryny orta goýup işleýärler. Elbetde, munuň üçin dünýä bilim ulgamynda peýdalanylýan bilim bermegiň häzirki zaman usulyýetlerinden we okatmagyň iň täze tehnologiýalaryndan peýdalanmak zerurdyr. Hormatly Prezidentimiz bu babatda: «Başarjaň, ählitaraplaýyn bilimli hünärmenleri taýýarlamagy ýaşlykdan başlamalydyr. Mundan beýläk Türkmenistanda, şäher ýa-da obadygyna garamazdan, multimedia tehnologiýalary we internetiň bütindünýä habarlar ulgamyna birikdirmek göz öňünde tutulmadyk mekdepler we çagalar bagy ulanyşa kabul edilmez» diýmek bilen, bilim ulgamynyň işgärleriniň öňünde anyk wezipeleri goýdy.

Hormatly Prezidentimiziň bilim berlişiniň hilini ýokarlandyrmak barada aýdanlaryndan ugur alnyp, häzirki döwürde ýurdumyzyň orta we ýokary okuw mekdeplerinde hil taýdan giň gerimli özgertmeler amala aşyrylýar. Halkymyzyň özboluşlylygyny we milli aýratynlyklaryny hasaba almak bilen orta, orta hünärment we ýokary okuw mekdeplerini döretmek baradaky garaýyşlar işjeň durmuşa ornaşdyrylýar, okuwçylary watançylyk ruhunda terbiýelemek boýunça möhüm ähmiýetli pedagogik-terbiýeçilik işleri geçirilýär. Şeýlelikde, bilim berilýän ýaş nesilleriň şahsyýet hökmünde we durmuş taýdan kämilleşmegi ugrunda meýilnamalaýyn işler alnyp barylýar. Bularyň ählisi orta we ýokary okuw mekdeplerimizde bilimiň mazmunyny kämilleşdirmäge oňyn täsirini ýetirip, häzirki zaman bilim derejeli täze nesliň kemala gelmegini, olaryň dünýäniň habarlar we medeni giňişligine goşulyşmagyny üpjün edýär. Çünki hormatly Prezidentimiziň aýdyşy ýaly: «Diňe maksada okgunly, ýokary bilimli adamlar her bir işe döredijilikli çemeleşýärler, öz borçlaryny şu günüň talaplaryndan ugur alyp ýerine ýetirýärler, islendik işe batyrgaý we hyjuwlylyk bilen başlaýarlar». Şeýle adamlary terbiýeläp ýetişdirmegiň öz gözbaşyny kämil bilimden, edep-terbiýeden alýandygy bolsa, bu günki gün mugallymlaryň has-da jogapkärli bolmalydyklaryny aňladýar.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň amal edýän öňdengörüjilikli syýasatynyň esasy maksady ilatymyzy ýaşaýyş derejesi boýunça ösen döwletleriň hataryna goşmakdan ybarat. Bu maksady durmuşa geçirmegiň ilkinji şertiniň hem kämil bilimli şahsyýetleri kemala getirmekdedigini nygtap, milli Liderimiz şeýle belleýär: «Ata Watanymyzyň abraý-mertebesiniň belentliklere göterilýän häzirki döwründe täze sepgitler, beýik ösüşler, ilkinji nobatda, bilimli, ylymly nesliň güýji bilen gazanylýar». Şu jähetden ählihalk saýlawlarynda halkymyzyň biragyzdan ses bermegi bilen Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine girişip, kabul eden ilkinji resminamasy hem «Türkmenistanyň bilim ulgamyny kämilleşdirmek hakynda» Kararydyr. Milli Liderimiziň bu Karary ýurdumyzyň bilim ulgamynda alnyp barylýan işleri mazmun we gurluş taýdan düýpgöter täzeçe guramakda öwrülişikli pursat bolmak bilen, geljekde bu ugurda durmuşa geçiriljek netijeli işleriň binýadyny goýupdy. Şeýle hem şol Karar geljekde ýurdumyzy köpugurly ösdürmegiň bilime, ylma baglydygynyň beýany bolupdy.

Döwletleriň üstünlikli öňegidişligi ylmyň we bilimiň ösüş derejesi bilen kesgitlenýär. Sebäbi ylmyň we bilimiň her bir döwletiň ösmegi üçin egsilmez güýçdügi ikuçsuzdyr. Bu hakykaty göz öňünde tutup, Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň orta, ýörite orta, ýokary okuw mekdeplerine sanly bilimi ornaşdyrmak ugrunda giň möçberli işleri alyp barýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ähli künjeklerinde köpsanly çagalar baglary, orta, ýörite orta we ýokary okuw mekdepleri gurulýar, olar häzirki zamanyň ösen innowasion enjamlary we tehnologiýalary bilen üpjün edilýär. Ýaşlarymyzyň dünýä derejesinde bilimli, ylymly nesiller bolup ýetişmegi we häzirki zaman ylmynyň gazananlaryna mynasyp goşandyny goşmagy üçin ähli şertler döredilýär. Şeýle-de, hormatly Prezidentimiziň tagallalary esasynda biziň ýaşlarymyz daşary ýurtlaryň meşhur ýokary okuw mekdeplerinde bilim alyp, öz kärine ussat hünärmenler bolup ýetişýärler.

Ýeri gelende aýtsak, berkarar döwletimiziň ösüş ýolunyň täze belentliklerine ýetmeginde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň paýyna hem örän möhüm wezipeler düşýär. Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjiligi esasynda ýurdumyzda köpsanly döwrebap, sanly bilimi ornaşdyrmak üçin ähli mümkinçilikleri bolan uniwersitetler hem-de institutlar açylyp, olarda talyplar dürli hünärler boýunça bilim alýarlar. Iň buýsançly ugurlaryň biri hem, talyplaryň kämil bilim almaklary üçin ähli amatlyklar göz öňünde tutulyp gurlan we ösen innowasion enjamlar bilen üpjün edilen şeýle bilim ojaklarynyň sany ýylsaýyn artýar. Olarda ýokary hilli bilim almak hem-de ylym bilen meşgullanmak, dünýäniň meşhur ylym, bilim merkezleri bilen aragatnaşygy ýola goýmak, maglumat alyşmak üçin zerur şertler döredilýär.

Şu ýerde ýurdumyzyň bilim ulgamynyň ähli gurluşlarynyň döwletimiz tarapyndan doly goldaw alýandygyny-da aýtmak isleýäris. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen indi her ýyl ýurdumyzda häzirki zamanyň iň ösen okuw-usulyýet enjamlary bilen üpjün edilen umumy bilim berýän mekdepleriň, orta hünärment we ýokary okuw mekdepleriniň birnäçesini açyp, ulanyşa bermek hem asylly däbe öwrüldi. Muňa aýdyň mysal hökmünde, ýaňy tamamlanan «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň edara binasynyň, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sportuň olimpiýa görnüşleri fakultetiniň binalar toplumynyň, şeýle hem 21-nji ýöriteleşdirilen terbiýeçilik-okuw mekdebiniň açylandygyny uly buýsanç bilen aýdyp bileris.

Milli Liderimiziň baştutanlygynda ata Watanymyzyň bilim ulgamynda amala aşyrylýan başlangyçlar özüniň ajaýyp netijeleri bilen meşhurlyga eýe bolýar. Ýurdumyzyň milli bilim ulgamynyň ähli ojaklarynda: mekdebe çenli çagalar edaralarynda, başlangyç, orta, ýörite hünärment we ýokary okuw mekdeplerinde okatmagyň usulyýeti, şertleri, hili düýpli özgerdildi. Bu günki gün ýurdumyzyň ähli künjeklerinde häzirki zaman çagalar baglary, orta mekdepler, sport toplumlary açyldy we öz işlerini üstünlikli alyp barýarlar. Olar okatmagyň iň bir öňdebaryjy tehnologiýalary — täze kompýuterler, dürli okuw-usulyýet enjamlary, bütindünýä habarlar ulgamyna birikdirilen internet ulgamly okuw otaglary bilen enjamlaşdyrylandyr. Elbetde, bu zatlar täzelenişi we döredijilikli ösüşi işjeňleşdiriji güýç hasaplanýan sanly bilimi ornaşdyrmak işini çaltlandyrmaga oňyn täsirini ýetirýär.

Ýurdumyzy mundan beýläk-de täze belentliklere çykarmak maksady bilen döwlet Baştutanymyz giň dünýägaraýyşly, edep-terbiýeli, ýokary bilimli häzirki zaman ýaşlaryny kemala getirmek üçin yzygiderli alada edýär. Şu babatda hormatly Prezidentimiziň 2013-nji ýylyň 1-nji martynda gol çeken «Türkmenistanda bilim ulgamyny kämilleşdirmek hakynda» Permany halkymyzyň buýsanç hem guwanç duýgusyny has-da joşdurdy. Döwlet Baştutanymyz bu Permana laýyklykda, Türkmenistanda 12 ýyllyk umumy orta bilime geçmegiň Konsepsiýasyny tassyklaýan Karara gol çekdi. Bu taryhy Permanyň we täze Konsepsiýanyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bilen çuňňur bilimli, Watana we halka wepaly, maksadaokgunly, zähmetsöýer, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüne mynasyp zehinli şahsyýetleri terbiýeläp ýetişdirmek boýunça netijeli işler durmuşa ornaşdyrylýar. Täze bilim Konsepsiýasynyň kabul edilmegi Türkmenistanda ýaş nesliň dünýä ülňülerine laýyk bilim almaklary we ýurdumyzyň ösüşlerine mynasyp goşantlaryny goşjak kämil ylymly, giň dünýägaraýyşly raýatlary bolup ýetişmekleri üçin ähli zerur şertleriň döredilýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr.

Bu beýik ädimler ýurdumyzda maglumat-aragatnaşyk infrastrukturasyny ösdürmegiň we il-ýurt hem-de bütindünýä ähmiýetli ylmy açyşlary etmäge ukyply hünärmenleriň taýýarlanylmagynyň ýokary derejesini üpjün edýär. Şeýle hünärmenler bolup ýetişmek düýpli ylmy, syýasy we hukuk taýdan ýokary medeniýeti, ösen dünýägaraýşy talap edýär. Ol bolsa innowasiýalara, ylmyň täze gazananlaryna we usulyýetlere goşulyşmazdan mümkin däldir.

Milli bilim ulgamymyzyň dünýäniň bilim giňişligine goşulyşmagy häzirki wagtda hünärmenleri taýýarlamak üçin täze ugurlary we wezipeleri kesgitledi. Olaryň hatarynda häzirki zaman hünärmeniniň zähmet bazaryndaky bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak we halkara ölçeglerine laýyk hünär derejesini ele almak wezipesi bar. Şunuň bilen baglylykda, jemgyýetiň maglumatlaşmagy şertlerinde ýokary hünär başarnygyna ukyply hünärmenleri taýýarlamagyň möhüm şerti hökmünde daşary ýurt dillerini öwretmek meselesine hem aýratyn üns bermek zerur bolup durýar.

Goý, ýurdumyzyň bilim ulgamyny sanlylaşdyrmak arkaly innowasion usulyýetleri ornaşdyrmaga giň ýol açan, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň orta we ýokary okuw mekdeplerini dünýäniň öňdebaryjy, kämil innowasion tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrýan Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolup, il-ýurt we dünýä ähmiýetli beýik işleri mundan buýana-da rowaç alsyn!

 

Batyr Myradow,

«Türkmen dünýäsi» gazetiniň baş redaktory,

pedagogika ylymlarynyň doktory.

  • 48
  • 05.01.2021