MAKALA

Hoş niýetler

Arzuwlar hol göge galypdyr bu gün,

Milliard göwünleriň çogup göwsünden,

Täze ýyl gapyda deňlände egin,

Dileg ediň, iň gowsundan, gowsundan.

 

Bezemen arçalaň ýyldyzly goýny,

Geljek günler üçin öwrülip yşka.

Göwünler göwünden suw içip dursun,

Ömür menzilleri ogşaýyp goşga.

 

Ýar ýara gowuşsyn, gujak perzende,

Gelsin çar tarapdan şatlygyň sesi.

Ýazlar ýüreklerden başlanyp gitsin,

Gülden doldurmaga belendi-pesi.

 

Açylsyn saçaklar mydam myhmana,

Gapylarmyz buşluk bilen kakylyp.

Goý, dosta gidilsin, dostdan gelinsin,

Hoş niýetler ak gül kimin dakylyp.

 

Çagalaryň ýüzi gülsün, ýylgyrsyn,

Çünki olar güllerimiş Zeminiň.

Täze ýyl şeýle bir ajap ýyl bolsun,

Hut mährem käbeleň ýüregi ýaly.

 

Aknur Rozyýewa.

  • 50
  • 05.01.2021